22:05 Ukraina bellikleri | |
UKRAINA BELLIKLERI
Publisistika
• Ukraina gitdik, gördük we ýazdyk... Prezident Taýýip Erdoganyñ resmi saparyndan iki gün öñ "Ulusal Kanal"-yñ işgärleri bolup Ukraina gitdik. Duşuşygyñ bolan şäheri Kiýewde Ukrainanyñ syýasy-ykdysady pulsuny barlap gördük. Hemmesini gürrüñ bermekçi. Ukraina gidenimizde has owalky birnäçe mysalda bolşy ýaly näme bolýandygyny (näme ediljek bolýanyny) bilýärdik, gidensoñ-a şol bilýän zatlarymyzyñ hakykatdygyna ymykly göz ýetirdik. Ol ýerde soñ öwrenen zatlarymyzam boldy elbet. Mysal üçin, güzeranyny zordan dolaýan Ukrainanyñ aslynda dünýäniñ iñ uly üçünji däne ammaryna eýedigini we ýer ýüzüne "gije durmuşy" arkaly tanadylan halkyñ agramly böleginiñ daýhançylyk edýändigini. •UKRAINADA NÄME BOLÝAR? Ilkinji nobatda köpiñiz Günbataryñ "Russiýa Ukrainany basyp aljak bolýar" ýalany bilen Ukrainany Russiýanyñ üstüne küşgürmeginiñ hemme zadyñ başy diýip pikir etmegiñiz mümkin, ýöne bu beýle däl. SSSR-den bölünip aýrylandan soñ Günbataryñ Russiýanyñ garşysynda dowamly galkan edilmek islenen Ukraina birnäçe ýyllap şu ýalan bilen ýatyp-turýar. Kiýewde uzak wagtlap işläp ýören türklere we ukrainaly ýerli ýaşaýjylara "Russiýa ýurdy basyp alar öýdýärsiñizmi?" diýip soradyk. Soragymyza gülüp jogap berenleriñ sanynyñ köp bolandygyny aýtmak bilen bir hatarda bize aýdylanlar şeýle: "2014-nji ýyldan bäri "şu ýyl çozjakmyşyn, indiki ýyla galdy, şu aý hökman çozjakmyş..." diýip aýdylyp gelinýär, ýöne hiç zat bolmady. Biz indi bu ýalan öwrenşiberdigem." Biziñ gören zatlarymyzam berilen jogaplary tassyklaýardy. Rus okkupasuýasyna garaşylmaýşy ýaly Kiýewde durmuş kadaly ýagdaýda we hiç hili çäklendirmeler ýok. Hemmeler işe gidip-gelýär, metrolar we awtobuslar gül ýaly gatnap dur, köçeleriñ ugry, kafe-barlar, söwda merkezleri adamdan doly. • UKRAINADA ARTAN LAPYKEÇLIK ABŞ-nyñ başyny çeken Atlantik pakty Ukrainany Russiýanyñ üstüne küşgürip, bir tarapdanam ony NATO-nyñ agzalygyna aljakgygy barada soñy görünmän wadalary beripdi. Emma ABŞ hemişeki bolşuny edip, öz urşy we bähbitleri üçin küşgüren Ukrainasyny-da ýarpy ýolda goýdy. Goşun ugradarys sözi Russiýanyñ aýgytlylygynyñ garşysynda sanksiýalara öwrüldi. NATO agzalygy-da garaşylyşy ýaly howada galdy. Uruşmaga meçew berendigine garamazdan Ukraina goşun ýollamaýan Atlantik pakty özleri üçin ölmegine garaşylan ukrainalylara ýarag ugratmagy welin ýatdan çykarmady. ABŞ-nyñ näme gaýyrýandygyna düşünmäge başlan ukrain hökümeti ahyrsoñunda Baýden hökümetine "çozuş propogandasy ykdysadyýetimize zyýan berýär" diýip nägileligini bildirdi. Kiýewde göreşen ukrain žurnalistlerimiz we halk köpçüligi-de ýolbaşçylary ýaly lapykeçlik içindedi. Şu meseläni gozganymuzda belläp alan bir jogabymh siziñ bilenem paýlaşaýyn. Kiýew meýdanynda kiçijik market ýöredýän bir ukrain telekeçisi şeýle diýdi: "Günbatar hemişeki gylygyny edýär, bizi dinibir rus doganlarymyz bilen uruşdyrjak bolýar we gynansak-da ýolbaşçylarymyz muña aldanýar. Nähili ýalñyşandyklaryna uruş tursa düşünerler". • ERDOGANYÑ KIÝEW SAPARY Prezident Taýýip Erdoganyñ Ukraina saparyndan iki gün öñinçä Kiýewdedik. Ukrain metbugatyna göz aýlanymyzda Erdoganyñ resmi saparyna ep-esli orun berlendigini gördük. Habarlarda we teswirlerde Ukrainanyñ Prezidentiniñ Türkiýä hoşallyk sözi we Türkiýäniñ Ukraina saparyndan öñ alşylan habarlaşmalar paýlaşylýardy. Resmi sapary ýakyndan synlamak üçin sebitden we halkara habarlar agentlikleriniñ wekilleri-de Kiýewdedi. Biz bolsa sapardan öñ alşylan habarlaşmalardaky jikme-jikliklere we duşuşykdan soñ geçiriljek bilelikdäki çykyşa ünsümizi gönükdirdik. Hökümetiñ sapardan öñ beren bir signaly diýseñ ünsi çekijidi. Prezident Taýýip Erdogan Kiýewe hereket etmezden öñ howa menzilinde eden çykyşynda Russiýanyñ we Ukrainanyñ "çozuş ýok, uruş islämzok" sözlerini ýatlatdy. Ýagny Erdogan iki ýurduñ islemeýän urşuny başgalary gorjaýar" diýen signaly berdi. Duşuşykdan soñ nähili signal berilmelidi? Kiýewe gelen Prezident howa menzilinde garşylanandan soñ ilki näbelli esgeriñ ýadygärligine zyýarat etdi. Soñra "Marinsk" köşgünde kärdeşi Zelenskiý tarapyndan dabaraly garşylandy. Ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bir sagat meýilleşdirilen duşuşyk iki sagat kyrk minuda çekdi. Gol çekilen şertnamalar üçin gurnalan dabaradan soñ iki lider beýannama berdi. • KIÝEW SAPARYNDAN SOÑ ÜNSI ÇEKEN SIGNALLAR Duşuşykdsn soñky birinji çykyşy Ukrainanyñ Prezidenti etdi. Ol has öñki çykyşlaryndaky birmeñzeş sözleri ulandy. Kesgitli signal bermedi. Erdogan bolsa sözüne Russiýa bilen çapraz meselelerinden Ukrainanyñ territorial bitewiligi we Krym meselesi bilen başlady. AGİT missiýasy we MİNSK-e goldaw, Ukraina bilen strategik hyzmatdaşlygyñ has-da ösmegi üns çeken beýleki signallardy. Erdogan has öñ Putine we Zelenskä Türkiýede geçiriljek liderler duşuşygy teklibine iki ýurduñ tehniki gepleşiklerine ýer eýeligini etmegini-de goşdy. Berilen beýannamalara, hususanam Krym düşündirişine duşuşygy ýakyndan synlan Kremliñ näme jogap berjekdigi ara alnyp gürleşilýärkä, Erdogan esasy signaly Kiýewden gaýdyp gelýärkä uçarda žurnalistlere berdi. ABŞ-nyñ başyny çekýän Günbatara nägileligini bildiren Erdogan "çözgüde goşant goşman, gaýtam diñe çomak sokýar" diýdi. • UKRAINADA NÄME BOLARKA? Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putiniñ Türkiýä resmi saparyndan soñ hasam anyklaşan "näme bolarka?" sowalynda diplomatiýa atgaýtarym öñde bolsa-da, Günbataryñ Donbasda prowokasiýa edäýmegi ähtimallygy-da bar. Çünki, meçew bermeleriñ şu ýyl şunça köpelmeginiñ astynda Owganystandan kowulan, Günbatar Aziýada ýeñilen we täze dünýä düzgüninde öñe saýlanan Aziýa garşy çöküşdäki güýje wekilçilik edýän Atlantik paktynyñ Günbatar Aziýa syrtyny direme we Ýewropada ýitiren abraýyny täzeden dikeltme tagallasy ýatyr. Başarybilse-hä Atlantik pakty Garadeñizde ilki ornaşmagy, soñra giñemegi göz öñüne tutýar. Bu meselede ABŞ-nyñ golunda ýakyn ýaranlary Angliýa bolsa-da, Kanada bolsa-da bir döwür dolandyran NATO-syny ýanyna çekip bilenok. Garşysynda bolsa Russiýa göwüs gerip dur. Pekinde berilen soñky görnüşe we habarlaşmalara salgylanybam arkaýyn aýdyp bileris, Hytaý Halk Respublikasy-da Atlantik paktyna garşy Russiýanyñ ýanynda. Bärde Kiýew duşuşygyndan soñ pakta "çomak" bulaýlan "Türkiýäniñ pozisiýasy nähili bolmaly?" sowalynyñam uly ähmiýeti bar. •TÜRKİÝÄNIÑ POZISIÝASY NÄHILI BOLMALY? Hökümetiñ Garadeñize we sebite täsir etjek Atlantik küşgürmelere garşy emele gelen frontda bolmagy bähbitleri üçin diñe bir çykalga däl-de, mejburylyk! Gutarnykly çözgüt üçin Ukraina Atlantik lagerinden goparylmaly, Russiýa we sebit bilen ýakynlaşdyrylmaly. Türkiýe özüne abanýan howplary-da göz öñüne tutup, Günbatara garşy hasam ýakynlaşan Russiýa-Hytaý we Eýran ýaranlygyny Gündogar Ortaýer deñzinde ýanyna almagy zerur. Sag bolsunlar, çözgüdiñ maksatnamasyny-da ýene "Watan" partiýasy birnäçe ýyl öñ mälim edipdi. Türkiýäniñ ýol görkezijisi boljak syýasat "Garadeñiz-Ortaýer deñizi Dostluk we parahatçylyk maksatnamasy" adyny göterýär. Atlantik bileleşigiñ däl-de, Türkiýäniñ bähbitlerini öñe tutýan bu maksatnama durmuşa geçirilip başlansa, meseleleriñ nähili çözülýändigini dost-duşman hemmesi görer... Deniz ADALY. 06.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||