21:06 Ýanýoldaşyñyz size ikilik edýärmi? | |
ÝANÝOLDAŞYÑYZ SIZE IKILIK EDÝÄRMI?
Psihologiýa
MESELE DÄL: BURNUNDAN IKLI GAN GETIRIP BILERSIÑIZ... Adamyñ başyna gelip biljek iñ erbet zatlaryñ birem - ýanýoldaşyñ aýagyny gyşyk basmasy bolsa gerek. Aýal ýa erkek - tapawudy ýok, ýanýoldaşyña ikilik etmek - sözüñ doly manysynda haramzadalykdyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýeri, siziñ ýanýoldaşyñyz nähilikä, bilesiñiz gelýärmi? Onda, şu aşakdaky testi jogaplañ: 1. Ýanýoldaşyñyza gijelerine ogryn-dogryn sms-ler gelýärmi we ol muña "Aý, işdenlaý, dostum (joram) we ş.m." diýýärmi? ✔ Hawa, her gün agşam gelýär. ✔ Kämahal şular ýaly sms gelýär. ✔ Aý, ýok, bular ýaly zat bolanok. 2. Partnýoryñyzy ýoldan barýarka owadan zenana (ýa gelşikli erkege) seredip durka gördüñizmi? ✔ Hawa, her günem görýärin. ✔ Seredibersin, hiç zadam bolmaz. ✔ Ýok, görmedim. 3. Ýanýoldaşyñyzyñ zol-zol "Selbilere köýnegini tikdirmäge" ýa-da "Myratlara top oýnamaga" gidýän wagty bolýarmy? ✔Hawa-la, her hepde şeýle. ✔Olam mahal-mahal tanyş-bilişleriniñ ýanyna gidip, wagtyny hoş geçirmeli ahyry. ✔ Ýo-ýok, meniñ ýeke-tägim hiçem beýdenok. 4. Size öñ şeýtmedik ýerinden birdenkä her dürli sowgatjyklar, gül desselerini almaga başladymy? ✔ Hawa, käwagt şeýle bolupdy. ✔ Meñ pikirimçe-hä, munda erbet zat ýok. ✔ Ýok, diñe belli-belli günlerde. 5). Saçagyñ başynda otyrsyñyz we ýoldaşyñyza jañ geldi... ✔ "Möhüm bir iş bardy" diýip beýleki otaga geçýär. ✔ Telefona jogap bermän, "men oña soñ özüm aýlaryn" diýip oñýar. ✔Ýanymda alyp, arkaýyn gürleşýär. 6. Ýanýoldaşyñyz iş saparyna gidende ýanynda owadan sekretarşasyny (ýa-da gelşikli kömekçisini, sürüjisini) alyp barýan bolsa... ✔Bu onuñ hemişe edýän zady. ✔Oña ýygy-ýygydan jañ edip, gürleşip durýaryn. ✔Bir ýere gidende köplenç meni-de äkidýär. 7. Partnýoryñyzyñ egin-eşiklerinde saçyñ tary tapylan wagty boldumy, ýa garşydaş jynsa degişli atyryñ ysy ýaly zatlar burnuñyza gelipmidi? ✔Hawa, köplenç duýýaryn. ✔Köpçülik bilen işleşýär. Bolaýjak zat. ✔Ýok, hiç gabat gelmedim. 8. Soñky wagtlarda size bolan gyzyklanmasy peseldimi? ✔ Hawa ✔ Belki-de, biraz ýeke bolasy gelýändir. ✔ Ýok, hemişe şeýle. 9. Aýdaly, ýanýoldaşyñyz öz dost-ýarlary (joralary) bilen daşary çykdy we siz oña jañ etdiñiz. Telefonyñ añyrsynda garşydaş jynsyñ sesi gelýärmiş... ✔ Bilmedim-dä, näme etsemkä... ✔ Dessine şo ýere giderin. ✔ Mesele däl. Men oña ynanýaryn. 10. Aýdaly, öýe ir geleniñizde, aýalyñyz sizi gaşy çytyk, äriñiz ýüzi açyk garşylaýar... ✔ Belki-de, erbet niýeti ýokdur. ✔ Şotaýdan derrew gaýdaryn. ✔ Dessine dogry düşündirerine garaşaryn. 11. Bir haýwany saýlañ ✔Keýik. ✔Ýyrtyjy delfin. ✔Angut guşy. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||