19:05 Ýaz arzaňy / degişme | |
ÝAZ ARZAŇY
Degişmeler
— Salawmaleýkim başlyk, aga… — Saglykmy? Oturyň! — Başlyk aga… — Näme başlyk aga at dakjakmy? Işe täze geldiňmi?! Dogrumy şol? — Dogry… ýok. — Dogry bolsa ýaz arzaňy! — Başlyk, neme… — Ýok, ýok. Beýdip sypjak bolma. Arada işde iki gün bolmadygam sensiň-le. Dogrumy?! — Neme… — Neme— däl, dogry. Dogry bolsa ýaz arzaňy. — Ba… — Ýok, ýok. Utanaňogam, işe mydama gijä galyp gelýäň! Dogrumy? — Dogry, başlyk neme… — Nemäňi bilemok, dogry bolsa ýaz arzaňy. — Başlyk, düş… — Düşnükli bolsa, bolýa. Düşnükli bolany gerek-dä! — Başlyk… — Ýoknasyzlygyňy edip ýanyňdakylara azar berýäň gerek. Berýäň! Dogrumy?! — Başlyk dogrusy… — Dogrudygyny bilemsoň diýýän-dä. Ýaz arzaňy! — Başlyk, menem bir diň… — Diňlemek nämä gerek! — Aýdylýan zatlar dogry dälmi?! — Däl diýjek bolamok, başlyk. Ýöne… — Sen däl diýibem gör! Dogrumy, dogry bolsa ýaz arzaňy. — Başlyk dursana… — Durjak däl. Aýdylýanlar dogry bolsa ýaz arzaňy. — Başlyk men işlämok sizde… — O nähili işläňok. O nähili işläňok. Işe geleňogammy asyl. Heý beýdämek bormy?! — Başlyk. Sizde meň aýalym işleýär. Oguljygymyz boldy. Dekret otpuska çykmaly. Dokumentlerini getirdim. — Ýaşy uzyn bolsun! Men seni biri bilen garjasdyrypdyrynow. Dogry bolsa ýaz arzaňy! — Şeý diý-dä başlyk! Bäşim GUTLYMYRADOW #"Oňaraýypdyr" Aşgabat "RUH" 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |