11:59 Ýedi ölçäp, bir kesmeli | |
ÝEDI ÖLÇÄP BIR KESMELI
Publisistika
Soňky döwürde taryhymyza, geçmişimize bolan gyzyklanma has artdy. Onlarça ýyllap bize öz taryhymyzy öwrenmegi, geçmişini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan däp-dessurlarymyzy ulanmagymyzy gadagan etdiler. Häzir şol zatlaryň köpüsi halka gaýtarylyp berilýär. Geçmiş taryhymyz barada indi professional taryhçylar däl, eýsem beýleki kärdäki adamlar hem ýazyp başladylar. Olaryň arasynda ol ýa-da beýleki wakalar, taryhyň giň halk köpçüligine belli bolmadyk sahypalary barada gyzykly maglumatlary äşgär edýänleri hem ýok däl. Köpçülik şonuň ýaly zatlary uly höwes bilen okaýar, oňa öz sesini goşýar. Emma olaryň arasynda ýüzleý ýazylan, çig-çarsy materiallaryň hem duş gelmegi lapyňy keç edýär. Golaýda şeýle materiallaryň biri bilen tanyşmak miýesser etdi. “Halk sesi” gazetiniň 1991-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynda hudožnik Amangeldi Hydyryň “Dähli hasraty” diýen makalasy çap edildi. Elbetde, Amangeldi Hydyryň taryhymyz bilen gyzyklanýanlygy gowy zat. Ýöne halkyň geçmişi, onda-da heniz ýarasy könelmedik, pajygaly wakalar bilen baglanyşykly geçmişi barada halka öz sözüňi aýtmazdan öň “Ýedi ölçäp, bir kesmeli”. Bu babatda öz şahsy duýgyňa basalyk berip, eger aýdýanyň hakykat bolaýanlygynda-da töwerekleýin derňäp, beýan edýän zadyň barada beýleki çeşmelerde bar bolan materiallary degşirip görmeli. Bu ugurdan spesialistler bilen maslahatlaşyp, soň ony halka hödürlemeli. Sebäbi gozgalýan mesele hut şeýle çemeleşmegi talap edýär. Makalanyň dowamynda awtor käbir gürrüňdeş bolan adamlarynyň atlaryny agzap, olaryň sözlerini öz beýan edýän zatlaryna güwänama hökmünde ulanypdyr. Ine, olaryň biri hem 54 ýaşyndaky Öwez Hudaýberdi. Dähli bilen baglanyşykly wakalar 1931-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçýär. Diýmek, şol wagtlar Öwez Hudaýberdi bu ýagty jahana inmänem eken. Onsoň özi dünýä inmezinden alty ýyl öň bolup geçen zatlar barada ol nähili edip hakykaty aýdyp bilsin?! Dogry, ol bu wakalar barada şol zatlary gören wakalara gatnaşan adamlaryň gürrüňlerini diňläp biler. Ýöne onuň kimdir birinden eşiden gürrüňlerine dokumental tutaryk ýaly garap bolmaz. Onsoňam, awtor Dählidäki wakany 1931-nji ýylyň jokrama yssyly tomsunda bolup geçen edip görkezýär. Emma taryhda-da, beýleki çeşmelerde-de şol iki taraplaýyn gazaply söweşiň bolan gününe çenli anyk habar berilýär. Iki tarapdanam köp sanly adam pidalaryna getiren şol ganly söweş 1931-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda bolup geçýär. Sentýabr bolsa güýzüň ilkinji aýy hasaplanýar. Elbetde, sentýabrda-da Türkmenistanda yssy bolýar. Ýöne ony tomus aýyna goşmak gerek däl. “Dähliniň çaýyndan adam gany sil bolup akypdyr...” diýen ýaly jümleler awtoryň hakykaty töwerekleýin derňemegiň ýerine öz duýgusynyň jylawyny özbaşyna goýberendigine güwä geçýär. Elbetde, bu ýerde “Dähli hasraty” makalasynyň düýpgöter salgylanman, dokumental materiallar bilen degşirip görülmän ýazylandygy barada ýene-de köp zatlary aýtsa bolardy. Ýöne biziň maksadymyz Amangeldi Hydyra makala ýazmagy öwretmek däl-de, eýsem halka hödürlenýän zadyň ynandyryjy bolmagydyr. Dähli guýusynyň ýanyndaky söweş Günbatar Türkmenistanda basmaçylara garşy göreşiň barşyndaky ýerli häsiýetli söweşleriň biridir. Bu barada arhiw materiallarda, beýleki käbir çeşmelerde takyk maglumatlar getirilýär. ...1931-nji ýylyň iýul aýynda Akguýuda basmaçylar bir topar sowet işgärlerini, magaziniň garawulyny, mugallymy hem-de beýleki aktiwistleri öldürýärler. Türkmenistan Merkezi Ispolnitel Komitetiniň çleni Gurbanseýidowy, Krasnowodsk raýon ispolnitel komitetiniň başlygy H.Garajaýew dagyny ýesir alýarlar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Akguýuda basmaçylar tarapyndan zalymlyk bilen öldürilen mugallym Şiri Gaýybow Tejenden bu ýere mugallymçylyk etmäge iberilipdi. Ol çarwa türkmenleriň çagalaryna uly höwes bilen hat-sowat öwredýärdi. Onuň ýalňyz mazary häzir Akguýy obasynyň golaýynda ýerleşýär. Şeýle wakadan soň bu ýere Türkmenistanyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakow hem-de TSSR-iň “Kolhozmerkez” prawleniýesiniň başlygy A.Begjanow dagy gelýär. Düşündiriş işlerini geçirýärler. Halky gyrgynçylyga sezewar edýän hereketleri bes etdirmek maksady bilen gepleşikler alyp barýarlar. Emma gepleşikler netije bermänsoň, Krasnowodsk hem Jebel meýletin otrýadlarynyň kömegi bilen (komandiri M.Poladow) Akguýyny hem-de onuň töwereklerini basmaçylardan arassalaýarlar. Şonda kolhozçylar N.Annagulyýew, A.Hudaýberdiýew, H.Hanberdiýew, B.Durdygylyjow dagy aýratyn batyrlyk görkezýärler. Akguýy töwereginde şeýle ýagdaýa düşensoň, basmaçylar demirgazyk tarapa yza çekilip, ýykgynçylyk işlerini alyp barýarlar. Çagyl, Tüwer, Dähli töwereklerinde hereket edip başlaýarlar. Olary yzarlap barýan milisiýanyň meýletin otrýadynyň suwy gutarýar. Töwerekdäki guýular bolsa basmaçylaryň ellerindedi. Şonda Ata Berdi ogly özi ýaly meýletinler bilen örän batyrgaý hereket edip guýyny eýelemegi başarýar. Olar üç günläp guýyny elde saklap, otrýady suw bilen üpjün edýärler. Bu batyrgaý hereketi üçin Ata Berdi ogluny TSSR Merkezi Ispolnitel Komiteti Hormatly ýarag bilen sylaglaýar. I.I.Lamanowyň komandirlik edýän otrýadynda üç sany tanketka bar eken. Olaryň biri gidip barýarka basmaçylar tarapyndan gazylyp, üsti basyrylyp, bildirmez ýaly edilen çukura- güpbasda gaçýar. Basmaçylar ylgaşyp gelip, tanketkany, onuň ekipažy bilen birlikde otlaýarlar. Sürüjem, pulemýotçam tanketka bilen bilelikde ýanýar. Aýgytlaýjy söweş 1931-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Dähli guýusynyň ýanynda bolýar. Şol söweşde basmaçylaryň Dähli toparlanyşygy dargadylýar. Şondan az wagt soň Lamanow hem basmaçylaryň okundan heläk bolýar. Ine, Dähliniň ýanyndaky söweş şeýle ýagdaýda bolup geçýär. Bu babatda respublikanyň içeri işler ministri bolup işlän, merhum Aşyr Muhammedowyň “50 ýyl öň hatarda” we beýleki kitaplarydyr makalalarynda jikme-jik gürrüň berilýär. Şu ýerde bigünä halky horlamazlykdan ötri ençeme gezek basmaçylar bilen gepleşikler geçirilendigini belläp geçmek gerek. Emma şol gepleşikler hiç hili netije bermeýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylaram biderek adam pidalarynyň bolmazlygy üçin alada baryny edipdirler. Ýene-de bir bellemeli zat: şol söweşden soň, awtoryň aýdyşy ýaly, töwerege dargan ilat yzarlanmandyr-da, ur-tut olary halas etmegiň ugruna çykylypdyr. Munuň üçin ýerli adamlardan ýörite toparlar, düzülip, olar azyk-suwluk ýüklenen düýeler bilen daş-töwerege onlarça kilometr aýlanypdyrlar hem-de köp adamlary, çaga-çugalary, aýal-gyzlardyr, garry-gurtulary halas edipdirler. Şol halas ediş toparyna gatnaşan adamlar Nebitdag şäherinde hem bar. Awtoryň makalasynda ýene bir geň galdyrýan zat, olam makaladan hiç hili netijäniň gelip çykmaýanlygydyr, okyjyny alasarmyk ýagdaýda galdyrýanlygydyr. Okyjynyň şeýle gümürtik ýagdaýa düşmeginiň esasy sebäbem gerekmejek adam pidalaryna getiren şol pajygaly ýagdaýyň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň aýyl-saýyl edilip görkezilmänligidir. Makalada şol pajygaly wakalaryň ýüze çykmagyna kim günäkär, onuň sebäpkäri kim-bu soraglar jogapsyz galýar. Başgaça aýdanyňda, makala adressiz gutarýar. Makalada basmaçylar, olara garşy söweşen meýletinçiler tarapyndanam nähak ölen adamlaryň nädogry ýörelgäniň, ideologiýanyň gurbany bolandygy barada netije çykarylan bolsa, ol hakykata laýyk gelerdi. Şol wagtlar halkyň öňüne düşen adamlaryň oýlanyşyksyz hereketleriniň şeýle adam pidalaryna eltendigi barada-da aýtmaly eken. Ilatyň öňüne düşen adamlaryň şol wagtky gapma-garşylykly wakalardan, syýasatdan dogry baş alyp çykyp bilmezlikleri, ýeke bir Dähli guýusynyň däl, eýsem onlarça Dähli ýaly guýularyň ýanynda şeýle pajygaly wakalaryň ýüze çykmagyna alyp bardy. Indi awtoryň şol ýerde ýadygärlik oturtmak hakyndaky teklibi barada. Ol ýerde kime ýadygärlik oturtmaly? Halky yzyna tirkän 4-5 sany adamyň aldawyna ynanyp, basmaçylara goşulan, soňam şu gerekmejek urşuň kime bähbitlidigine düşünmän heläk bolan adamlaryň hatyrasynamy ýa-da tanketkada diriligine gowrulan esgerlere, ýa bolmasa tüýs diýen wagty ömür tanapy üzülen mugallyma? Ýa-da bigünä öldürilen oba aktiwistlerine?! Şolaryň haýsysynyň hatyrasyna ýadygärlik bina etmelidigini Amangeldi Hydyr aýyl-saýyl etmeli eken. Sebäbi iki tarapdanam heläk bolanlaryň arasynda günälisinden günäsizi köp. Ýene-de awtor makalasynda “1992-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Hatyra gününi Dählide hem geçirmeli” diýýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazowyň Permany bilen geçen ýylyň ýanwarynda Hatyra güni ilkinji gezek bellenildi. Onda Garrygala, Saragt, Gazawat, Gökdepe we beýleki söweşlerde Watany gorap gurban bolanlaryň hatyrasy barada aýdylýardy. Dogrudanam, şol söweşlerde türkmen halkynyň merdana ogullarynyň müňlerçesi ar-namys üçin, Watan üçin, toprak üçin baş goýupdylar. Çünki olar ata Watany daşary ýurtly basybalyjylardan gorap gan döküpdiler. Şol merdana gerçekleriň hatyrasynyň tutulmagy göwne makuldyr. Şonuň üçinem ol Permany halkymyz uly makullamak, kanagatlanmak duýgusy bilen garşylady. Ölen-ýitenleriň hatyrasyny tutmagy hiç kim gadagan edenok. Ýöne Dähli guýusynyň ýanyndaky söweşi Garrygala, Saragt, Gazawat, Gökdepe ýaly söweşleriň hatarynda goýjak bolmak hiç bir jähtden tasa gelenok. Makalanyň ahyrynda “Halk sesi” gazetiniň Balkan oblasty boýunça öz habarçysy Taganmyrat Goňurowyň kommentarisi ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtoryndan tapawutlylykda kommentaride basmaçylyk hereketine, şol herekete garşy göreş diýlip gerekmejek adam pidalaryna ýol berlendigi barada käbir zatlar dogry bellenýär. Bu hereket, onuň döremeginiň kökleri hakynda Gaýgysyz Atabaýewiň aýdan sözlerinden mysal getirilmegi hem ýerlikli. Ol halkyň asyrlar boýy, dowam edip gelen durmuş ukladyny, däp-dessurlaryny zor bilen üýtgetmegiň nähili pajygaly wakalara eltip biljekdigi barada oýlandyrýar. Ýöne basmaçylyk hereketi, şol sanda Dähli barada-da türkmen awtorlarynyň hem birnäçe kitaplarynyň, makalalarynyň bardygyny ýene bir gezek ýatladasym gelýär. Kommentariý şol çeşmelere salgylanyp ýazylan bolsa, has jüpüne düşerdi. Gelejekde şunuň ýaly makalalar ýazylanda anyk faktlara salgylanylsa, wakanyň düýp özenine göz ýetirilse, hemmeler üçin bähbitli bolardy. Amangeldi Hydyryň bu ýazgysyny öz sahypasynda ýerleşdiren “Halk sesi” gazeti barada aýdanyňda bolsa, ol heniz bir ýaşynam dolduranok. Professional Soýuzlaryň organy bolan bu gazet turuwbaşdan okyjylary özüne çekmek maksady bilen şunuň ýaly jedelli materiallary çap edip başlady. Elbetde, öz sahypalarynda näme çap etse, bu gazetiň öz işi. Ýöne halkyň geçmiş taryhy, onda-da şunuň ýaly pajygaly wakalar bilen baglanyşykly taryhy baradaky materialy çap etmezden öňünçä, gazet ony bu ugurdan köp çorba sowadan alymlara, spesialistlere sala salyp, soň halka hödürlän bolsa, diňe utuş gazanardy. Çary GELDIMÄMMEDOW, žurnalist. "Balkan” gazeti, 30.01.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |