06:42 Ýelharazlar ýyrtyjy guşlary öldürýär | |
ÝELHARAZLAR ÝYRTYJY GUŞLARY ÖLDÜRÝÄR
Haýwanat dünýäsi
Ýel bilen işleýän turbinalar (ветрогенератор - ýelharazlar) arassa ekosistema we arzan elektrik üpjünçiligi üçin gymmatly alternatiw energetika çeşmesidir. Ýöne soñky geçirilen barlaglaryñ netijesi ýelharazlaryñ ýerleşýän sebtinde guşlaryñ birnäçe görnüşine ölüm howpuny salýandygyny görkezdi. Eýýämhaçandan bäri ýelharazlaryñ guşlar üçin howpludygyny bilýäris. Adaty ýelharazyñ biri ýylda müñlerçe guşuñ ölümine sebäp bolup bilýär. Hususanam bürgütdir laçyn ýaly uly ýyrtyjy guşlaryñ ölümleri ekosistemamyza ýaramaz täsirini ýetirýär. Muny geçirilen bir ylmy barlagyñ netijesi bilen delillendireliñ: Hindistanyñ Ylym instituty tarapyndan Hindistanyñ Ghats sebtinde ýelharazlaryñ berýän täsirleri öwrendi. Netijede sebitdäki ýyrtyjy guşlaryñ sanynyñ beýleki sebitlere garanda dört esse azalandygy anyklandy. Bu ýagdaý ýyrtyjy guşlara ýaramaz täsirini ýetirýänem bolsa, maslyk iýýänler üçin oñyn üýtgeşme! Azalýan ýyrtyjy guş populýasiýasyna garşylyklaýyn hažžyk populýasiýasynda artyş göze ildi. Ýelharazlar hažžyklar üçin goragçy funksiýasyny ýerine ýetirip, olara (ýyrtyjy guşlardan) gaçyp-tezip ýörmezden ýaşar ýaly şert döretdi. Emma hažžyklaram öz awlarynyñ soñuna çalt çykypdyr we dramatik üýtgeşme emele gelipdir. Adamzat geçmişde-de başdan geçiren hadysalaryny hasaba alanda, şunyñ magadyna ýetdi: ekosistemadaky ýekeje ownuk üýtgeşmäniñ netijeleri hemişe uly bolup geldi. Bir görnüşiñ ýok bolmagy hemme zady üýtgedip bilýär we bu üýtgeşme oñaýsyz netijelere sebäp bolýar. Ýelharazlaryñ netijesi heniz doly ýüze çykyp durmasa-da, bu ýagdaý wagtyñ geçmegi bilen ýaramaz netijelerini görkezse gerek. Ýelharazlaryñ guş ölümlerine sebäp bolmagy olaryñ çarhynyñ gurluşy bilen baglanyşykly. Esasan üç çarhdan ybarat çarhlaryñ uzynlygy 10-200 metr aralygynda üýtgäp durýar. Añrybaş tizligine ýeten bir ýelharazyñ çarhy minutda ortaça 15 gezek aýlanýar. Şol aýlanýan wagtam guşlar gelip çarhlara urulýar. Ýogsa-da, çarhlaryñ gurluşuny üýtgedip bolmaýarmyka? Guşlar gelip urulmaz we zyýan görmez ýaly ýelharazlary oýlap tapmagyñ pikirini edýän ýokmy? Meseläni çözmek üçin ses abzallary arkaly guşlaryñ sebitden daşlaşdyrylmagy we ýelharazlaryñ ýerleşişiniñ üýtgedilmegi ýaly birnäçe synanşyklar geçirilip ýör. Eger bu çözgütler netije bermese, ýelharazlaryñ gurşawynda sazlaşygyny ýitiren ekosistema bize garaşýar. Netijede ýelharazlaryñ ulanylmagynyñ ekosistemamyza ýetirýän zyýanlary jedelli mesele bolsa-da, onuñ ulanylmazlygy hem aýry jedelli mesele. Adamzat senagat öwrülşiginiñ başyny başlanda, ýola goýan nädogry energetika saýlawynyñ netijelerini üýtgetmek üçin bar güýjüni sarp edýär. Ýelharazlaryñ ulanylmagy belli bir regiona howp abandyrýan bolsa, onuñ ulanylmazlygy tutuş ekosistemany howp astyna alýar. Çünki biziñ hemmämiz bir asmanyñ astynda ýaşaýarys. 12.11.2018 ý. Çeşme: popularmechanics.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |