10:00

Adam oglunyñ birinji mazary: Kabylyñ gubury

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 387 | Добавил: Gökböri | Теги: Guwanç Mämiliýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 hanturebs  
755
Kabyl bilen Abylyň ýeri çalşylypdyr öýdýän. Kabyl Abyly öldürdi dälmi? Ýa ýalňyşýanmy?

0
2 Gökböri  
136
Ýalñyşýan bolaýmasañ.
Türkmen halk rowaýatlarynda doganlaryñ ulusynyñ ady Abyl, öldürilen Kabyl bolup gidýär. Beýleki halklaryñ (şol sanda dini çeşmelerde hem) çeşmelerinde ulusy Kabyl, öldürileniñ ady Habyl bolup gidýär (ikinjisi dogry). Men öz halkymyzyñ atlandyryşy ýaly ýazmagy makul bildim.

0
3 Bagabat  
43
ADAM ATA BILEN DUŞDY

Azady:
− Häzir eýesi Düldüliň
Bilermi sen, kimdir, biliň!
Kaýsy gün Kabyl Habylyň
Öldürip, ganyny içdi?!

Magtymguly:
− Häzir eýesi Düldüliň
Melek-perişdedir biliň!
Şenbe gün Kabyl Habylyň
Öldürip, ganyny içdi.

AÝRYLMADYMY?

Adam ata haj eýledi baş bilen,
Ýüzün ýuwdy gözden akan ýaş bilen,
Kabyl urdy ol Habylny daş bilen,
Ini agasyndan aýrylmadymy?

Magtymguly Pyragy

0
4 Bagabat  
43
Üýtgäp gitdi ýurt we adamlary onuň,
Elbetde, özgerdiji özi Allanyň.

Kabyl Habyly öldürdi, döküldi gan,
Bozuklyga ýüz urdy şu günden ynsan.

Nälet siňen Iblis muňa begendi,
Çünki bu waka onuň aly bilendi.

Habylyň ölümi maňa hesret ýetirdi,
Nähak gan dökmek mundan adat getirdi.

Habyl Firdöws jennetiniň suwun içer,
Emma meniň onsuz günüm neneň geçer?

Ömrümiň ahyrynda aýralyk derdi,
Goja süňňüme ýasyň yzasyn berdi.

Bu ölüm boldy pyssy-pujurlyk başy,
Onsoň neneňsi diňer gözümiň ýaşy?

Eý, Habyl! Gutuldyň dünýä jepasyndan,
Aýryldy Howa bu ogul – sapasyndan.

Melgun şeýtan, dowzah seniň mekanyň,
Kabyl bile dowzahda – ýanar janyň.

Kyýamata çenli bize duşman bolduň,
Ol gün gelýänçä näletli möhlet aldyň.

Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy (Kysasyl enbiýa). I jilt. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. 100-101 sah.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]