12:43

Alabaý - gadymyýetiñ janly ýadygärligi

ALABAÝ — GADYMYÝETIÑ JANLY ÝADYGÄRLIGI

...Ylymda türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşynyň gadymydygyna arheologiýa we ýazuw çeşmelerinde näçe diýseň subutnamalar bar. Şolarda itleriň 11 müň ýyl mundan ozal peýda bolandygy tekrarlanýar. Meşhur taryhçy Ö.Gündogdyýew öz döwründe türkmen alabaýynyň miladydan öňki III-II müňýyllykda ýerli itleriň dürli tohumlarynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde kemala gelendigini ýazypdy. Alym halk seçgiçiliginiň netijesinde, ata-babalarymyzyň äpet göwreli itleriň göwresiniň kiçeldilmegi arkaly çopançylyk üçin amatly tohum itini döredendigini belleýär. Emma soňra türkmenler özleriniň ahalteke atlaryny, arwanasyny başga tohum atlar, düýeler bilen çaknyşdyrmakdan goraýyşlary ýaly, öz alabaýlaryny hem başga tohum itler bilen çaknyşdyrmakdan goraýarlar. It tohumlarynyň arassalygyny saklamak üçin türkmenler güjükleri saýlamaga ünsli çemeleşipdirler. Altyndepäniň eneolit (daş asyry), irki we ösen bürünç eýýamynyň gatlaklaryndan iri we ortaça ululykdaky döşli, gysga tumşukly we ägirt uly kelleli itlere degişli süňk bölekleriniň onlarçasy tapyldy. Dürli ýyllarda bu ýerden tapylan terrakotadan ýasalan heýkel şekiljiklerinde itleriň gulaklarynyň we guýruklarynyň gysgaldylandygy anyk görünýär. Amerikaly alym R.Pampelli Änewiň neolit döwrüne degişli medeni gatlaklaryndan tapylan it süňkleriniň esasynda Müsürde, Wawilonda hem-de Assiriýada ýaşan itleriň gadymy tohumlary Änew itiniň tohumyndan emele gelipdir diýen netijä gelýär. Alymlar şu güne çenli bu çaklamanyň tarapdary.
Italiýanyň Ligabuýe ylmy merkeziniň wekili Gabriýel Rossi-Osmida Goňurdepede türkmen-italýan arheologik gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk etmek bilen, 10 ýylyň dowamynda bu ýerde alyp baran işleriniň netijesinde ýazan «Margiana. Goňurdepe gonamçylygy» atly kitabynda itiň ystyhanynyň tapylandygyny, onuň süňkleriniň adaty itleriňkiden uludygyny ýazýar. Italýan alymy türkmenleriň çopan iti bolan alabaýyň Ajyguýynyň gadymy itlerine has golaýdygy, onuň tohumynyň geçen müňýyllyklaryň dowamynda sähelçe üýtgeşmeleri başdan geçirendigi hakyndaky netijä geldi. Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň Hindistandan Ortaýer deňzine çenli aralyga ýaýrandygyny gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň tassyklaýandygyny ýazýar. Kitapda getirilen Aleksandr Makedonlynyň özüne sowgat berlen türkmen alabaýyny şir we pil bilen uruşdyryp synaýşy hakyndaky parça has-da täsirlidir. Nusaý ritonlarynda merdana oguz gerçegi arslan kybap haýbatly, ýasy tumşukly, giň döşli we dişleri aýyl-saýyl syrtaryp duran söweşjeň ruhly daýaw itiň boýunbagyndan tutup saklap dur. «Bu, gürrüňsiz, arslan (şir) däl» diýip, belli arheolog M.Ý.Masson ýazýar, «sebäbi onuň penjelerini goýşy pişigiňki ýaly däl-de, eýsem, itiňki ýaly gönüdir». Taryhçy Ö.Gündogdyýew bu itiň özüniň keşbi boýunça ägirt uly doglaryň (ýasy tumşukly, döşlek uly it) tohumyna meňzeşdigini, bu itleriň tutuş Aziýa boýunça Hytaýyň serhetlerinden Müsüre çenli giňden ýaýrandygyny, olaryň bütin gadymy Gündogarda örän ýokary bahalanandygyny, «Nusaý dogunyň» şirlere garşy söweşe goýberilendigini, ölüm howply tutluşyklara ukyply bolandygyny ýazýar. Gadymy Jeýtun obasynda miladydan öňki VI asyra degişli itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär. Gäwürgaladan tapylan miladydan öňki IV — VII asyrlara degişli terrakotadan ýasalan heýkeljiklerde hakyky çopan itleri şekillendirilipdir. 1982-nji ýylda Hazarekdepe obasyndaky (Lebap welaýaty) galanyň 100 metr uzaklygyndaky gowaça meýdanyndan tapylan çopan itiniň heýkeljigi alabaýyň umumylaşdyrylan ikonografiýasyny berýär. Şu welaýatdaky Araphanadan hem aw itiniň heýkelleri tapyldy. Şähryslamdan tapylan iň täsin zatlaryň biri-de, bişen kerpijiň ýüzünde saklanyp galan türkmen alabaý itiniň aýak yzlarydyr.
2017-nji ýylyň ýaz möwsüminiň başynda türkmen arheologlary ajaýyp açyş etdiler — Daňdanakan galasyndan türkmen alabaýynyň heýkelini tapdylar. Bu tapyndyda alabaýyň esasy şekilleri nepislik bilen döredilipdir. Onda uly kelleli, äpet äňi, giň maňlaýy, uly gözleri, gysga boýny, giň döşi, berk hem-de kuwwatly penjesi bolan alabaý öz beýanyny tapypdyr. Bu alamatlar müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň alabaýyň tohumyny arassa saklandygyndan habar berýär...

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 403 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumamyrat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Haýwanat dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Елена_Прекрасная  
462
Gowy makala ekeni

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]