08:17 Alp-Arslan / romandan bölek | |
ALP-ARSLAN
• Birinji bölüm Murgap derýasy Mara golaýlap dört bölege bölünýärdi. Murgap Soltangalanyň günorta günbataryndan, Mamajan-Majan şäheriň ortasyndan, Razy-Razik Soltangala bilen Erk galanyň arasyndan, Horasan bolsa şäherden gaýradaky obalaryň üstünden geçýärdi we bir daragtyň dörde bölünen şahasyna meňzeýärdi. Derýalar bol suwly, akymly, gyralary gür baglydy, hasam Goşa şah şahyň Isgenderiň saldyran galasynyň golaýyndan geçýän Mamajan derýasy joşgunlydy. Ol daşy saman bilen suwalan, melemtik reňkli, kiçeňräjik palçyk jaýlaryň arasyndan egrem-bugram ýol ýasap, günbatara - çöle siňip gidýärdi, gür baglyga bürenen iki kenar ir-iýmişiň mylaýym mahmalyna bürenip otyrdy, bilbilleriň baky saýraýan mekanynda bolçylyk bark urýardy, tamdyrdan çykýan çöregiň ysy uzaklardan janyňy alyp barýardy, eliňi degireniňden tarsyldap ýarylýan waharmanlaryň dilimlenip guradylan kaklary, al ýaňak üzümleriň kişmişleri, kerwenler bilen Bagdada sary yzyny üzmän akýardy. Derýanyň gyrasyndaky gür baglygyň içinde ýerli agaçlardan başga-da, Togrul begiň, onuň şöhratly begleriniň Rum, ermeni, gürji illerinden getiren baglary bardy. Şäherden daşyrakda gök, bakja, däne, pagta meýdanlary ýaýylyp ýatyrdy. Şäherde, juma namazyna niýetlenen üç metjid-yslamyň peýda bolmagy bilen dörän Mahan metjidi, şähere girilýän esasy Horasan derwezesiniň alkymyndaky Merwezi metjidi, Mamajan derýasynyň boýunda, Abu Muslimiň saldyran Majan metjidi bardy. Bulardan başga-da otparazlaryň, butparazlaryň, isaýylaryň sejde edýän ymaratlary şäheriň demirgazyk künjünde ýerleşýärdi, şol ýerde hem olaryň şäherçesi ýaýylyp ýatyrdy. Şäherçäniň jaý gurulyşy, ymaratlarynyň bezegi, köçeleriň gönüligi gaýry dinli halkyň däp-dessuryna laýyk gelýärdi. Sasani şasy Ýezdigert üçünji Maryda öldürilenden soň otparazlygyň sejdehanalary ýykylypdy, dini ýok bolupdy, türkmenlerde şaman-samani ot ýakyp, üstünden towusmak ýaly käbir adatlar bolaýmasa ol indi ýatdan çykarylypdy, oňa derek butparazlygyň Sanem, Wesen, Nusup atly akymlarynyň Sanem ugry-magdandan ynsan şekilini ýasalan butlar, Wesen ugry-daşdan ýa agaçdan ynsan şekilinde ýasalan butlary şäherçäniň käbir ýerlerinde, gonamçylyklarda görmek bolýardy, Nusup bolsa-belli bir şekili bolman, çokunmak üçün ulanylýan daşlardy, olar Maryda ýokdy. Yslam dininiň ornaşmagy bilen bu ýerde agalyk eden käbir arap taýpalarynda butparazlygyň gülkünç görnüşleri saklanyp galypdy, her bir taýpanyň, tiräniň özüne mahsus bolan buty bardy, olaryň içinde iň esaslarynyň ikisi Lat we Menatdy. Butparazlygyň şeýle görnüşleriniň Maryda ýaýramagynyň sebäbi, araplaryň Mekgä zyýarat etmegi, aýlanmagy netijesinde Käbäniň töwereginden daşlary ýygnap, olary Käbedäki buta görä ýonup ýasamaklary, soňra bolsa Mara getirip, olara çokunmaga başlamaklarydyr. Türkmenleriň arasynda olar kän bir ýaýramandy, ýöne yslam dininiň aňyrdan gelýän däp-dessurlaryna gabat gelýänligi üçün, türkmenler öz islegleri esasynda yslamy köpçülikleýin kabul edipdi... Her gün ertir namazynyň azan sesi çykanda, Mary şäheriniň üç derwezesi açylýardy, agşam namazyndan soň ýapylýardy. Togrul begiň permany bilen täzeden bejeriş-dikeldiş işleri alynyp barylýan Soltangalanyň demirgazyk ganatynda, Soltan kowumlarynyň, han-begleriniň kaşaň jaýlary bardy, Horasan derwezesinden gaýdýan giň köçe, Soltan köşgüniň derwezesine gelip gutarýardy. Galadan daşky obalardan, şäherlerden, ýurtlardan gelýän pyýada, eşekli, atly adamlaryň topary sil ýaly akýardy. Razy derýasynyň ugrunda ýerleşen ada-da Soltanyň köşgi seleňläp görünýärdi. Ol aýratyn nepislik, howaýy giňişlik, täsin seleňlik, dabaraly belentlik ýaly alamatlar bilen tapawutlanýardy. Köşgüň aşaky gaty suw derejesinden pesde ýerleşýänligi üçin salkyndy, salkyn howa gür baglyga bürenen ýakarky gata baryp, jokrama yssynyň täsirini peseldýärdi. Köşgüň dört tarapyny alaň-açyk küňreli dalanlar, eýwanlar, hüjreler tutýardy, yssy howa dalanlara, eýwanlara düşüp, binanyň içki otaglaryny başky serginliginde saklaýardy, üstesine-de, şeýle biçüw binanyň bezegine aýratyn, ajaýyp gelşik berýärdi. Gün guşlyga galandan soň derýanyň çägesew kenarynda çagalar suwa düşýärdiler, oýnaýardylar. Çagalaryň arasynda galanyň daşyndaky Bala obasyndan Ärdöw bilen Ärsagun hem bardy. Olar gün irmän adada ýaşaýan Arslanyň, Gara Gurdyň, Apşiniň, Atsyzyň, Ýagysyýanyň ýanyna gelerdiler. Çagalaryň ýedisem Seljuk döwleti bilen gözlüje ýaşytdylar, ýagny Mawrennahrdan göçülip Mara gelinenden soň dünýä inen çagalardy, atalary bu ýere gelenlerinde çarwadylar, çopandylar, on ýyldan soň döwlet gurup Soltanlyga ýetipdiler. Indi, öňki çarwalar şäherli boldylar, öň oba öwrenişen çagalaram şäher bilen oňmaly boldular. Şol sebäpli bolsa gerek, obada ýaşan bäş-alty ýyllaryny ýatlaryndan çykaryp bilmaýärdiler, onsiň bar güýmenjeleri suwa düşmek, aşyk oýnamak ýa-da depä çykan gyzlaryň gülkülerini, lälelerini diňlemekdi. Gyzlaryň bir topary läle kaksa, bir topary çepereýjan oýnuny oýnardylar, çeper söz, ýüzugra düzülýän goşgy bilen ýaryşýan gyzlar aralarynda iň söze çeperini saýlardylar hem-de onuň daşyna aýlanyp ”Çepereýjan-a, çepereýjan, meň dyzymy çökereýjan, öýmüze myhman gelse, gawunym bar, şekereýjan” diýýädiler. Oglanlar gyzlar bilen oýnamazdylar, biri oýunda utulsa, oňa “sen gyz bilen oýnaý!”diýerdiler, bu bolsa şarpyk çalynandan erbet täsir edýärdi, käte onyň üçin uruşýanlaram bardy, hasam Arslan agasy Gara Gurt bilen, Ärdöw beg Ärsagun bilen uruşýardy. Gara Gurt aslynda-da, birhili, düşnüksiz oglandy, garadangaýytmazdy, gyzlaryň arasynda-da utanman oýnabererdi, kellesi gaýma börüksiz, telpeksizem gezibererdi, bu bolsa Arslana ýakanokdy. Olaryň dawalary Çagry bege ýeten bolmaly, bir gün ol: "Ogullarym, utanç-haýa endigiňize öwrülmelidir, ilde “ene süýdi bilen girer” diýen gep bar, göwnüňiz dok bolar ýaly terbiýelenmelisiňiz, "göwni dokyň gözi dok, gözi dokuň nebsi dok" diýleni, ýedi ýaşda tahýa, on ýaşda silkme telpek geýmäni unutmaly dälsiňiz, asyl, tahýa, silkme telpek, gupbaly börük berdaşly, görmegeý, sagdyn gyz-oglanyň ýüzüne gelip durandyr, olary batyr, edenli, gaýduwsyz, özboluşly görmegeý görkezýändir - diýip, çagalara öwüt bererdi. Gara Gurt sekiz ýaşa, Arslan ýedi ýaşa ýetende baş wezir Älem Kunduzly olary Bagda-da okuwa ibermek isledi emma Çagry beg-Bagdat-da düýpli ylym berilýär diýen düşünjä eýermäň, Maryda bar bolan 12 sany kitaphanalarda ylym üçin gerekli kitaplaryň hemmesi bar, Bagdat-da ýok zat bärde bar, araplaryň özleri “biz Mara gelip, öz medeniýetimizden, şu çaka çenli basyp alan ýurtlarymyzyň medeniýetinden has ýokary ösen medeniýet bilen ýüzbe-ýüz bolduk” diýip, boýunlaryna alýarlar - diýip, garşy çykdy. - Ol dogrudyr, ýöne, Bagdat araplarypky bolanam bolsa indi biziňkidir, Siz derýanyň çep kenarynda uly şäher gurduňyz, diýmek, ýaşlaryň ol ýere ymtylmagy tebigidir. - Maňa galsa-ha, Bagdada Togrul kakamyň adyny dakardym, ylmy jähitden seredeniňde hem ol şäherleriň şasy Mary bilen deňleşip bilmez - diýip, Bagdada gitmek islemeýän Arslan seslendi. Çagry beg ýedi ýaşly oglunyň ýüzüne dikanlap seretdi-de, başyny ýaýkady, sebäbi bu sözler çaganyň diýjek sözleri bolman eýsem, akly goýalyşanyň gepidi. Ol ony bäş ýaşa ýetende serkerde Saw Teginiň ygtyýaryna berip, söweş tälimlerini öwretmegi tabşyrypdy, serkerde bolsa diňe bir Arslany däl, ýedigenleriň baryny bir ýere ýygnap özara öjükdürýärdi, ýagny, topary iki bölüp, bir-birleri bilen ýasama ýaragly uruşdyrýardy, ýaragyny çalasyn we başarjaň oýnadyp bilýänleri saýlap, ýene topara bölýärdi, güýüçleri, tilsimleri gabat gelýänleri özara uruşdyryp heziller edinerdi. Söweş tilsimlerini çalt özleşdiren Arslana taý edip Atsyzy goýmasa ýa-da özi durmasa bolmazdy, bir gezek ol sag döşünde Arslanyň gylyjynyň urgusyna gabat gelipdi, şonda-da talabyny gün-günden artdyrdy. Oglanlar uruşdan soň çilik oýnardylar, suwa düşerdiler, Arslanyň gündelik täze ýasaýan gylyjyny synlardylar, ”bäh, muny, heniz hiç ýerde ýok gylyjam ýasapdyr” diýýärdiler, bu gürrüň beýleki obalara, şäherlere ýaýraýardy, netijede, dumly duşdan onuň ýasan gylyjyny görmäge gelerdiler. Hatda uly adamlaram, onuň ýaz paslynda ýaşaýan Mahan obasyny salgy berenlerinde “gylyç ýasamaga ökde oglanjygyň obasy-da” diýerdiler. Muny nazara alan Togrul beg Arslana öz gylyjyny sowgat berdi. Garaçür adyny alan, aýratyn berk polatdan ýasalan gylyjyň ýüzünde “Togrul begden şazada Arslana!” diýen ýazgy bardy, aşagynda bolsa “Gylyç kesgir diňe duşmana sary, başga döwür azat durmuşyň zary”diýen sözler bardy. Bu şygyr Togrul begiňkidi, onuň özboluşly äheňde şahyrana duýguly goşgy setirleri bolsa-da, ol barada hiç ýerde hiç wagt dil ýarmazdy... Ýaz günleri ýazlaga çykylanda ýedigenleriň aşygy alçy gopýardy. Ine, saňa aňyrsy-bärsi görünmeýän düz meýdan, ilerde seleňläp görünýän daglar, sonarlap, otlaşyp ýören mallar, halyny ýadyňa salýan gülälekli meýdan, bi gözellikde özüň ýaly çagalar bilen oýnamak, göreşmek, gylyçlaşmak-ýaý atyşmak nähili hezillik. Käte Bala obasynyň oglanlary Mahan obasynyň oglanlary bilen ýaryşardylar, beýle ýaryşyň soňy urşa ýazardy, Bala obasyndan biri "Biziň Meleguşymyzyň öňüne at geçmez” diýäýdigi Arslan “Biziň Mahan obamyzda bir gyr at bar, çapanok-da uçýar” diýip, bada-bat jogap berýärdi "onsoň her kim özüniňkini dogry etjek bolup jedele başlardylar, jedeliň yzam uruşdyr. Näçe urulsa-da, ursa-da Arslan hiç kime ýüregini açmazdy. Bir gün şeýle ýaryşlaryň birinde Mahan obasynyň pälwany ýykylaýmazmy. Sähelçe zada namys edip, sähelçe üstünlige monça bolýan Arslan ýykylany üçin zörledip duran Atsyzyň gapdalyndan öňe çykdy. Gyjyda galan oba adamlarynyň ýüzleri salykdy, namysa galmak ýaly ýowuz zat ýok bolara çemeli, Arslanyň orta çykanynam görmediler... - Hä, göreşjekmi? Ýykylsaň, ho burny sümükli ýaly möňňürip durmagyn, myňa ýaryş diýilýär, hökman ikiň biri ýeňäýmelidir! - murty taýzaryp duran daýaw bekewül Arslanyň golundan tutup, aýlaw berip duran adamlaryň arasy bilen orta çykdy. - Adyň Barslanmy? Kim Barslan bilen çykjak? - diýip gygyrdy. Bala obasynyň adamlary, duluklary çykyşyp duran semizje çagany zorlap diýen ýaly orta çykardylar. Biline guşak guşalana mähetdel Arslan ylgap bardy-da, hiç zada garaşmaýan oglany agdaryp goýberdi. Bu ýeňiş hasaba alynmasa-da, Arslan üçin peýdaly boldy, indi onyň ýüregi suwlujady, etmeli goýmaly zatlaryny bilýärdi. Garşydaşy sadarak bolmaga çemeli, Arslanyň “adyň näme, haýsy obadan?” diýen soraglaryna höwes bilen jogap berdi, kimdir biri "Ärsagun, döwlügiňi et-de göz görkez!” - diýip gygyrdy, emma eýýäm Arslan Saw Teginiň öwreden çopan badagyny salypdy, garşydaşy sypjak bolup dyzady, bolmady. Dumly duşdan Arslany gutlaýan sesler çykdy, Atsyz bilen Apşin ikisi ony garsa gujakladylar, bekewül bolsa ”Berekella, ýeňdiň, indi baş eg-de baýragyň al!” - diýdi, emma Arslan "Men hiç kime başymy egemok!" diýip jogap berdi, hakykatdanam ol, deň-duşlary bilen uruşanda ýa-da birini göreşde ýeňende ýa ýeňilende hem “seniň öňüňde başymy egmen!” diýýärdi. Atsyz boýnuny burup “ýeňiji hökmünde tomaşajylara başyňy egmeli” diýensoň ol çöküne düşdi-de, bir däl, iki däl, tä tur diýýänçäler başyny egdi. Mahan obasynyň adamlary begendiler, bir-birlerini gujakladylar, kiçirägem bolsa bu ýeňiş olary namysyň astynda goýmandy. Arslan, seljuk döwletiniň düýbi tutulyp başlan ýyllary dünýä inipdi, şol gün Çagry bege bir ajy, üç süýji habar garaşýardy. Az sanly seljuklar Masut Gaznalynyň goşuny bilen gazaply söweş alyp barýardylar, söweş seljuklaryň peýdasyna däldi. Şol wagt näbelli goşun yzda galan kowumlaryň üstüne çozup, köp sanly olja, mal-gara alypdyrlar diýen ajy habar Çagry bege ýetdi. Ähtiýalanlyk bilen edilen bu gabahat işde, Garahan şasy Mäligiň eliniň barlygyny bilse-de, etjek alajy ýokdy, ýöne, bu habar seljuklara şeýle bir gahar-gazap donuny geýdirdi welin, bir nöker duşmanyň onlarçasyna taý geldi duruberdi, şeýle, gözsüz batyrlygam ýeňiş getirdi. Şol wagt "Togrul beg Bagdady eýeledi” diýen ikinji hoş habar geldi. Çagry beg telpegini göge zyňyp “kyrk guzuny soýuň tä men barynçam” diýip däliräp ýörkä, biri “ogluň boldy” diýse, biri “gyzyň boldy” diýdi, ýene biri “bir ogul, bir gyz, ekiz çagaň boldy” diýip, üçünji hoş habary getirdiler. Çagry beg ogluny dag arslanyna meňzedip Arslan diýen ady, gyzyna bolsa, yrym üçin Günüň nyşany bolan Göwher diýen ady goýdy. At-adamyň özünden has uzak ömür sürýän, nesle miras galýan ekeni, maşgalada çagaň dogulmagy sabyrsyzlyk bilen garaşylýarka, perzendiň ogul ýa gyzdygyna garamazdan ene-ata köplenç edil şol pursatdaky başyndan geçirýän şatlygyna-gaýgysyna, bolup geçýän wakasyna şärik edip, çagasyna at dakar ekeni... .... (Roman dolulygyna saýtyñ "Kitaphana" bölüminde goýuldy). Amanmuhammet NEPES. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |