18:28 Altyn ýaý, kümüş oklar | |
ALTYN ÝAÝ, KÜMÜŞ OKLAR
● ýa-da türkmenleriň gudratly nagyşlary barada söhbet Türkmenler gadymyýetden bäri, özleriniň gudratly hem keramatly saýýan nagyşlary bolan ok-ýaýa aýratyn sarpa goýup, oňa diýseň ähmiýet berip gelipdir. Ok-ýaýyň şekili türkmen amaly halk sungatynyň dürli görnüşlerine ussatlyk hem-de inçelik bilen siňdirilipdir. Ok-ýaýyň şekili siňen nagyşlar irki döwürlerden bäri, ata-babalarymyzyň maddy we ruhy durmuşynda iň meşhur hem mukaddes sungaty bolup, şöhratyny häzire çenli saklap gelýär. Üns berip seretseň, şol gudratly nagyşlar türkmenleriň dokmaçylyk, binagärlik, zergärlik sungatynyň däplerinde has köp gaýtalanýar. Ok-ýaý ýa-da çarşak nagyşlary türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň beýik mirasy bolan halylarymyzyň gara nagyşlarynda has aýdyň görkezilýär. Asyrlaryň dowamynda diňe sähelçe üýtgeşmelere sezewar bolan şol nagyşlar aýdyň görnüşli milli häsiýete eýedir. Çünki, ok-ýaýyň türkmenleriň ata-babalarynyň durmuşynda nähili derejede orun eýeländigi dogrusynda biz «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2002-nji ýylyň 15-nji martyndaky sanynda hem söhbet edipdik. Has köp manyly, örän çuňňur taryhy mazmunly häsiýete eýe bolan türkmen halylarynyň gudratly nagyşlarynyň syrlary öz gözbaşyny oguzlaryň Beýik Hun döwleti we ondan hem irräk döwürden alyp gaýdýar. Bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna çenli, ýene bir tarapy Gimalaý daglaryndan Sibire çenli uzalan uly meýdanda döwlet guran hunlara degişli diýlip tapylan, dünýäde iň gadymy, 4500 ýaşly pazyryk halynyň gara nagyşlaryna ok-ýaýyň şekili jäheklenip salnypdyr. Taryhçylar, alymlar, geologlar tarapyndan «Pazyryk haly» diýlip atlandyrylan şol halyda şu günki türkmen halkynyň göllerinde gaýtalanýan gadymy nagyş däplerini tapsaň bolýar. Bu haly 1947-nji ýylda Rudenkonyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýada Daglyk Altaý ülkesiniň «Pazyryk» diýen depeliginde, buz doňaklygyň içinde doňup galan guburdan tapylypdyr. Pazyryk halynyň nagyşlarynyň aňladýan manysy sada bolup, onda 24-lige bölünmek däbi saklanyp galypdyr. Bu bolsa oguz türkmenleriniň boý gurluşynyň, döwlet däpleriniň, keramatly saýylýan nyşanlaryň maddy eserlerde mundan 4500 ýyl öňem wasp edilendigini aňladýar. Şundan ugur alyp, türkmen gelin-gyzlarynyň aň hem el gudratynyň eserleriniň has gadymydygyna buýsanyp bileris. Türkmen gelin-gyzlarynyň köp asyrlyk döredijiligine siňen «24-lik» däbi we ok-ýaý nagyşlaryny pazyryk halysynda we häzirki döwür haly we dokmaçylyk işlerinde hem mesaňa duýulýar. Bu barada belli edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradow «Andalyp we oguznamaçylyk däbi» diýen işinde şeýle ýazýar: «Edil hunlaryň keçe, halysyndaky ýaly, üç hatardan 8-e bölüp, 24 göl salmak däbi türkmen haly sungatynda ýörgünli däpleriň biri. Türkmen halylarynda 24 göli dörtden alty hatara ýa-da 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak däbiniň ýörgünlidigini aýtmalydyrys. Bu däpler hunlaryň, olaryň soňky dowamy bolan oguzlaryň gurluşy bilen baglanyşykly 24 göli alty hatara bölmek, Oguz hanyň alty ogly hem olaryň hersiniň oglundan emele gelen türkmen taýpalarynyň birleşigini aňlatsa, 24 göli 12-den iki hatara bölüp salmak hem Oguz hanyň 24 agtygynyň 12-den iki ganata bölünişi baradaky gadymdan gelýän halk ynanjy bilen baglydyr». Şundan ugur alyp, türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan 24 şekilli göller, keramatly saýylan nyşanlar bolup dünýä inen halylar sungatyň dilindäki «oguznamadyr». Çünki, dünýäde türkmen täsinliginiň kepili bolan şol halylara salnan gudratly nagyşlaryň 24 gölden ybarat bolup gelşi, türkmen tire-taýpalarynyň bölünmezliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň alamatyny görkezipdir. Gyra nagyşlaryna salnan ok-ýaý ýa-da çarşak şekilleri bolsa, türkmenleriň güýçlüdigini, döwletliligini, kuwwatlydygyny aňladypdyr. Nagyş sungatyna öwrülip giden ok-ýaý türkmenleriň halyçylyk sungatynda, dokmaçylygynda köplenç, «ok-ýaý», «çarşak», «ýabak», «ok başy», «käkilik aýagy», «gyş» ýaly atlary alyp, «ol dört görnüşde şekillendirilindir. Kiçi ok-ýaýyň bäş şekili bilen uly ýaýyň şekili onlarça asyrlaryň dowamynda türkmenler tarapyndan dürli hili el işlerinde, binagärlik, dokmaçylyk sungatynda, pullarda, teňňelerde, möhürlerde, gubur daşlarynda ulanylyp gelnipdir. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň hökümdary Togrul begiň (993-1063ý.) ýaý we okdan ybarat bolan döwlet nyşanynyň bolanlygyny biz öňki söhbetimizde hem ýatlap geçipdik. Togrul begiň ýegeni kermanly seljuklaryň, hökümdary (1041-1186ý.) Gara Arslan Gurt beg hem ok-ýaýyň şekilini döwlet nyşany hökmünde ulanypdyr. Käbir taryhy maglumatlarda beýik Seljuk türkmen döwletiniň hökümdarlary öz guburlarynyň üstüne ok-ýaýyň şekili haşamlanan gubur daşlary goýdurandyklary dogrusynda ýazylypdyr. Bu däpler kem-kemden ösüp, ol uly guburhanalaryň /ýüzlerinde/, bezeg işlerinde hem ussatlyk bilen ulanylypdyr. Türkmenleriň öňki giň taryhy topraklary bolan Ýaýyk (Ural) derýasyndan Dunaý derýasyna, Ural daglaryndan Derbende çenli uzalyp gidýän ýerlerde galan ýadygärlik we meýdan gubur daşlarynda ata-babalarymyzyň medeniýetine degişli bolan dürli hilli keramatly nyşanlar bilen bilelikde, iki we üç dişli çarşak, ok-ýaý şekillerine duş gelmek bolandygyny, alymlaröz işlerinde beýan edýärler. Türk taryhçysy Ak Goçakly öz eserinde Kawkazyň, Krymyň birnäçe oba, etrap, şäher merkezlerinde ýerleşýän guburlaryň üstündäki daşlarda birnäçe türkmen tire-taýpalarynyň tagmalarynyň, nyşanlarynyň (gara goýun, ak goýun, ok-ýaý, haýwanlar) duş gelýändigini,käbirlerinde bolsa 2, 3, 4, 5, 6 dişli çarşak şekilleriniň tapylandygyny ýazýar. Hindistanda, Owganystanda, Demirgazyk Eýranda döwletguran türkmen hökümdarlary ok-ýaýyň biraz üýtgän görnüşini, 2, 3, 4, 5, 6 dişli çarşak şekillerini ulanypdyrlar. Hazarlaryň taryhyny ýazan Artamonow (1962ý.) öz işinde rus elipbiýinde ulanylýan köp harplaryň greklerden alnandygyna şek-şübhe ýokdugyny, emma käbir harplaryň GündogarTürk-türkmen elipbiýinden, olaryň gadymy işlerinde hem öz möhürlerinden, nyşanlaryndan alnandygyny ýazýar. Keramatly nyşanlar hem gudratly nagyşlar bolan ok-ýaý türkmen milli lybaslarynda hem öz keşbini tapyp, ençeme ýüz ýyllaryň dowamyndan bäri ulanylyp gelnipdir. Olar türkmenleriň ýaşan islendik döwürlerinde we durmuşy şertlerinde ähli babatda öz ähmiýetini ýeterlik milli nagyşlaryň görnüşlerini baýlaşdyryp, elden-ele geçip gelipdir. Muny biz häzirki döwürde hem gelin-gyzlarymyzyň el işlerinde, köýnek ýakalarnda, donlarynda görüp bilýäris. Anadoly türkmenleriniň gelin-gyzlarynyň börüklerinde, öňlüklerinde hem çarşak şekilli nagyşlar agdyklyk edýär. Anadolynyň köp etraplarynda ýaşaýan türkmen milli egin-eşiklerinde zenan öňlüklerineaýratyn ähmiýet berilýär. Altaýülkesiniň «Pazyryk» depeliginden tapylan çaga öňlüginiň merkezinde hem ok-ýaý, çarşak nagşy çekilipdir. Şol däp-dessurlar şu günki zergärlerimiziň tagallasy bilen türkmen çaga eşikleriniň arka ýüzüne geçipdir. Ok-ýaýyň şekilini alan şaý-sepler gudratly nyşan hökmünde çagalara dakylypdyr. Bu bolsa ýaş nesili çagalykdan milli söweş gurallaryna, keramatly nyşanlara guwanmaga höweslendiripdir. Türkmen halylarynda ok-ýaý (çarşak) biri-biriniň yzyna tirkeşip gelýän görnüşde 2-3 hatar edilip jäheklenip salnypdyr. Ol halylarda esasy gölleriň gyra nagşlaryny bezemek üçin çitilipdir. Kilimleriň etegini ýa-da älemini çarşak nagyşlary bilen bir hatar jäheklemek däbi häzir hem dowam edip gelýär. Ok-ýaý (çarşak) nagyşlaryna türkmenistanly we özbegistanly türkmenleriň anadolyly we owganystanly türkmenleriň dokaýan kilimlerinde has köpduş gelinýär. Kilimleriň etegine, ortasyna ýa-da gyra nagyşlaryna salnan çarşak nagyşary şekiller bilen ýa-da görnüşlerde dokalypdyr. Ok-ýaý nagyşlary eide örülýän ýüň joraplatla weelliklerde öz keşbini tapypdyr. Ok-ýaý (çarşak) nagyşlary Türkmenistaiyň çäginde, Anadolyda, Töwrizde (Eýran), azerbaýjan türkmenleriň dokmaçylygynta, gurnama ak öýlerine örtülýän halylarda , kilimlerde , germeçlerde hem duş gelýär. Türkmen halky geçmişde çadyr gurnamaga we ony bezemäge uly ähmiýet beripdir. Çadyrlar tebigy mümkinçiliklere görä, islendik ýerde dikmäge örän amatly bolupdyr. Çadyrlaryň we türkmen ak öýleriniň içini bezemek üçin iňňän nepis haly önümleri dokalypdyr. Öýleriň daşky örtgülerini bolsa, germeçlerde sykdokalan kilimler, ýüň keçler bilen ýapypdyrlar. Şol germeçlerde her türkmeniň taýpasynyň göterýän nyşanlry, mukaddes saýýan nagyşlary ussatlyk bilen dokalypdyr. Ok-ýaý (çarşak) nagyşlary Garahanly türkmenleri (840-1042 ý.) we beýik Seljuk türkmenleriniň hökümdarlyk döwründe binagärlik sungatynda; içki we daşky diwar bezeglerinde, minara we köşk gümmezlerinde inçelik bilen haşamlanyp ulanylypdyr. Mundan başga-da keramatly nagyşlar halkyň sungatynyň nusgalaryre aýrylmaz bölegi bolup durýan agaç bezeg işlerinde hem öz ornun tapypdyr. Ägirt uly çeperçilige we many-mazmuna eýe bolan ol nagyşlar türkmen binagärçiliginiň özboluşly aýratynlygy bolupdyr. Seljuklar döwründe Bagdadyň golaýynda türkmenleriň harby şäheri we berkitmesi hökmünde gurlan Samarrada yman Muhammet Mehdiniň we ymam Aly el Esgeriniň gurduran ýadygärlik (mawzoleý) minaralarynyň guşaklarynda ok-ýaý nagyşlary ýylmanyp alnypdyr. Eýranyň Maşat şäherinde seleňläp oturan Göwher Şad metjidiniň minarasynda ok-ýaýlar oguz türkmenleriniň aň we el gudratynyň önümi bolup beýan edilipdir. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ilkinji paýtagtlarynyň biri bolan Yspyhanda şa Watan Hüseýiniň gurduran medresesindäki diwar-bezeg işlerinde, Azerbaýjanyň Agdam şäherinde, 1314-nji ýylda bina edilen ýadygärligiň gapysynda ok-ýaý nagyşlary goşa-goşa, hatar-hatar düzlüp salnypdyr. Taryhçy Ýazyjy oglunyň 1421-nji ýylda ýazan «Taryhi al-Seljuk» beýik Seljuklartaryhy/ atly eserinde türkmen taýpalarynyň atlarynyň aňladýan manysy, her taýpanyň guşy, tagmasy, nyşanlary dogrusynda söhbet edilýär. Awtor bu eserinde oguzlaryň gaýa boýunyň tagmas barada söhbet açyp, gaýalara degişli iki okuň we bir ýaýyň aňladýan şekili barada giňişleýin durup geçýär. Käbir taryhy maglumatlaryň tassyklamagyna görä, diňe bir maddy we ruhy eserler däl, eýsem türkmen halkynyň käbirtaýpa atlary hem «ok» sözüni alypdyr. Mysal üçin, alym S.Atanyýazowyň «Şejere» (türkmeniň nesil daragty) atly ylmy eserinde türkmenleriň ok ýa-da oklular taýpalarynyň XI asyrda Syrderýanyň boýlaryndan Balkan töweregine göçüp gelendiklerini we soňra olaryň uly böleginiň Eýrandaky Türkmensähra, Lebap etraplaryna, Täjigistana, Owganystana aralaşandyklary dogrusynda jikme-jik maglumat berilýär. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň dürli gatlaklarynda öz ornuny tapan gudratly hem keramatly nagyşlar erkek kişileriň tahýalarynda hem öz keşbini şu görnüşde tapypdyr. Bu keramatly hem many taýdan üýtgewsiz saýylýan nagyşlar tahýanyň ortarasynda aýlawly edilip gaýalypdyr. Ok-ýaýyň ak-sary reňkleri tahýanyň nagyşlaryny baýlaşdyrypdyr. Çaga öňlüklerine siňdirilen ok-ýaýyň nagyşlary ýönekeý görnüşde keşdelenipdir. Şeýle görnüşli nagyşlar köp türkmen çaga börüklerinde, topbularynda öň we yz, gapdal taraplarynda inçelik bilen ulanylypdyr. Garaz, oguz türkmenlerinde «ýaý» diňe döwletlilik, güýçlülik, «ok» gujurlylyk, agzybirlik, bölünmezlik, jebislik diýen düşünjeleri aňlatman, eýsem, olar onlarça asyrlaryň dowamynda milli nusgalarymyzda, nagyşlarymyzda wasp edilen watançylyk, ata-baba mirasymyza hormat goýmak duýgularyna özboluşly röwüş çaýyp gelipdir. Nesip bolsa, türkmen halkynyň gadymyýetden bäri maddy we ruhy eserlerinden düşmän gelýän şol keramatly nagyşlar mundan buýana-da öz ömrüni, çuň many-mazmunly keşbini dowam etdirer. Çünki, keramatly nagyşlar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamaly zamanasynda biziň halkymyzyň ruhy we gözellik talaplaryny doly kanagatlandyrmak bilen, biziň täze durmuşymyzda-da, Altyn asyrymyzda-da özlerine laýyk orun tapýarlar. «Gan bilen giren jan bilen çykar» diýýän halkymyzyň bu müdimi ykbally mukaddesliklerine bolsa, aýratyn ähmiýet bermek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Geçmişiň-de, gelejegimiziň- de öňündäki Beýik parzymyzdyr. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |