18:33 Arap pähimleri | |
ARAP PÄHIMLERI ■ Kakañ miras galdyrmadyk bolsa, agaña bil baglama. ■ Karz berseñ - sen dost, algyñy dileseñ - sen duşman. ■ Karz almak - süýji, bergiñi bermek - ajy. ■ Kesekiniñ bugdaýyndan öz arpañ gowudyr. ■ Köp gürleýän adam, özüne bolan sylagy ýitirer. ■ Kim bir kemsiz dost gözleýän bolsa, ol dostsuz galar. ■ Könäñi aýap sakla, täzesiniñ bolmazlygy mümkin. ■ Kim gaty uly bölegi dişläp alsa, onuñ bogazyna tegek bolmagy mümkin. ■ Kim ekinini suwarýan bolsa, ol bugdaýyñ döwegini-de döwer. ■ Kim kesekiniñ gybatyny edýän bolsa, ol seniñem gybatyñy edýändir. ■ Kölege bermeýän agajy kesýärler. ■ Kör bilen bir tabakdan nahar iýeñss adalatly bol. ■ Maly gulagyndan ýapyşyp tutýarlar, adamy dilinden. ■ Masgaralyk ömrüñden-de uzyndyr. ■ Maýmyn aýnada öz keşbinden gorkýar. ■ Nahar ilkinji lukmadan başlanýar, dawa ilkinji sözden. ■ Ogluñ - özüñki, gyzyñ - kesekiñki. ■ Özüñ ýagşylyk eden bolsañ, öwünme, özüñe ýagşylyk eden bolsalar - aýt. ■ Öz syryñy hemmeden gowy öz ýüregiñ saklar. Öz aladañy garyndaşlaryñdan başga hiç kim paýlaşmaz. Terjime eden: Hangeldi GARAHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||