00:19

Aşgabat - keramatly Ärsagyñ şäheri

AŞGABAT - KERAMATLY ÄRSAGYÑ ŞÄHERI

Giriş

XXI asyrda Aşgabat dünýäniň iň owadan, adamlaryň ýaşamagy üçin has kämil hem-de has oňaýly şäherleriniň birine öwrüler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy


Türkmenleriň paýtagt şäheri bolan Aşgabat Köpetdagyň dag gerişleriniň we Garagum çölüniň aralygyndaky düzlükde ýerleşýär. Aşgabadyň welaýat merkezleriniň hemmesine diýen ýaly deň aralykda ýerleşmegi onuň belläp geçmeli esasy aýratynlygydyr. Şäheriň amatly ýerde ýerleşmegi, demirýol aragatnaşygynyň ir ýola goýulmagy onuň diňe bir esasy dolandyryş merkezine däl-de, eýsem, Türkmenistanyň iri söwda-senagat merkezine öwrülmegine mümkinçilik beren ýagdaýlardyr.
1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sine Aşgabat şäheri garaşsyz Türkmenistan döwletiniň paýtagtyna öwrüldi. 1995-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sine bolsa ol Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde tanalyp ugraldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini resmi taýdan ykrar edipdi. «Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy BMG-nyň «Müňýyllygyň Assambleýasy» diýen maslahatynda eden çykyşynda: «Bitaraplyk munuň özi tebigydyr we milletiň bütin içki ruhy gurluşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidir, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň halkara syýasy meýdandaky öz ornuna düşünmek bilen türkmeniň daşarky dünýä garaýşynyň taryhy däpleriniň bir bütewi akaba goşulmak ugrunyň netijesidir»(1) diýip belledi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň binagärleriniň öňünde Aşgabadyň – Bitarap döwletiň paýtagtynyň derejesine laýyk gelmegi üçin, dünýäniň iň owadan merkezleriniň birine öwürmegiň wezipesini goýdy. Hut Türkmenistanyň Prezidentiniň özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan taslamalar esasynda, Aşgabadyň az döwrüň içinde «Aziýanyň dürüne» öwrülmegi gazanyldy. Şäher özüniň täze gurlan dolandyryş, senagat, medeniýet we ýaşaýyş jaý ulgamlarynyň gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar. Häzirki Aşgabadyň binagärçiligi türkmen binagärçiligine we döwrebap şäher gurluşygyna mahsus bolan iň gowy däpleri özünde jemleýän aýratynlyklar bilen tapawutlanar.
Biziň gözümiziň alnynda täze şäher – gelejegiň şäheri dünýä inýär. Ýöne Aşgabat birden döräýmedi. Mähriban şäheriň her bir garyş ýeri henize çenli ýazylmadyk gadymy taryh baradaky şaýatnamalardan doly. Aşgabadyň XX asyrdaky taryhy barada azda-kände maglumat bar hem bolsa, onuň gadymyýetine degişli käbir makalalardan başga bütewi bir iş ýazylmady. Onuňam sebäbi patyşa goşunlary tarapyndan, 1881-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda, şäheriň «adybir Ashabad obasynyň golaýynda» düýbüniň tutulandygy hakdaky maglumatyň indi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri biziň boýnumyza dakylyp gelinmegidir. Bu sene sowetler zamanynda ýeke-täk dogry sene hökmünde ykrar edilensoň, Aşgabat şäherine bagyşlanylyp çykarylan neşir önümleriniň ählisinde şu maglumat öňe sürülýärdi(2).
Bu neşirleriň sebäpkärleri arheologlaryň, taryhçylaryň we dilçi alymlaryň eden açyşlaryndan bihabar bolan-a däldirler-dä? Beýle däl bolsa gerek. Baryp 1915-nji ýylda E.Teýle diýen alymyň Aşgabatda çap edilen işinde Aşgabadyň töweregindäki gadymy obalaryň we mazarystanlyklaryň onusy hakda gürrüň berilýär(3). 1955-nji ýylda bolsa akademik A.A.Roslýakowyň hut Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň gadymy ýadygärlikleri hakyndaky çyzgylardyr suratlar bilen bezelen giňişleýin makalasy çap edilipdi? Bu alymyň ýolbaşçylygynda, b.e. öňki III müňýyllykdan başlap, b.e. XIX asyryna çenli wagt aralygyna degişli ýurdumyzdaky 108 sany ýadygärlik öwrenilipdi.(4)
Belli dilçi alym A.Poseluýewskiý we arheolog A.A.Maruşşenko dagy hem Aşgabadyň gadymy şäherdigini nygtapdyrlar. Ýöne 1957-nji ýylda A.Babaýewiň we Z.Freýkiniň (Aşgabatda), W.B.Žmuýdanyň (Moskwada) şol bir «Aşgabad» diýen at bilen neşir edilen kitaplarynda bu maglumatlara üns berilmändir. Şondan iki ýyl geçenden soň, belli taryhçy S.G.Agajanow öz ýazan makalalarynyň birinde, Aşgabadyň gadymy oturymly ýer hökmünde (arakesmeleri hem hasaba alanyňda) iki müň ýyldanam gowrak wagt bäri adygyp gelýändigini açykdan-açyk nygtap belledi.(5)
Iň bir gyzykly ýeri-de A.Babaýew bilen M.Şneýeriň «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň (Aşgabat, 1930, – №XI) maglumatlary esasynda Aşgabat şäheri hakda söz açyp, onuň 1881- nji ýylda tarpdan düýbi tutulandygy hakynda belläp geçmekleridir. Žurnalyň şol sanynda bolsa şäheriň merkezine telefon simini geçirmek üçin çukur gazylanda, gadymy suw geçirijisiniň üstüniň açylandygy barada hem habar berilýär. Onuň üstesine-de, bu ýazarlar Aşgabadyň taryhyndanam söz açmaga synanyşýarlar.(6) Olar 1881-nji ýylda şäheriň düýbüniň tutulandygy hakda gürrüň berip: «Arheologlar, takmynan, iki müň ýyl mundan ozal Aşgabadyň häzirki ýerleşen ýerinde henize çenli näbelli bolup gelen şäheriň bolandygyny subut edýärler» diýip, sözleriniň üstüne goşýarlar.(7) Bu setirlerden bolsa olaryň öz pikirlerine garşy gidýändikleri görnüp dur. Ýöne olary tankyt etmegiň geregi ýok, sebäbi ol döwürde merkeziň resmi taýdan kabul eden senesini üýtgetmek kyn zatdy. Soňra, garaşsyzlyk zamanynda şu setirleriň ýazary(8), taryhçy M.Durdyýew (9) binagär R.Myradow (10) dagy şäheriň adynyň asyl manysyna ýalňyş garaýyşlaryň bolşy ýaly, onuň esaslandyrylan senesi baradaky maglumatlaryňam nädogrudygyna birnäçe gezek okyjylaryň ünsüni çekdi. Aşgabady antik döwründe ýüze çykan şäher hasaplaýan O.A.Hajyýewa hem 1986-njy ýylda bu şäheriň käbir binagärçiligi boýunça goran alymlyk dissertasiýasynda, onuň düýbüniň tutulan senesine täzeden seredilmelidigini aýratyn belläpdi.(11) Ýöne aýry-aýry taryhy öwrenijiler hünärmenleriň getirýän ähli maglumatlaryny ret edýärler. Mysal üçin, 1999-njy ýylda neşir edilen «Туркменистан сегодня и завтра» atly salgynamada: «Paýtagtyň düýbi 1881-nji ýylda tutuldy...» diýilýär.(12) Ynha, ýene bir mysala ýüzleneliň: «1881-nji ýylda düýbi tutulan şähere oňa ýanaşyk obanyň – Ashabadyň ady dakylypdyr».(13) Bu sözler ýaňy-ýakynda (2004ý) neşir edilen suratlar ýygyndysyndan alyndy. Görnüşine görä, Aşgabady gadymylygyndan mahrum ediljek bolunýana meňzeýär. 1881-nji ýyl – ine bar bolany! Haçana çenli biz 1881-nji ýylda patyşa hökümeti tarapyndan esaslandyrylan «söýgi şäheri» hakdaky ertekileri diňläp gezmeli?! Biz patyşa hökümetiniň şäheriň soňky gurlan bölegini abadanlaşdyrmak boýunça alyp baran uly işlerini inkär etmek islemeýäris, ýöne şol bir wagtyň özünde hem şäherimiziň XIX asyrda esaslandyrylan diýlip hasaplanmagy bilenem düýbünden ylalaşmaýarys. Öz taryhymyza sowuk-sala çemeleşmegimizi bes etmegiň wagty ýetdi. Biz XX asyryň aýagynda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň paýtagtyna öwrülen şäheriň düýbüni gadymy döwürlerde tutan ata-babalarymyzyň hatyrasyny belent tutmalydyrys.

Edebiýatlar:

1. Niýazow S. Turkmeny, Turkmenistan, mir: tysýaçeletiýa i XXI wek, swýaz wremen i siwilizasiý. ㅡ Aşhabad, 2000. ㅡ S.46-47.
2. Ahundow A. M. Aşhabad ㅡ wçera, segodnýa i zawtra. Aşhabad: Znaniýe, 1981. ㅡ S.6; Aşhabad (bukled) ㅡ M., B.G.; Babaýew A.,Şneýer M. Znakomtes, Turkmenistan. ㅡ Aşhabad: Turkmenistan, 1981. ㅡ S.31; Babaýew A.,Freýkin Z. Aşhabad (geografiçeskiý oçerk). ㅡ Aşhabad: Turkmensk. gos. izd-o,1957. ㅡ S.21, Batyrow A.,Freýkin Z. Aşhabadu ㅡ 100 let ㅡ Aşhabad: izd-wo ''Turkmenistan'', 1980 ㅡ S.20; £muýda W.B. Aşhabad. ㅡ M.:Gos. izd-wo geogr. liter-ry, 1957. ㅡ S.18; Kaganowskaýa T. Staryýe i nowyýe ulisy w Aşhabade//Pamýatniki Turkmenistana. Aşhabad, 1981. ㅡ No.2. - S.9; Hronika istorii Aşhabada (1881-1975g.g.)/Sost. T.Guşina, G. Melikow, W. Mogilewes. ㅡ Aşhabad: Ylym, 1981. - S.9-10.
3. Teýle E. Spisok nahodýaşihsýa w Zakaspiýskoý oblasti razwalin, peşer, kurganow i dr. pamýatniow stariny. ㅡ Protokoly Zakaspiýskogp kru£ka lýubiteleý arhologii i istorii Wostoka. ㅡ Aşhabad, 1915. ㅡ Wyp. 1. S.-39-40,47.
4. Roslýakow A. A. Melkiýe arheologiçeskiýe pamýatniki okrestnosteý Aşhabada//Trudy ÝUTAKE. ㅡ Aşhabad: Izd-wo AN TSSR, 1955. ㅡ T.V.ㅡ S.71-132.
5. Agad£anow S. Drewen li naş Aşhabad //weçerniý Aşhabad.-12.02.1959.
6. Babaýew A., Freýkin Z. Ukaz. rab. ㅡ S.18-19.
7. Babaýew A., Şneýer M. Ukaz.rab.-S.33.
8. Gundogdyýew O. Tak, skolko £e let Aşhabadu//Weçerniý Aşhabad.-3.07.1992; On £e. Gorod bo£estwennogo Arsaga//Neýtralniý Turkmenistan ㅡ 25.06.2004.
9. Durdyýew M. Çto w imeni twoýem//Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 26.07.1996.
10. Muradow R. Aşhabad: gorod-lýubow-sudba.ㅡ Aşhabad: Turkmen Press, 1996.-S.37-38.
11. Had£iýewa O. A. Arhitektura Aşhabada. ㅡ Aşhabad: Ylym, 1995.-S.24.
12. Ataýew M. A. Turkmenistan segodnýa i zawtra (sprawoçnik). ㅡ Aşhabad, 1999.-S.27.
13.. Aşgabat. Stolisa nezawisimogo neýtralnogo Turkmenistana (fotoalbom). Aşhabad, 2004.-S.36.
Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 611 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwez Gündogdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy ýerler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]