07:37 Aşyk-Abat-Aşgabat | |
AŞYK-ABAT-AŞGABAT
Ir döwürler gadymy türkmen ýaýlasynda elinden dür dokülýän bir agaç ussasy bar eken. Agaç ussasynyň döreden eserleri hemişe sungatyň gaýtalanmajak gözelligi bolupdyr. Ine,bir günem ussat ussa ussahanasyna gelip zatlaryny dörüşdirip oturyşyna öňündäki ýatan agaç bölegine gözi düşüpdir. Göwni joşup, bir owadan gurjak ýasamagy ýüregine düwýär-de, agajy ýonup başlaýar. Ýondugyça döreýän sungata göhi gelip, has çalasyn işläpdir. Halys surnugan ussa eserini dyndym edende, uka gidipdir. Şol döwrüň "men diýip ýören" özüne göwni ýetýän tikinçisi iş bilen ussanyň ýanyna gelýär. Görse, oturgyç üstünde hakyt bir perizat otyr. Ýanyna barsa arman ýöne gurjak. Tikinçi işe girişýär. Uzak zähmetden soň gurjagyň egninde bahar bägülini ýatladýan owadan köýnek peýda bolýar. Gurjakdan göwni suw içen tikinçi göwni hoş uka gidýär. Ussanyň öýüne köne dosty, dili senaly, keramatly kary gadam basýar.Ol gelşine gyzy görüp "Allajanlarym bu ne gudrat"diýip gyzyň daşyndan aýlanyp çykýar. Içinden "Bu gurjaga jan bitse, bir ýigide ne gözel ýar bolar" diýip pikir öwrüp, Allatagala mynajat edýär. Gurjagyň gözlerine hereket gelip başlaýar. Molla muňa begenip "Eý ho janlandy" diýip ala-goh edip gygyrýar. Onuň sesine ussa we tikinçi tisginip oýanýar. Görseler hälki gurjagyň ýerine hakyt bir gözel gyz otyr. Ussa gyza tarap süýşüp, ony gümansyz öz eseri hasaplap barýarka,kary ony çekýär. Şeýdip turýar bir dawa her kim ony eseri hasaplaýar. Onýança gyz ýerinden galkyp, uz basyp ýöremäge başlaýar. Munuň ýöreýşine dawa kesilip,her kim gyza seredip aňk bolýar. Gyzyň öňünden ussanyň şägirdi Aşyk atly bir ýigit çykýar. Oglan oňa bir bakyşda aşyk bolup adyny soraýar. Gyz "Abat" diýip pyşyrdaýar. Oglan gyza ýürek duýgularyny duýdurýar. Hälki ussadyr kary hem tikinçi bulary synlap durdular. Şeýdip, gyzy Aşyga bagyşlaýarlar. Aşyk bilen Abat gidip,türkmen iliniň bir obasynda mekan tutýarlar. Söýginiň, bagtyň tagtyny gurýarlar. Şeýdibem, bularyň Aşyk-Abat adyndan “Aşgabat” atly uly merkeziň düýbi tutulýar. Häzirem ol şäher gülleýär, ösýär. Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty diýlip tutuş dünýäde tanalýar. Bu gün dünýä ýüzi aşyklaryň ak şäheriniň gözelligini görmäge gelýärler. Aşyk bilen Abadyň nesilleri bolsa onuň goýnunda asuda hem bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýarlar. Haýtmyrat IKRAMOW, Türkmen oba hojalyk instutynyň 2-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |