16:20 Asyrlaryñ ýañy | |
ASYRLARYÑ ÝAÑY
Ýadygärlik sözüniň özi adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Sebäbi: «Şujagaz sowgat pylanydan ýadygärlik» diýip, berlen zady apalap saklaýarsyň, ýadygärlik beren adamyňykbalýollaryny çöşlemekçi bolýarsyň, yzynda ýadygärlik goýup gidýän adamyň ýöne däldigini duýýarsyň. Ýadygärligiňe buýsandyrjak bolsaň bu dünýäde beýik işleri amala aşyrmaly. Diýmek, öz döwründe ajaýyp binalary nesillere sowgat — ýadygärlik goýan türkmen ogullarynyň kalplary ene topraga, ata Watana, bütin halkyna bolan söýgüden, mähirden pürepür bolmaly. Olaryň gudratly türkmen topragynyň üstünde gurduran binalary bu günki gün ýadygärlik toplumlary bolup, müňýyllykly asyrlaryň jümmüşinden ýaňlanýan belent owaz, müdimilige çalymdaş akabanyň şildireýän sesi bolup eşidilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen adamzadyň taryhynda ylmytaryhy, medeni ähmiýete eýe bolan milli gymmatlyklarymyzy, taryhy medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, olarda rejeleýiş işlerini geçirmek, täzetäze ýadygärlikleriň üstüni açmak we olary öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»diýen şygar bilen geçmegi, mähriban Arkadagymyzyň adybir birinji we ikinji kitaplarynyň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi türkmeniň nesil dowamatyna geçmiş taryhymyzy, ýadygärlikler baradaky rowaýatlary has içgin öwrenmäge giň mümkinçilik açdy. Bu bolsa her bir ýürekde milli medeniýetimize we taryhymyza bolan buýsanjy hemde watançylyk duýgusyny oýardy. Ýurdumyzda bar bolan arhitektura, arheologik, taryhy ýadygärlikler dürli maksatlar bilen salnypdyr we ulanylypdyr. Olaryň sünnälenip salnyşy her döwrüň öz ussat arhitektorlarynyň, binagärleriniň, ussalary nyň bolandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Beýik seljuk türkmenleriniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň heniz aýatda dirikä «Ebedilik mekany» hökmünde saldyran aramgähi gündogar arhitekturasynyň gaýtalanmajak eseri diýlip ykrar edilýär. Gadymy Merwiň, Daşoguzyň, Amulyň, Dehistanyň türkmeniň deňi-taýy bolmadyk gözel topragynda bina edilen ajaýyp ýadygärlikleriniň haýsyny alsaň hem, dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekip bilipdir, olar üstünden her dürli wakalary geçiren hem bolsalar, özle riniň binagärlik görnüşlerini saklapdyrlar. Bu bolsa türkmen halkynyň öz geçmiş taryhynyň bir bölegi bolan ýadygärlikleri gözüniň göreji ýaly aýap bilendiginden habar berýär. Hormatly Arkadagymyz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle ýazýar: «Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorapsaklama gy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi. Şoňa görä-de, türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar». Bu, hakykatdan hem, şeýle. Asyrlaryň ýaňy bolup ýaňlanýan şol başlangyçlara, birwagtky ýadygärliklere bugünki gün mawzoleýler hökmünde garalýar, olara zyýarat etjekleriň sany köpelýär. Arada Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri, Kerimberdi işanyň neslinden bolan Muhammetnur ahunyň metjidiniň täzeden dikeldilen ýerine baryp görmek miýesser etdi. — Garry babam Muhammetnur ahun şu metjitde çagalara sowat öwreder eken. Ynha, içindäki tekjelerde galan kitaplar, hat ýazylan kagyz bölekleri, diwaryň ýüzündäki ýazgy türkmenleriň hemişe ylma-bilime höwesek bolandyklaryny, dünýägaraýyşlaryny ösdürmeklige ymtylandyklaryny görkezýär. Metjidiň durkuny täzelemegi, täzeden rejeleýji işlerini geçirmegi özümiziň atalarymyzyň öňündäki beýik borjumyz hasapladyk we bu işi rejeleýji hünärmenleriň taýýarlan çyzgylary hem-de maslahatlary boýunça ýerine ýetirip, ata-babalarymyzyň ruhunyň şat bolmagyny arzuwladyk. Metjide gadymy ýadygärlik hökmünde gyzyklanma bildirip gelýän adamlaryň sany artýar. Geçmiş taryhymyza nazar aýlamaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun — diýip, telekeçi Çary Kadyrow ýürek buýsanjyny beýan etdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň höwes bilen zyýarat edýän ýadygärlikleriniň sany artýar, bu bolsa dünýä jahankeşdelerinde hem Türkmenistana gelip görmäge, ýadygärliklerimiz bilen tanyşmaga bolan duýgulary, arzuwlary oýarýar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, şu ýerde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hemde rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Nurbadowa hem birnäçe sowal bilen ýüzlenmegi makul bildik. —Abdylla Kasymowiç, soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleriň ýene-de birnäçesi ýüze çykarylypdyr... — Hawa, bu hut şeýle. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda biziň hünärmenlerimiziň geçirýän arheologikgözleg işleriniň netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öň näbelli bolan birnäçe ýadygärlikleriň üsti açyldy. Ýadygärliklerde geçirilen rejeleýiş işleri barada aýdylanda, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýyny, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Madaw obasynyň çäginde ýerleşýän Juma metjidini bellemek ýeterlikdir. Bu çägiň esasy merkezi Türkmenistanyň günortagünbatarynda, Etrek derýasynyň aşaky akymynda ýerleşen gadymy we ortaasyr welaýaty Dehistan ýada Misriandyr. Ol ýerleriň öz döwründe gülläp ösen ajaýyp mekan bolandygyny Magtymguly atamyzyň: Dehistanyň baýrynda, Badysabany görsem. — diýen setirlerinden hem aňyp bolýar. — Ýadygärlikleriň çeperçilik gymmatlyklary ýokary. Şeýle bolansoň, bu gözellikler syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni has hem özüne çekýän bolmaly. Bu ýagdaýlar ykdysady ösüşlerimizede täsir etse gerek? — Häzirki döwürde içerki syýahatçylygy halkara derejede ösdürmek we daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmek babatda uly mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde ýurdumyzyň baý tebigatyny, gözelliklerini synlamaga, taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga isleg bildirýän adamlaryň sany güngünden artýar. Diýarymyzyň taryhy we medeni mirasyna, ýagny arheologiýa, taryhy ýadygärliklerine zyýarat, gezelenç etjek türkmen halkynyň we daşary ýurt jahankeşdeleriniň sanynyň artmagy döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ýokarlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirer. Gürrüňdeşligimize «Gadymy Dehistan» döwlet taryhymedeni goraghanasynyň müdiri Aýmämmet Rahymow hem goşuldy. Ol: — Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň 2019njy ýylyň baş şygaryny «Türkmenistan— rowaçlygyň Watany» diýip yglan etmegi bilen Watanymyzyň geçmişdäki ýerli hemde halkara gatnaşyklardaky ösen medeniýetiniň taryhynyň üstüni täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak, olary ylmy taýdan döwrebap öwrenmek, wagyz etmek işleri giňden ýaýbaňlandy. Goja Hazaryň gündogar kenar ýakalaryndaky gadymy topragynyň üstündäki sähradüzlüklerindäki, baýyrdaglyklaryndaky, gyrlaryndaky, derýa we deňiz boýlaryndaky ýadygärlikler özüniň geçmişi, gurluşy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Magtymguly etrabyndaky Sumbar derýasynyň ajaýyp jülgesinde ösen giçki orta asyrlar bilen senelenýän ýadygärlik toplumlary saklanyp galypdyr. Ýuwangala obasynyň golaýynda Şyh-Öwezberdiniň kümmeti gündogar ýurtlarynyň binagärliginiň mahsus däplerini özünde jemleýär. Şyh-Öwezberdi baradaky rowaýatlarda onuň lukman bolandygy aýdylýar. Magtymgala obasyndaky "Magtym Mäzem" ýadygärligi hem özüne çekiji, halk arasynda aýdylyşyna görä, Magtym (Magsym) diýmekligi aňladyp, «mäzem» goşundysy «beýik» diýen aňlatmany berýär. Magtym Mäzeme sopuçylykda ýokary dini derejelere ýetendigi üçin şeýle at berlipdir. Magtym Mäzem Etrek-Gürgen sebitlerinde on ýyllap hökümdarlyk edipdir. Ol aradan çykanda sopulary onuň jesedini akmaýanyň üstüne ýükläp, düýe nirede çökse, şol ýerde hem jaýlamaly edipdirler. Ol ýer Sumbar derýasynyň beýik kenarynda, tebigatyň örän ajaýyp ýeri bolýar. Magtym Mäzemiň kümmetini ussalar üç gezek synanyşyk edenlerinde hem galdyryp bil mändirler, şeýle bolansoň, Yspyhandan ýörite binagär ussa çagyryp getiripdirler. Binanyň ýerasty daşdan esasynyň bolandygy ýüze çykaryldy. Şyh-Attaryň kümmetiniň daştöweregi dag bi len gurşalan. Rowaýatlara görä, ol sopy şahyrlaryň arasynda meşhur eken. Onuň doly ady Feridetdin Muhammet, edebi lakamy Attar eken. Ol köp ýurtlarda syýahatda bolupdyr. Şyh Attaryň kasydalar we gazallar diwany hemde «Mantyket taýr», «Tezkiretil-öwlüýä» atly kitaplary şol döwrüň möhüm eserleri eken. Il içindäki sylagy mynasybetli oňa kümmet galdyrylýar. Şahyr Mahmyt Gaýyby ol barada şeýle setirleri ýazýar: Hakykat çyn aşyklar, Girgil ýola merdana. Rehnemadyr bu ýolda ŞyhAttar diwana. - — diýip, gyzykly gürrüň berdi. Türkmenistanyň çägindäki ýadygärlikler barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Olar gaýtalanmajak eser bolanlaryndan soň, soňlanmajak mukam bolup kalplara siňip gidip otyr. Ogulbaýram REJEPOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |