10:26

Ata Mäneli we basmaçylara garşy döredilen otrýadlar

ATA MÄNELI WE BASMAÇYLARA GARŞY DÖREDILEN OTRÝADLAR

XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda sowetlere garşy göreşen toparlar bilen alnyp barlan söweşlere gatnaşan O.Täçmämmedow şeýle ýazýar: “…maňa we G.Nazarowa Baýram Lagary, Berdimyrady we Ata Mänelini ýok etmek üçin meýletin milisiýa otrýadyny döretmeklik tabşyryldy. Biziň otrýadymyzda 100-den gowrak adam bardy.
Bulardan başga-da, bu işe Tejeniň, Aşgabadyň we Marynyň meýletin milisiýa otrýadlary we atly bölümiň pulemýot wzwody gatnaşmaly edildi” (TSRMDA, g. 51, ý. 16, iş 769, s.101.). Şol wagtlar Baýram Lagaryň we Ata Mäneliniň topary Kyrkguýy, Eşekaňňyran we Toraňňyly guýularynyň töwereginde hereket edýärdiler. 1923-nji ýylyň iýul aýynda G.Nazarowyň we O.Täçmämmedowyň otrýady olaryň garşysyna ugradylýär. Emma O.Täçmämmedowyň ýazmagyna görä, 4 sagatlap dowam eden söweşiň netijesinde, Koýkum (?) diýen ýerde sowet otrýady garşydaşlaryny gabawa alyp bilmeýär. Bu ýerden sowetlere garşy göreşýänler özleriniň esasy güýçleri bilen birikmek üçin Kyrkguýa tarap gidýärler. “Kyrkguýyda ýene-de söweş boldy, diýip – O.Täçmämmedow ýazýar. – Biziň pulemýotlarymyz basmaçylara örän uly täsir etdi. Söweş meýdanynda birnäçe adamlarynyň maslygyny galdyryp, olar Babadaýhan obasyna tarap gitdiler. Biz ýitgi çekmedik. Babadaýhanyň ýabyna ýetenimizde biz olaryň üstünden bardyk we söweşe girdik. Söweş diýseň gazaply boldy, ýöne olaryň iki tarapyndan aýlanmak we zarba urmak bize başartmady. Olar söweş meýdanynda 1 öldürilen we 3 sany ýaraly ýigidini galdyryp yza çekildiler. Ýaraly ýigitleri biz ýesir aldyk. Biz olardan sorag edip (ol 1924-nji ýylyň noýabrynda TSSR HKS-nyň ýanyndaky Basmsoweşaniýeniň upolnomoçennisi bolupdyr), basmaçylaryň üçe bölünendigini anykladyk: Ata Mäneli – Mara, Baýram – uly bolmadyk topar bilen Eşekaňňyrana we Toraňňyla, galanlary bolsa Berdimyradyň, Baýram Semiziň, Annaguly Saryýewiň baştutanlygynda Aşgabada tarap gidipdirler” (TSRMDA, s.103.).
Mara tarap giden Ata Mänelini yzarlamaklygy Türkmen oblastynyň iň söweşjeň milisiýa (Poltorask) otrýadyna tabşyrylýar. Dogrusy, bu otrýada birinji jahan urşunda şöhrat gazanan Teke atly polkunyň öňki kiçi serkerdeleri G. Nazarow bilen H. Jümmiýew baştutanlyk edýärdiler. Ata Mäneli Mary bilen Sarahsyň aralygynda sowet otrýadlary bilen birnäçe gezek çaknyşýar. Şunda ýigitleriniň birňäçesini ýitirýär. Emma Ata Mäneli we onuň ýigitleriniň ählisi diyen ýaly ot-ýalyndan geçen gaýduwsyz adamlar bolupdyrlar. Aslyýetinde şol döwürler Hojaguly handan soň Ata Mäneli, Berdimyrrat Aksakal, Baýram Lagar il içinde giňden tanalan adamlar bolupdyrlar. Ýöne şolaryň arasynda hem iň tanalýany Ata Mänelidi. Şonuň üçin hem Ata Mäneli hakynda has köp arhiw maglumatlary saklanyp galypdyr.
Ata Mäneliniň ömür ýoly juda gysga bolan-da bolsa, onuň başyndan geçiren wakalary 1920-1925-nji ýyllaryň adam ykballary bilen baglanyşykly howsalaly wakalary, döwrüň adamlarynyň durmuş hem-de syýasy garaýyşlaryny, aň-düşünjesini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Ata Mäneliniň özi barada aýdylanda, ady rowaýata öwrülen bu şahsyýet barada häzirki bu güne çenli Mary hem-de Tejen sebitlerinde halk arasynda dürli gürrüňler ýaşap gelýär. Bu adam barada ýazyjy A.Şagulyýew “Ata Mäneli” ady bilen iki kitapdan durýan taryhy roman hem ýazdy (A.Şagulyýew, 1992, 1994.).
Ata Mäneli garyp daýhan maşgalasynda dünýä inipdir we garyplygyna-da galypdyr. Bu barada XX asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda sowet häkimiýetini gurmaga gatnaşan Z.G.Gabitow şeýle ýazgylary galdyrypdyr: “Meniň hut özüm Mäne obasynda bolup, Atanyň kakasyny hem-de ejesini gördüm. Olaryň oraçasyny görseň, öý diyip aýtmaga diliň baranok, hut taýaklarynyň üstüne köne keçe atylan çatmaň bar-da. Ine, synpy duşmanlar garybyň şular ýaly garyp ogluny sowet häkimiýeti bilen göreşmek üçin bandanyň başlygy edip ýetişdiripdirler” (TSRMDA, g. 51, ý. 16, iş 195, s.25-26.).
Z.G.Gabitowyň “Mäne obasynda boldum” diýýäni 1924-1925-nji ýyllar, ýagny Ata Mäneliniň wepat bolmazynyň öňýanlary bolmaly. Türkmenistanda raýatlyk urşy başlanda “Ýeni Türkistan” žurnalynda “Miralaý” (Polkownik) diýip tanadylan (Ýeni Türkistan, 1931, s.3-9.) 16-17 ýaşlaryndaky Ata Berdiniýaz ogly Oraz Serdaryň serkerdeligindäki akgwardiýaçy goşunlarynyň düzüminde söweşýär (TSRMDA, iş 833. s.283.).
Uruş tamamlanandan soň ýene-de öz obasyna dolanyp gelýär. Özüniň asyl gelip çykan ýeri bolandygy üçin ol häli-şindi Mara (Ata Mäneli milisiýa edaralarynyň resminamalarynda “Ata Berdiniýazow” ady we “Ata Mäneli” lakamy bilen tanalýar. Gürrüňi edilýän döwürde ol häzirki Altyn Asyr etrabynyň Mäne obasynda ýaşapdyr, şol sebäpden oňa “Mäneli” lakamy galypdyr. Hakykatda ol arhiw maglumatlarynyň şaýatlyk etmegine görä, 1902-nji ýylda Merw uýezdiniň Syçmaz-Körsagyr obasynda doglupdyr. Ýöne çagaka ýa-da ýetginjek wagtlary onuň ata-enesi bilen Mäne obasyna göçüp giden bolmagy ähtimal. Zakaspı Oblastynda Sowetlere Garşy Hereketıň Taryhyndan 1920-1925-Njı Ýyllar) we obasy Syçmaz-Körsagyra gelýär eken. Ata Mäneli hakynda köp maglumatlary toplan we onuň toparyna garşy söweşlere gatnaşan K. Hümmedow onuň ata çykmagynyň sebäbini bir baý adam bilen at üstünde dörän dawa bilen baglanyşdyrýar. At üstünde turan şol dawa ahyrynda baýyň öldürilmegi bilen tamamlanýar. Netijede, Ata Mäneli baýyň hossarlary bilen öçli bolupdyr, galyberse-de, adam öldürendigi üçin onuň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr. Şu ýagdaýyň özi Ata Mänelini hemişe at üstünde bolmaklyga mejbur edýär (TSRMDA, s. 296-297.).
Ata Mäneli Marynyň belli baýlary Köpek baý, Durduk baý, Jopban baý, Saryja baý ýaly täsirli adamlar bilen gatnaşyk saklapdyr. K. Hümmedow “baýlar ony öz ogullary ýaly eý görýärdiler” diýip ýazýar (TSRMDA, s.290.). Häli-şindi baýlaryň üstüne olaryň emlägini hasaba almak we salgyt salmak üçin hökümet tarapyndan iberilýän wekiller Ata Mäneli tarapyndan goralýandygy sebäpli baýlaryňka barmaga çekinipdirler (TSRMDA, s.286-287.). Gözsüz batyr, juda dogumly, barypýatan mergen ýigit bolansoň, Ata Mäneli baýlaryň mallaryny-mülküni goramaga ýardam edýär eken. Döwür asuda bolmansoň, kähalatlar daşary ýurtly galtamanlar çopanlary öldürip, Marydan mallary sürüp äkidýär ekenler. K.Hümmedowyň şaýatlyk etmegine görä, bir gezek Jopban baýyň birnäçe sürüsini daşary ýurtly galtamanlar sürüp äkidipdirler.
Mallary Merw uýezd milisiýa otrýady hem galtamanlaryň elinden gaýtaryp alyp bilmändir. Jopban baý Ata Mänälä ýüz tutýar. Ata Mänäli ýanynyň birnäçe ýigidi bilen galtamanlaryň yzyndan ýetip, baýyň ähli mallaryny yzyna dolap getirýär (TSRMDA, g. 51, ý. 16. iş 833. s. 297.).
Arhiw resminamalarynda Ata Mäneli “basmaçy”, “bandit”, “galtaman” diýlip atlandyrylsa-da, onuň güýjüne baýrynyp bigünä adam öldürendigi, ejize zorluk edendigi, parahat ilaty talandygy bilen baglanyşykly maglumatlar ýüze çykarylmady. Tersine, K. Hümmedow “şol döwrüň adamlary düşünjesiz bolandyklary üçin daýhanlar Ata Mänelini zerur maglumatlar, gerek-ýarak zatlar bilen üpjün edýärdiler” diýip ýazýar (TSRMDA, s. 290.). Aslyýetinde sowetlere garşy göreşýänler döwlet edaralaryny, kooperatiwleri, ammarlary, soňra bolsa kolhoz-sowhozlaryň emlägini talaýardylar. Emma Ata Mäneli şeýle talaňçylyklary hem etmändir. Öýlenmedik ýigit bolsa-da, kesekiniň maşgalasyna göz gyzdyrmandyr, ýogsam sowetlere garşy hereketiň taryhynda juda seýrek duşan hadysa bolsa-da, garaz gyz süýremek hem bolupdyr. Şeýlelikde, 1921-ni ýylyň ahyrlaryndan – 1925-nji ýylyň oktýabryna çenli sowet milisiýa otrýadlary, ine şeýle adam bilen iş salyşmaly bolupdyrlar.
1921-1923-nji ýyllarda Ata Mäneliniň hereketi esasan baýlary sowet häkimiýetiniň wekillerinden goramak bilen baglanyşykly bolupdyr. 1924-nji ýylyň dekabryndaky maglumatda onuň üç ýyl bäri hereket edip gelýändigi hakyndaky maglumata salgylansak, onda onuň 1921-nji ýyldan bäri sowet hökümeti bilen iş salşyp gelýändigini anyklamak bolýar. Ýöne ýyl-ýyldan güýçlenýän sowet hökümeti hem öz syýasatynyň amala aşyrylmagyna päsgel berýän toparlara garşy göreşi güýçlendirýärdi.
Eýýäm bellenilip geçilişi ýaly, şu maksat bilen uýezdlerde, wolostlarda ýörite maksatlar üçin milisiýa otrýadlary döredilýärdi. Olar hökümetiň syýasatyndan nägile güýçleri, olary goldaýanlary hasaba alýardylar, olaryň garşysyna operatiw çäreleri geçirýärdiler. Şol sebäpden hem ilki 1922-nji ýylyň, soňra bolsa 1924-nji ýylyň operatiw maglumatlarynyň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, Ata Mäneliniň ady hem tiz-tizden tutulyp ugraýar.
1924-nji ýylyň dekabrynda Merw okrugynda 5 sany topar hereket edipdir:
1-2. Ata Berdiniýaz ogly bilen Gurt Sähetli oglunyň 35 atlydan ybarat bilelikdäki topary;
3. Illi Moşşy (Hoja ?) – 14 adam;
4. Gagşalyň topary – 12 adam;
5. Annamyrat serdaryň topary – 100 adam.
Annamyrat serdaryň topary öň Lebap boýlarynda hereket edýär eken, ýöne bu döwürde ol Merw okrugynyň çägine aralaşypdyr. Bu toparlaryň esasy hereket eden ýerleri Baýramaly, Utamyş we Togtamyş wolostlary bolupdyr (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 6, s. 34.).
1924-nji ýylyň dekabr aýynda Merw okrugyndaky sowetlere garşy göreşen toparlaryň käbirleri, şol sanda Ata Mäneli hem sowet hökümetiniň geçiren wagyz-nesihat we düşündiriş işleriniň netijesinde, şol döwürde aýdylyşy ýaly “sowet hökümeti bilen ýaraşýarlar”. Olar:
1. Meret Anna ogly, 38 ýaşynda, Sarahs wolostynyň Ata obasynyň ýaşaýjysy.
Aýalyny zorluk bilen elinden alandyklary üçin ata çykypdyr. Bir ýarym ýyl bäri hereket edip gelýär;
2. Ata Berdinyýazow, 23 ýaşynda, Merw uýezdiniň Syçmaz-Körsagyr obasynda doglan, gelip çykyşy boýunça daýhan. Ar almak üçin ata çykan. Üç ýyl bäri hereket edip gelýär.
3. Gurt Sähetli ogly, 32 ýaşynda, Merw uýezdiniň Togtamyş wolostynyň Baýly Çilçeken (?) obasynda doglan. Aýalyny zorluk bilen elinden alandyklary üçin ata çykypdyr. 10 aý bäri hereket edýär.
4. Rejep Mämmetguly ogly, 27 ýaşynda, Merw uýezdiniň Utamyş jemagatynyň obasyndan (?). Ata çykmagynyň sebäbi belli däl. Bir ýyl bäri hereket edip gelýär. Bu dört topardan jemi 23 ýigit ýaragyny tabşyrýar. Olar 22 sany tüpeň, 500 sany ok, birnäçe sapança tabşyrýarlar (TMDA, g. 3/78, ý. 1, iş. 14, с. 204.). G.I.Karpowyň maglumatlaryna görä, şol döwürler, ýagny 1924-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan boýunça 46 sany sowetlere garşy göreşýän ýaragly toparlar bolup, olardan Poltorask okrugynda – 7; Merw okrugynda – 15; Çärjew okrugynda – 11; Kerki okrugynda – 5; Daşhowuz okrugynda bolsa 8 sany topar hereket edipdir, olaryň düzüminde bolsa 2059 sany ýaragly ýigit bolupdyr ( TMDA, g. 313, ý. 1, iş 44, s. 125.).
TSSR GPU-nyň başlygy Karuskiniň 1924-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Orta Aziýa GPU-na beren hasabatynda Ata Berdiniýazowyň serkerdeliginde 18 atlynyň Merwde meýletin ýaraglaryny tabşyrandygyny, ýene-de 9 adamyň galandygyny, olaryň hem ýakyn günlerde ýaraglaryny taşlajakdyklary aýdylýar. Şol hasabata görä, Ata Mäneliniň topary 14 tüpeň, 400 ok we 4 sany sapança tabşyrypdyr (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 6, s. 12.).
Agzalan toparlar ýaraglaryny tabşyranlaryndan soň Tejen-Mary taraplarda az-kem ümsümlik aralaşýar. Emma 1925-nji ýylyň fewralynda Ata Mäneli ýanynyň 10 atlysy bilen ýene-de sowet hökümetine garşy herekete başlaýar. Arhiw maglumatlarynda Ata Mäneliniň gaýtadan ata çykmagyna baýlaryň sebäp bolandyklary barada aýdylýar. 1925-nji ýylyň fewralynda Mary şäherinden uzak bolmadyk Seýit Nasyr öwlüýäniň golaýynda bolan uly toýda, hamana Jopban baý Ata Mänelini ýanyna çagyryp, oňa gaçmasa ýakyn günlerde tussag ediljekdigini aýdanmyş (TSRMDA, g. 51, ý. 16. iş 833. s.294.). Zakaspı Oblastynda Sowetlere Garşy Hereketıň Taryhyndan (1920-1925-Njı Ýyllar).
Netijede, Mary-Tejen taraplarda ýagdaý ýene-de çylşyrymlaşýar. Şol sebäpden hem Tejen taraplarda hereket edýän we Ata Mäneliniň toparyna garşy 50 atlydan ybarat çalt hereket edýän milisiýa otrýady iberilýär. Bu otrýad ikä bölünip, biri tejenli toparyň, beýlekisi bolsa Ata Mäneliniň garşysyna hereket edýär. 1925-nji ýylyň 23-nji fewralynda säher bilen Marydan 120 wýorst daşlykdaky Gara Burun diýen ýerde G.Puldykowyň serkerdeligindäki otrýad Ata Mäneliniň 15 atlydan ybarat toparynyň 6 adamlyk böleginiň yzyndan ýetip söweşe girýär. Bu toparda Ata Mäneliniň özi hem bar eken. Söweşiň netijesinde Atanyň ýigitlerinden Aky Jalaý bilen Meleje öldürilýär, Atanyň özi bolsa ýaralanýar. Sowet otrýadyndan milisiýa işgäri Polýakow öldürilýär, 4 sany milisiýa işgäri, şol sanda G.Puldykow hem ýaralanýar. Söweşde ýaralansa-da, Ata Mänelä ýoldaşlarynyň kömegi bilen gaçyp sypmak başardýar (TMDA, g. р-78, ý. 2, iş 53, s. 2;
Şol ýerde, iş 57, s. 4.).
1925-nji ýylyň ýazynda Ahalyň we Tejeniň gumunda hereket edýän Baýram Lagaryň, şeýle hem Tejeniň gumunda hereket edýän Ata Ýagşysähedowyň garşysyna hem çäreler güýçlendirilýär. Netijede, 1925-nji ýylyň 2-3 maýynda Baýram Lagar G.Nazarowyň Poltorask otrýady tarapyndan ýesir alynýar, 4-nji maýda bolsa G.Puldykowyň serkerdeligindäki Tejeniň çalt hereket edýän milisiýa otrýady Ata Ýagşysähedowyň toparyny ýok edýär. (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 296, s. 124.) Şol söweşde sowetleriň tarapyna geçen Meret Murt hem öldürilýär. Meret Murt öldürilenden soň onuň ýigitleriniň aglabasy ýene-de hökümede garşy urşup başlaýarlar.
Şundan soň Ata Mäneliniň ýigitlerini yzarlamak we ýok etmek maksady bilen Poltorask milisiýa otrýady hem Tejene gelýär. 1925-nji ýylyň iýun aýynda Berdimyradyň we Ata Mäneliniň toparlary Tejeniň aýagyndaky gumda birleşýärler. 20-nji iýundan başlap Berdimyradyň we Ata Mäneliniň toparyny G. Puldykowyň we Bobikowyň milisiýa otrýadlary bilen bir hatarda, G.Nazarowyň we H.Jümmiýewiň serkerdeligindäki Poltorask otrýady hem yzarlap ugraýar.
Bu otrýad 1925-nji ýylyň 24-nji iýulynda gumuň içindäki Toraňňyly diýen ýere gelip, Berdimyradyň we Ata Mäneliniň toparynyň Üçburç diýen ýerde ýerleşýändigini anyklaýar. 27-nji iýulda ir sagat 10-da sowet otrýady Berdimyradyň toparynyň yzyndan ýetýär we bada-bat söweşe girýär. Emma Berdimyradyň ýigitleri söweşe girmän demirýola tarap gidýärler. Sowet otrýady olary yzarlap ugraýar. Yzarlanylýan döwürde Berdimyradyň ýigitlerinden 3-si öldürilýär, biri bolsa ýaralanýar. Berdimyradyň topary Sarahsa tarap ýoluny dowam etdirýärkä, Tejen bilen aralykda ýaraly ýigit aradan çykýar (TMDA, g. р-78, ý. 2, iş 53, s. 6.). Şundan soň sowet otrýady dynç almak üçin Tejene dolanyp gelýär.
1925-nji ýylyň 1-nji awgustynda otrýad Tejenden çykyp, ýene-de Sarahsa tarap ugraýar. Sowet otrýadynyň razwedkaçylary Berdimyradyň we Ata Mäneliniň toparynyň 13 atlydan ybaratdygyny anyklaýar. Olar sowet otrýady bilen bolan birinji söweşde 4 atlysyny ýitirýärler. 2-nji awgustda sowet otrýady Sarahsyň Ata obasynda düşleýär we 3- nji awgustda yzyna – Mara tarap ugraýar. Berdimyradyň-Ata Mäneliniň birleşen topary barada aýdylanda bolsa, ol 2-nji awgustda Sarahsa ýetmäge 70 wýorst galanda GPU-nyň 12 atlydan ybarat bolan toparynyň üstünden barýar. Iki tarapdan hem söweş başlaýar. Söweşde GPU-nyň otrýadyndaky esgerleriň ählisi öldürilýär. Bu ýerde Ata Mäneliniň toparyndan hem bir ýigit wepat bolýar. 3-nji awgustda Mara tarap barýan milisiýa otrýady wepat bolan 12 sany sowet esgerleriniň jesediniň üstünden barýar.
G.Nazarowyň we H.Jümmiýewiň Poltorask milisiýa otrýady 4-nji awgustda Mara gelýär, ýöne olar Berdimyradyň we Ata Mäneliniň birleşen toparlary bilen söweşe giren Bobikowyň serkerdeligindäki Merwiň 30 atlydan ybarat milisiýa otrýadyna kömek bermek üçin haýal etmän ýene-de yzyna ugradylýar. Bobikowyň Merw otrýady Mara dolanyp gelýär. Ata Mäneli ýoldaşlarynyň biri bilen Berdimyradyň ýanyndan aýrylyp Mara gaýdýar, Berdimyrat bolsa ýanynyň iki sany ýoldaşy bilen Tejene gidýär. Berdimyrady yzarlamak üçin Poltorask otrýadyndan H.Jümmiýewiň serkerdeliginde 23 atly ugradylýar. Bu otrýad Tejene barýarka 10-njy awgustda Marynyň 46 wýorst demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Senemgala diýen ýerde Berdimyradyň topary bilen çaknyşýar. Şonda Ata Mäneliniň ýakyn egindeşleriniň biri, tanymal ýigit Illi Kel wepat bolýar (TMDA, g. Р-78, ý. 2, iş 23, s. 4.). Berdimyrat ýanyndaky ýoldaşy bilen Tejende gizlenýär. Berdimyrat soňra 1926-njy ýylyň 4-nji sentýabryna geçilýän gije GPU tarapyndan guralan operatiw çäräniň netijesinde öz ýoldaşlary tarapyndan öldürilýär (TSRMDA, g. 1, ý. 3, iş 147, s. 18; TMDA. g. р-78, ý. 2, iş 53, s. 5.). Şundan soň G.Nazarow bilen H.Jümmiýewiň otrýady Ata Mäneliniň hereket edýän Merw okrugyna tarap ugraýar.
3-nji awgustda Ata Mäneliniň topary Marydan 40 wýorst demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Düýeçöken depäniň töwereginde Georgiýewiň serkerdeligindäki Merwiň meýletin milisiýa otrýady bilen çaknyşýar. Sowetler üçin netijesiz tamamlanan çaknyşykdan soň Ata Mäneli Sarahsa gitmek üçin Ýolötene tarap ugraýar.
Ata Mäneliniň hereketiniň has işjeňleşmegi, milisiýa otrýadlarynyň işiniň kynlaşmagy, has beteri-de, GPU-nyň otrýadynyň ýok edilmegi içeri işler edaralarynda, aýratyn hem Merw, Tejen, Poltorask milisiýa bölümlerinde uly aljyraňňylyk döredýär. Munuň özi sowet hökümetini harby çäreler bilen bir hatarda, sowetlere garşy göreşýänler babatynda göreşiň netijeli, gizlin ýollaryny agtarmaga mejbur edýär we olara garşy has ýowuz çäreleri geçirmäge itekleýär. 1925-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Merw okrug milisiýasynyň ýanynda döredilen “Basmaçylyga garşy göreşmek boýunça maslahat” (Басмсовещание) Ata Mänelini yzarlap ýören, ýöne bu işde göze ilerlikli üstünlik gazanyp bilmeýän G.Nazarowyň, H.Jümmiýewiň we Georgiýewiň otrýadlaryny
Tejenden Mara çagyrmagy we olaryň ikisini birikdirmegi karar edýär. Okrugyň “Basmaçylyga garşy göreşmek boýunça maslahaty” birleşen otrýada Ata Mäneliniň topary babatynda berk çäreleri geçirmegi we ony derbi-dagyn etmän Merwe dolanyp gelmegi gadagan edýär (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 296, s. 68.). Netijede, Ata Mäneliniň toparyny ýok etmekde iň aýgytly hem-de jogapkärli döwür başlaýar.
1925-nji ýylyň 1-nji awgustynda Merw okrugynyň gözleg işleri bilen meşgullanyp ýören meýletin milisiýa otrýady tarapyndan gaçakçy söwda edýändigi üçin Merw okrug GPU-sy tarapyndan garşysyna jenaýat işi gozgalan S. Garrybaýew ele salynýar. Sebäbi içeri işler guramalary Ata Mäneliniň Gowşutbendiň Babajan öwlüýä diyen ýerindäki “Ýede Aýuzuluk” (çeşmede şeýle? belki “Ýedi Agzyýolukdyr” ?) obasynda ýaşaýan S.Garrybaýewiň öýünde köp düşleýändigini anyklapdyrlar. S.Garrybaýew bilen geçirilen degişli işleriň netijesinde içeri işler guramalaryna ony hyzmatdaşlyk etmäge yrmak başardýar. S.Garrybaýew Ata Mäneli we onuň her bir hereketi barada içeri işler Zakaspı Oblastynda Sowetlere Garşy Hereketıň Taryhyndan (1920-1925-Njı Ýyllar) edaralaryny habardar edip durmaga, eger-de şowuna düşse, ony ýok etmäge hem borçlanýar. Öz gezeginde içeri işler edaralary hem gaçakçynyň garşysyna gozgalan jenaýat işini ýatyrmagy we ony jeza çekmekden boşatmagy wada edýärler (TMDA, g. р-78, ý. 2, iş 53, s. 13.).
1925-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Ata Mäneliniň dört sany ýigitden ybarat topary Merw okrugynyň Togtamyş wolostynyň Köşk obasynyň ýanynda okrugyň jenaýat agtaryş bölümiň işgärleriniň üstüne çozupdyrlar. Olaryň arasynda ýerli GPU-nyň “Pulemýot” we “Babaýew” lakamly iki sany agenti hem bar eken. Bu agentler Ata Mäneliniň toparyny ýüze çykarmak we yzarlamak üçin Kulyýewiň serkerdeligindäki milisiýa otrýadynyň ýanynda hereket edipdirler. Merw okrug jenaýat agtaryş bölüminiňiň maglumatyna görä, agentleriň elinden 2 sany tüpeň, 2 sany sapança, 150 sany tüpeň oky, 13 sany sapança oky alnypdyr (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 6, s. 34; g. Р-78, ý. 2, iş 53б, s. 11.) .
Merw okrug milisiýa edarasynyň başlygy Mätreýimow we edaranyň başlygynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Bobikow S. Garrybaeýewe Ata Mänelini aldap gara öýe salmagy we gürrüňe güýmäp ýok etmegi tabşyrýarlar. Şu maksat bilen oňa sapança hem berýärler. Ata Mänelini ýok etmek işini ýeňilleşdirmek üçin onuň öýüniň golaýyna meýletin milisiýa otrýadynyň alty sany işgärini hem ugradýarlar. Bu adamlar tüpeň sesi çykan badyna gara öýe kürsäp girip öňde goýlan wezipäni amal etmelidiler.
1925-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda G.Nazarow otrýadyna gije sagat ikide Türkmengala tarap ugramaga buýruk berýär. Emma Ata Mäneliniň topary eýýäm Gowşutbende tarap ugrapdy. Ir sagat ýedilerde G.Nazarow olaryň yzyndan G.Tüňňiýewiň baştutanlygynda 16 atly iberýär. Onuň otrýadyna Ata Mäneliniň ýigitlerini gabamak we ýok etmeklik tabşyrylýar. Emma Gowşutbendiň golaýynda garşydaşyny gabamakçy bolýan otrýadyň özi gamyşlykda bukuda ýatanlaryň güýçli ot açylyşyna sezewar edilýär. Atyşykda sowet otrýadynyň 1 ýigidi öldürilýär, 1-i ýaralanýar we 4 sany
aty öldürilýär. Sowet otrýady yza çekilýär, Ata Mäneliniň topary bolsa Garybata obasyna tarap gidýär (TMDA, д. 23, с. 153.).
G.Nazarow garşydaşlarynyň Garybata tarap gidendikleri hakyndaky habary alyp, ýanynyň 12 sany ýigidi bilen Türkmengaladan çykyp ugraýar. Garybataň golaýynda otrýad olaryň yzyndan ýetýär, emma Ata Mäneli ýigitleri bilen G. Nazarowyň otrýadyny 100 ädim aralykdan oka tutýar. Sowet otrýadynyň 2 ýigidini ýaralap, Ata Mäneliniň topary Syçmaz obasyna tarap yza çekilýär. Soň şol ýere G.Nazarowyň özi hem ugraýar (TMDA, iş 109, s. 153.).
Ata Mäneli Garybataň günorta-gündogarynda sowet otrýadlary bilen söweşmegi karar edýär. Şol ýerde G.Nazarow we H.Jümmiýew otrýady üç topara bölüp, Ata Mäneliniň toparynyň üstüne hüjüm edýär. Gazaply atyşyk başlaýar: çepden – H.Jümmiýew, sagdan – O.Tekäýew, edil maňlaýdan bolsa G.Nazarow hüjüm edýär. Garşydaş tarap berk garşylyk görkezipdirler. Emma olaryň bukuda ýatan ýerleri sowet otrýady tarapyndan eýelenýär.
Ulagsyz galan 7 sany sagdyn we 4 sany ýaraly ýigitler, güýçli ot açmak bilen agyr ýaraly Ata Mäneliniň gabawdan çykyp gitmegini üpjün edýärler. Söweş bolan ýerden sowet otrýady birnäçe aty olja alýar. Olaryň arasynda Ata Mäneliniň eýeri gana boýalan aty hem bar eken. Soň anyklanylyşyna görä, şol söweşde Ata Mäneli garnyndan hem döşünden ok degip, agyr ýaralanýar we atyň üstünde oturyp bilmeýändigi zerarly iki sany ýakyn ýoldaşy ony atyň öňüňe basyp alyp gidipdirler. Ata Mäneli dagy bilen bilelikde ýene-de birnäçe ýigit söweş bolýan ýerden çykyp gidýär (TSRMDA, ф.51, оп. 16, д. 769, s. 124.).
Ata Mäneli ýoldaşlaryndan özüni Gowşutbentde ýaşaýan tanşy S.Garrybaýewiň öýüne eltmeklerini soraýar. Emma 1925-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda S.Garrybaýewiň öýüne getirilen Ata Mäneli öý eýesi tarapyndan haýynlyk bilen öldürilýär. Ata Mänälini ýok etmek üçin içeri işler edaralary ýene-de bir maksatnama işläp düzýärler. GPU tarapyndan düzülen şol maksatnama boýunça 1924-nji ýylyň dekabrynda Ata Mäneli bilen bilelikde sowet hökümeti bilen “ýaraşyp”, ýaragyny tabşyran Gurt Sähetli çekistler tarapyndan “işlenilýär”. Oňa Ata Mänelini öldürmek tabşyrylýar. Eýýäm mälim bolşuna görä, oňa bu işi amala aşyrmak başartmaýar. Gurda soň Hydyr Ärsaryny öldürmek tabşyrylýar. Emma Hydyr Ärsara öz garşysyna guralan “duzagyň” üstüni açmak başardýar we Gurduň özi bu işiň pidasy bolýar.
Ata Mäneli wepat bolandan soň onuň yzyny Hydyr Ärsary, Hangeldi Haryn, Rejep Mämmetguly dowam etdirýärler. 1925-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda G.Tüňňiýewiň serkerdeligindäki çalt hereket edýän milisiýa otrýady Türkmengaladan Baýramala barýarka Haryn diýen ýerde Atanyň öňki ýigitleriniň biri, asly Poltorask okrygyndan bolan Çara (familiýasy näbelli) sataşýar we atyşykda ol öldürilýär. 14 oktýabrda Baýramaly wolostynyň 60-njy obasynyň ýanynda bolan atyşykda Ata Mäneliniň ýakyn egindeşi Rejep Mämmetguly ogly hem öldürilýär. Saklanyp galan arhiw maglumatyna görä, ol iň soňky okuna çenli aýratyn erjellik bilen atyşypdyr (TMDA, g. р-78, ý. 2, iş 53, s. 22.).
Merw okrugynda hereket eden käbir kiçiräk toparlaryň hereketi bes edip parahatçylykly zähmete geçenleri hem bolupdyr. Merw okrug administratiw bölüminiň we okrug milisiýasynyň başlygy Mätreýimow B. Şirmämmedowyň baştutanlygynda okrugda hereket eden toparyň ýaragyny tabşyrandygyny we häzirki döwürde onuň daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny TSSR GPU-nyň Merkezi administratiw uprawleniýesine habar beripdir (TMDA, g. 2, ý. 2, iş 6, s.124.).

• Netije

XX asyryň 20-nji ýyllarynyň başlarynda sowetlere garşy hereketiň ýaýran ýerleriniň biri-de Zakaspi oblasty boldy, Tejen sebitleri bolsa Zakaspidäki sowetlere garşy hereketiň merkezine öwrüldi. 1925-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli boýunça dürli sebäplere görä (ýok edilen, daşary ýurda giden, baştutany öldürilen we dargan) 17 sany topar hasapdan öçürilipdir. (TMDA, g. р-78, ý. 2, iş 26, s.
3.) Muňa garamazdan, sowet häkimiýetine garşy göreş tamamlanmandyr. Tersine, XX asyryň 20-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda sowet häkimiýetini berkitmek bilen baglanyşykly möhüm durmuş-ykdysady, syýasy we medeni çäreleriň geçirilip başlanmagy bilen Türkmenistanda ýaragly çykyşlar gaýtadan tutaşyp başlaýar.
Zakaspı Oblastynda Sowetlere Garşy Hereketıň Taryhyndan (1920-1925-njı ýyllar).

• Annotasiýa

Sowet döwründe (1917-1991) Orta Aziýanyň beýleki respublikalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sowetlere garşy hereket barada köp işler ýazyldy. Esasan hem 1918-1921-nji, 1924-nji, 1927-1928-nji we 1931-1933-nji ýyllaryň wakalaryna köp üns berildi. Bu wakalar esasan Türkmenistanyň häzirki Daşoguz (Hywa türkmenleriniň ýaşan ýerleri) we Balkan welaýatlarynyň ýerlerinde bolup geçdi. Emma 1920-1925-nji ýyllarda öňki Zakaspi oblastynyň (1921-nji ýyldan 1924-nji ýylyň oktýabryna çenli Türkmen oblasty) Aşgabat, Tejen we Merw okruglarynda sowetlere garşy alnyp barlan göreşler barada düýbünden diýen ýaly ýazylmady. Onuň hem esasy sebäbi bu ýerlerde sowetlere garşy hereket Türkmenistanyň galan ýerlerindäkä garanda pes derejede boldy. Ýazylan işleriň aglabasy üçin wakalary birtaraplaýyn beýan etmeklik häsiýetlidi. Şonuň üçin hem bu makalada Türkmenistanyň arhiwlerinden alnan maglumatlaryň esasynda 1920-1925-nji ýyllarda Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň (TASSR) Zakaspi (Türkmen) oblastynda sowet häkimiýetine garşy duran gozgalaňçy toparlaryň, olaryň alyp baran söweş hereketleriniň taryhyny açyp görkezmäge synanyşyk edilýär.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 771 | Добавил: Ependi | Теги: Tahyr Aşyrow, Jumadurdy Annaorazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Haweran  
411
Awtory kimkä?
Saýtyň temalary awtorly goýmak prinsipine eýerilse, hasam hoşal bolardyk.

0
2 Ependi  
284
Zametkamda ir döwürden bäri ýatyrdy-da, Siz bilen paýlaşaýyn diýdim. Ol neressäniň mazary entegem dur, ýöne, kellesi ýok eken, diňe göwresi bar. Bilemok, näme sebäpden edileni. Ol döwürler kelle ertip görkezmek maksady bardyr-da. Mazaryny-da ýüzleý gömüpdirler. Soň, ýaşululaň biri açyp göreni bar. Täzeden, çuňrak gazaga-da, süňklerini tertipleşdirip, öňküsi ýaly edip jaýlapdyr. Aýratyn ýerde mazary ýatyr, ekerançylygyň gyrasynda.

0
3 Ependi  
284
@Haweran, şuň awtoryny özümem tapmadym. Doly düşündirip bereýin Size: "Ata Mäneli pdf" diýip poisk etdim Googleda. Ýagny, kitabyny okamak maksadymdy. Olam şuny çykaryp berdi. Muňa, 3-4 ýyl geçendir. Soň şuň awtoryny özümem tapmadym. Girsem açmady, gönümel, pdf görnüşde özi skaçat etdi. Özä, arhiwe degişli. Ýok, bu bolanok diýseňizem, pozaýyň agam mowzugy. Düzgüne dogry düşünýän menem. Soň ol saýt ýapylan bolmagam ahmal. Ýenede birzat, başgada biriniň ady getirilýär onda, "Hoja işan" diýämi, nämemi. Olam şun ýaly bolan, otrýad bolan, ony goýmadym. Ýöne, ýalňyşan bolsam bagyşlaň agam!

0
4 Haweran  
411
Oňarypsyňyz. Jumadurdy aganyň makalasy eken, düzetdim.
Ata Mäneli mynasyp derejesinde öwrenilmeýän milli gahrymanlarymyzyň biri. Saýta girýän ýaşlara şu saýtda paýlaşylan A.Şakulyýewiň "Ata Mäneli" romanyndan aýratyn kitap edip çykarylan parçasyny okamagy maslahat berýärin.

* * *

Basmaçylar hereketi barada aýdanda bolsa. Nämüçindir, ilki ýetmiş ýylyň dowamynda garalanybilşine garalanan, soňam 90-njy ýyllarda "süýtden çykan ak çemçe" edilen basmaçylary we alyp baran göreşini hiç haçanam makullaýjy pikirim bolmady. (Umuman aýdýan, edil şu makala gowy ýazylan, köçe gürrüñini edenok). Munuň üçin ilki şol döwrüň sosial-syýasy şertlerini içgin bilmek gerek. Içgin bilýäsmi? Bilemzok. Şonuň üçinem täze dünýäniň gurluşygyna, täzelenişe, progressiw we intellektual durmuşa garşy eli ýaragly göreşen bandapisint babadaşlarymyzyň gözsüz gahrymançylyklaryny öwmekden aňry geçip bilemzok.
Bisowat, garamaňlaý... halkymyz şol döwür döwlet gurmaga taýýarmydy? Meselem, Bedirkentde öz hanlygyny yglan edip, milli pul birligini çykardan Jüneýit han täze eýýama gadam basyp biljek modern döwlet gurmaga ukyplymydy ýa-da öz bilýänini we düşünişini edip, şol döwrüň Owganystanynyň patyşalyk düzgünine we dinastiýa esaslanýan emirlik (ýa-da hanlyk) görnüşinde garyndaş-doganlaryny, ogullaryny daşyna üýşürip ýoluna dowam edermidi? Munuň jogabyny tapmak kyn däl. Urlup düşürilen rus istrebiteliniň pilotyny diriligine saman küdäniň içine oklap goýberip, soňam ýakdyryşyndanam Jüneýit hanyň ýurdumyza we halkymyza täze dünýä uýgunlaşjak döwlet berip bilmejekdigi köre hasa. Döwletiň başynda durmaga dalaşgär şahs bir pursatlyk gahar-gazaba, şahsy duşmançylyk duýgularyna, töre kanunlaryna (biziň türkmençilik ady bilen kanunda ýazylmadyk bir topar urdumşalyklary edişimiz ýaly) ýeňilmeli däl. Duşmanyň eliňe düşdümi, rast, ony çalşyk etmegiň hasabyna garşydaşyňdan ýurduňa, tarapdarlaryňa we halkyňa bähbitli nämedir bir zatlary almagyň ýa-da ýesiriňi eden etmişlerine jogap berdirmek üçin suduň öňüne kellesini ýalaňaçladyp çykartmagyň gamyny iýmeli. Zalymlyk bilen adam öldürmek çykalga däl.

0
5 Haweran  
411
Eziz handa hem edil Jüneýit hanyňky ýaly bolmasa-da, belli bir derejede şeýle kakabaş hereketleri görýärin. Türkmen-dä, türkmenimiz-dä, nätjek...
Elbetde, elinden malyny-mülküni, ýerini, gömüp goýan içi tylla teňňeli hum küýzelerini alsaň, baý-garyp, parhy ýok, garşylyk görkezer. (Diňe öli balyklar suwuň ugruna ýüzýär...)
Eli ýaragly, ata çykan basmaçylar hem şol baýlardyr işan-mollalar hem-de olaryň sözünden çykyp bilmeýän, olara elgarma ýarlykly garyplar.
Basmaçylar hereketiniň taryhyna häzire çenli çuň, obýektiw, dogruçyl baha berip bilýän taryhçylarymyz bolmady. Indiden soñam, ýa pelek! Soň basmaçylary näçe "ak jüýje" edenem bolsalar, basmaçy temasy ýeterlik öwrenilmedi, ýokarda aýdyşym ýaly sosial-syýasy, ykdysady we aň-düşünje taraplaryny-ha asla öwrenen ýok. (Gaýtam 91-den soň ýurda, dogduk obalaryna gelen we obadaşlaryna kömek etmek islän Jüneýit hanyň neberelerini-de öýkeledip goýberdiler). Basmaçylar hereketiniň diňe Türkmenistandaky wakalaryna ýüzleý seredilip geçilýär. "Aý, ynha, Jüneýit han eýle bolupdyr, beýle bolupdyr, garybyň suw hakyny iýendigi üçin öz doganyny öldüripdir, öz gyzyny garyp oglana beripdir, soňam oňa heleý bolaňok diýip gyzyny atyp öldüripdir, içgili lülgammar hywa hanyny "öz meýline" minaradan özüni okladyp öldüripdir" diýen ýaly, ýüregindäki hanlyk arzuwyna ýetmek üçin islendik pidadan gaýtmaýan zalym adamyň şu günki gün üçin artykmaç ýanjap oturmagyň zerurlygy ýok şahsy häsiýetlerini öwmekden başga bilýän zadymyz ýok. Diňe şu üç despotik hereketdenem onuň nähili adamdygyny bilse bolýar. Jüneýit han ýurda modern döwlet getirjek biri bolan bolsa, şol hereketleriň birini-de etmezdi. günäkärleri açyk suduň öňünde halkyň öňüne çykarardy. Diňe Şammy keliň Hywa hanyna garşy turzan halk gozgalaňyny hem öz gelejekdäki hanlyk bähbitleri üçin şowsuzlyga uçradyşyndanam onuň hakyky keşbi orta çykýar. Ýeri, onsoň, şeýle adamyň tarapyna geçip, bar, şol baý-kulaklaryň elinden alynan mal-mülklerem ekeni-dä (elbetde, şol wagtyň hemme baýyny uçdantutma haramhor baýlar hem edip bolmaz, uçdantutma halal baýlar hem diýip bolmaz, munuň özi çylşyrymly we öwrenilmäge, hersine aýry baha berilmäge degişli sosial-ykdysady gürrüň), Soýuzyň düzüminde-de bolsa, häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda Türkmenistan SSR-i diýlen döwlet gurulýar, döwletiň emlägi, hojalygy düzülýär, sen baryp ony talaýmalymy? Ýeri, taladyň, hak etdiň. Oljalary näme etdiler, garyplara paýladylarmy? Il-günüň derdine ýaratdylarmy? Ýok. öz hemşerileri bilen iýdiler...
Progressiw durmuşa gadam basmak islän şol döwürdäki mugallymlary, sowatly gelin-gyzlarymyzy, "şura bilen il bolduň" diýip, gije öý basyp, adamlary, kolhozçylary atyp ýa pyçaklap öldürmegi basmaçylaryň hak göreşi ýaly edip görkezmegiň hiç bir jähtden manysy ýok.
Muňa derek, basmaçylary kim aýaklandyrdy, kim ok-ýarag, däri bilen üpjün etdi (şol sanda muňa iňlisleriň we türkleriň gatnaşygy, baglanyşygy), näme üçin basmaçylar hereketi şowsuzlyga uçrady, basmaçylaryň öz arasyndaky agzalalyklar, bulary öwrenmeli. Sebäp, basmaçylar hereketi diňe Türkmenistanyň çäginde bolup geçen hereket däl ahyryn. (Näme üçin Oktýabr rewolýusiýasyndan soň hazirbegjanlylar ömri uzak bolmandygyna garamazdan Kawkazda garaşsyz Azerbaýjan döwletini gurup bilýärler-de, şolardan has batyr söweşijileri bolan biziň halkymyz özbaşdak türkmen döwletini gurup bilenok? Syýasy sowatlarynyň ýetmeýänliginden, dünýädäki syýasy wakalardan baş çykaryp bilmeýänliginden bolmasyn? Şol sanda Türkmensähradaky gurlan türkmen döwleti hem näme sebäpli ömrüni dowam etdirip bilmedi? Basmaçylar orslara, has dogrusy "kapyrlara" garşy söweşýäs diýip, täze döredilen türkmen döwletiniň oba hojalygyna, ykdysadyýetine, jemgyýetçilik durmuşyna, ylym-bilimine has köp zyýan ýetiren bolaýmasynlar? "Kapyra" garşy söweşýän bolsaň, o nähili başga bir "kapyr" iňlisden ýarag alýaň? Mal-mülküňi elden gidereniň üçin ata çykdyňmy, çykdyň? Göreşiň hakdygyna, özüňkiň dogrudygyna ynanýaňmy? Ynanýaň. Ýeri, onda muňa diniň, kapyrlygyň ýa müminligiň näme dahyly bar?) Eger basmaçylar Türkmenistan SSR-niň getiren oňyn üýtgeşmelerine aýak goşup, beren mümkinçiliklerinden syýasatda, oba hojalygynda, senagatda, ylym-bilimde, umuman hemme ugurda ylymly-bilimli şahsyýetlerimizi ýetirşdirmek üçin peýdalanan bolsadylar, 91-de Türkmenistanyň ykbaly has başgaça bolardy, şu gün biziň durmuşymyz has başgaça bolardy.
Basmaçylar hereketi tutuş Orta Aziýada sowetlere garşy turan bölekleýin ýaragly gozgalaňlaryň jemi. Bu hereketlerde Osmanly imperiýasynyň iň soňky Goranmak ministri Enwer paşanyň hem aýgytlaýjy roly bar. Jüneýit hanyň we beýleki türkmen basmaçy serdarlarynyň göreşi bu umumy göreşiň bary-ýogy bir şahasy. Diňe şu hereketi doly we dogry öwrenen ýagdaýymyzda şol döwrüň taryhyny belli bir derejede dikeltdigimiz bor. Taryhy näme üçin dikeltmeli? Taryhy garalamagam, aklamagam gerek däl. Ondan diňe sapak almaly. Şoñ üçinem dikeltmeli.

0
6 Ependi  
284
@Haweran, ylalaşýan. Aýdara sözem goýmansyňyz. Ýöne, ol wagtyň düşünjesi bilen bu wagtyň düşünjesi ýer bilen gök ýalydyr öýtsek, bulam ýalňyş. Ýönekeý mysal, öz görüp duran wakamyz bolup geçýär şu wagt, Ukrainada. Günde, ýüzlerçe esger wepat bolýar. Kimiňki dogry, kimiňki ýalňyş, seljererden entek doly aklym çatanok şoňa meniň-ä. Berýän mysalym, Ukrain esgerleri gahrymançylyk görkezende, indi olar kim bolýar? Olaram banditmi, galtamanmy? Ata Mäneli ýaly ýigitlerem öz döwrüniň adamsy, olaňam edýäni ýalňyşmy, dogrumy, munam doly aýdyp biljek däl. Ýöne, ol adam hakyndaky gürrüňler entegem ýatanok. 100 töwerek ýaşap geçen bir ýaşuly bardy, şol aýdardy: "Bolaýsak, 7-8 ýaşlydyrys. "Oba, Ata Mäneli gelýämiş" diýip gürrüň çyksa, oba şobada ümsümlik aralaşardy. Aýallar çagalaryny ýygnap ümsüm öýe duwlanardylar, bizem çykarmazdylar. Bizem ol adamy görjek bolup gizlenerdik. Görseň, atly biri gelýär, üstünde kenek ýaly bolup biri oturandyr. Ýüzem gaty agyr, agras adamlygyny göreňden aňaýmaly. Atynyň bökdergisem göknardan hyryn-dykyndyr. Çaý deregine ezip içerdi, asla ol wagtlar bu zady gadagandyram öýdülmezdi. Bir gezek bolsa, atly geçip barýarka, obada erbet ýarak it bardy. Şol atynyň yzyndan galman kowalady gitdi durdy. Ata-da oňa näçe haý-küş etjek bolsa-da bolmady. Gahary gelendir-da, mauzerini çykaryp ite tarap seretmedem, eliniň tersi bilen atyp gitdi, göni maňlaýyndan. "It atan ýaly atdylar" diýileni boldy. Ol adam atyşykda, ok degip süýrenip barýan ýaly oýunlaram bar eken. "Hä, indä öldühow şu?" diýseler, atyň aşagyndan bäş atlyny ýüzüniň ugruna serip gidäýýän wagtam bolýan eken..." diýip, şol ýaşuly goja bize çagakak gürrüň bererdi. Erbedräk, betlik edýän çagalar bolsa "ana, Ata Mäneli" gelýär diýip gorkuzar ekenler. Ýokarda aýdyp dur-a, "Jopban baýyň sürülerini daşary ýurtly galtamanlar sürüp äkidende, Ata Mäneli yzyna dolap äkelip beripdir" diýip. Öýlenmedik oglan bolsada gyz süýrän ýeri ýok diýip, iliň malyna el gatan adam däl diýip. Dogrusy, meň aýtjak bolýanym, taryhymyzda herhili täsin adamlaryň geçip gidenligini ýatlatmak.

0
7 Haweran  
411
Dogry.
Ata Mäneli ýaly adamlaryñ basyp giden yzy-da Jüneýit han, Oraz serdar ýaly han-beglerimize berimsizdir. Olaryñ halkdan gizlin, öz şahsy bähbitleri üçin eden ýeke zorluk-sütemkärçilikli işiniñ bolmandygyna taryhy faktlaram, halk arasynda aýdylyp gelinýän gürrüñlerem añryýany bilen güwä geçýär. Gynansak-da, Jüneýit handyr Oraz serdar babatda alanda beýle däl. Jüneýit han halkyñ bähbidini arap orta çykan adam däldiginiñ hywa hanyny minaradan okladyşyndanam bilse bolýar. Çünki hywa hanlary Jüneýit han tepbetlerini okaýança diñe biziñ türkmenlerimize däl, özbek, garagalpak gardaşlarymyza hem deñ derejede zulum edip gelen, gyz salgydyny salyp, halkyñ namysyny depgiläp gelen azgyn adamlar. Olaryñ edip gelen bu sütemkärlikleri üçin halklaryñ öñünde kelle ýalañaçlap jogap bermekleri gerekdi. Onuñ ýerine geçjek başga bir hanyñ (Jüneýidiñ) jezalandyrmaga hiç hili haky ýok.
(Taryh diýeniñ şobir gaýtalanyp duran zat-da. Amerikanlaryñ ilki özleri bilen ham-çam bolup, soñ ýene bir öwrümde ýollary aýrylşan ganojak terrorçy Bin Ladini açyk deñizde suwa oklap öldürdik diýip, gümürtik ýagdaýda beren beýanatlary ýaly, ýa-da Saddam Hüseýini diktator diýen bolup, alaga-da özleriniñ sudsuz-zatsyz asyp goýberişleri ýaly...)
A Ata Mäneli ýaly gerçekler nädýä? Halkdan bassyr-bussury bolmansoñ, ýetim oglanyñ namysyny depgilän azgyny köpüñ gözüniñ alnynda ilki sorag edip, günäsini boýnuna goýup, soñam nökerlerine kelleçanagyny pytratdyrýar. Ine, halk bilen bilelik! Ine, mertlik! Ine, Türkmen! Şoñ ü.n ýokarda ýaşlara "Ata Mäneli" romanyny okamagy maslahat beripdim.

0
8 Yusup  
50
@Ependi mazary Murgap Atalewin-demi?

0
9 Ependi  
284
@Yusup, hawa, şol ýerde ýatyr.

0
10 Ependi  
284
Bu wakalaryň hemmesiniň özeni, ruslaryň häkimiýeti ele almagyndan däl-de, režimiň üýtgemeginden gelip çykýar. Ruslar bize 19-njy asyryň aýaklarynda geldi, Gökdepe wakasyndan bäri, azajyk aňyrragam. Ýöne, olara garşy beýle garşylyk görkezilmedi. Çünki, olaram Gökdepäni alansoňlar känbir üýtgeşik herelete girmediler. Baýlaň elindäki, halkyň elindäki malyna-mülküne göz gyzdyrmadylar. Diňe, salgyt bilen oňdular, garaz, ylalaşdylar. Ýöne, rewolýusiýa gelensoň hemme zat özgerdi. Elindäki artyk zady alynan halkyň özüne göwni ýetýäni ata çykdy, mülküni beresi gelmedi. Esasy gözbaş, şol režimiň halka getiren aljyraňňylygy boldy. Ine nämede. Meñem ýalňyşýan bolmagym ahmal. Adamlar deň bolmaly diýen düşünje döredildi.

0
11 Ependi  
284
@Haweran, dogry düşünipsiňiz agam. Siziň teswiriňize (ответить) diýen ýere basyp jogaplap bilemok, ýada meň browserimden bolmagam ahmal. Onsoňam, ýene birzat, şu teswirimi kopiýalaýmasam başga alaç ýok, käte ugradamda gidenok. Iki-üç gezek synanmaly. Muňa belet boldum, kopiýalaýan onsoň. Ýöne, muňa düşünmedik ne giden agzalaň teswiri howada uçandyr, iň bolmanda @Mango agzaň özündenem eşitdim, bir teswirinde, "şonda birgiden ýazgy edip, teswir goýsam, jogabym gitmedi" diýeni. Şol zatlarada üns beriň agam, teswirleň az ýazylýanam şondan, ýogsa goşuljaklar kän. Saýtyň şol kemçiligi bar. Okyjy hökmünde biziňem duýdurmaga hakymyz bar. Özüňizem barlap göräýiň. Admin dälde, ýönekeý nikden ýazjak bolsaňyz başartmaz aňsat.

Geçeli tema, bu adamyň, ýagny Ata Mäneliniň ömri hakynda gaty kän bilýän adam bar. Ol şu wagtam aýatda diri. Kakam pahyryň dostudy, ýanyna kän gelerdi. Ol şonda Ata Mäneliden kän zatlary gürrüň bererdi. Atanyň sowet hökümetine nähili goşulyşynam aýdyp bererdi. Ylalaşman, soňlugy bilenem goşundan aýrylyp garşysyna üýtgeýşinem düşündirerdi. Bäş sagat taryhyny gürrüň ber diýseňem ýadamaz. Romandan daşary, üýtgeşik wakalary Kakama aýdyp bererdi. Biz ýöne diňleýjidik. Ol wagtlaram näme, çagalygyň ýelgini, kim Ata Mänelini diňleýär. Ýönekeý zat hökmünde gulagymyzdan geçirip goýberýäs. Soň-soňlar bu zatlara düşünemizde, hany ol taryhçylar diýip töweregiňi garanjaklap ugranyňy duýman galýan ekeniň. Ol ýaşula gabat gelsem indi sorajak, hemmesini. Şu wagtam soramak mesele däl, atalamagam halamok, ýörite sorap barmagy. Ýöne bilerin, yzyny, indiki mowzuklarda dowam ederis agam, jan saglyk bolsa!

Jüneýit han dini ykdykaty öňe sürüp, şerigat bilen ýeňjek bolan. Menem halamadym muny. Halky birzat bilen gorkuzmaga bahana gerek.

Ata Mäneli romany hakynda aýdylanda, ýazaryň awtoryny tanaýan bir işdeşim bardy, obadaşy, ýaşuly adam olam. Amanmyrat Şakulyýew mugallym bolan adam ömrüni, taryhçy. Şol gürrüň beripdi, entegem onuň, ol hakynda çykmadyk eserlerem öýünde bar diýipdi. Oglanlaryndan sorap haýyş edäýmeseň, biläýmedimda diýipdi. Ýazyjynyň özi aýatdan gitdi irräk.

0
12 gomulgen11  
1366
Eziz han barada menem üýtgeşik bilemok, ýöne keýp üçin "bar, pylanyň gyzyny getir, pylanyň gelnini getir, atyny getir" diýýän adam bolan. Kimiň erkegi haçan öýünde bolýa-bolanok wagtyny bilip, yzyny alýan eken. Garaz haram-da.

0
13 Yusup  
50
@ependi. Il içinde fakt bolmasa-da ýaýran gürrüňler kän. Olara rowawat diýse-de boljak. Sylap girjik, Durdy gojuk.. Şolar barada näme aýdyp biljek? Siziň pikirňiz gyzykly!!

0
14 Ependi  
284
@Yusup, "Sylap girjik" diýäniňiz, ýokarda agzalýan S.Garrybaýew bolmaly. Iň soňunda, şonuň öýünde bilkastlyk bilen öldürilýär. Ikisi dogan okaşan dost bolsalarda, Atany tutup bilmänsoňlar, Sylap bilen onuň aşnadygyny bilip, gyzyllar indem Sylaby işläp ugraýarlar. Ýokarda ýazylgy ahyryn, bir bahana bilen onam tutup, özleri bilen işlemekligi öňünde şert goýýarlar. Şeýdibem, iň soňunda, Ata şonuň öýünde wepat bolýar. Sylap hakynda doly fakt bilemok, ýöne, 37-nji ýylyň tutha-tutlugynda, onuň özünem atypdyrlar diýip eşitdim.

Durdy gojuk hakynda, bar bilýänim, A.Şagulyýewiň ikinji kitabymdaky okan romanymdan ybarat. Baý adam hökmünde suratlandyrylýar. Soňra näme, päli azyp, öz aýalyndan başgarak, ýaşrak gyz-geliniň küýsegine çykyp ugraýar. Obasynda bir gyza gidýärde, öz ýetim çopanyna "kömek edýän, hossar çykýan" kişiden bolup, şol ýetim oglana toý edip öýerýär. Ýaş gelniň adamsy çöle ýatymlyk çopançylyga gidende bolsa, baý peýläp ýören melgun maksadyny bir gije amala aşyrýar. Gelniň öýüne girýär, namysyna degýär, işini bitiribem çykyp gaýdyp, öýünde arkan düşüp ýatýar. Gelin muňa namys edip, şo gije özüni derýa oklaýar. Bu bihaýalygy başgada iki adam görýär. Baýyň öz aýaly şol gije aňsada, öz adamsy ile masgara bolar öýdüp sesini çykarmaýar. Ýöne, edilen işi olam halamaýar. Ikinjisem, çopanyň dosty görýär. Ertesi günem göni gidýärde, ýaňky gelniň ýoldaşyna hemmesini gürrüň berýär. Garaz, şonda ol ýigidem muňa namys edip gaýtjak bolsa, muny saklaýar. Baýyň hossarlarynyň kändigini aýdyp, ony diňlejegem bolman öldürjekdiklerini aýdyp, Ata Mänelä ýüz tutmagyny maslahat berýär. Şeýdibem ar alyş meselesi başlanýar. Ata ilki bilen öňürti, baýyň öýüne nökerlerini birini ugradýaram, öňünçäsi gün. Nökerem gelýärde Durdy gojuga ikiçäklikde öňüne ýüp taşlaýar. "Baý, ertire çenli şu ýüpi alda, hol agaçdan özüňi asgyn. Ýöne, ertir obada diridigiňi Ata Mäneli biläýse, ile masgara edip atyp gider!" - diýär. Baýam näme, "Bar şo galtamanyňa aýt, çeýnejek çöpüni tanasyn" diýen ýaly jogap gaýtarýar. Garaz ertesi, Durdy gojugyň diridigini bilen Ata Mäneli oba atlylary bilen dökülýär. Şeýdibem ar-alnyşyk başlanýar. Gödegräk, wejera ýerlerem bar. Iň soňunda ony, öz öýüniň işigine söýäp atyp-atyp gidýärler.

Okasaň, has gowy düşnersiň. Durdy gojuk hakynda, şol romandan başga entek fakt ýok.

0
15 sylapberdimuhamov  
1428
Birje bellik: Jüneyt Hywa hanyny minaradan okladyp öldürtmândir. Şol detaly ýene bir yzlap göreliñ, ýoldaşlar!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]