13:02

Türkmen mertliginiñ tarypy

TÜRKMEN  MERTLIGINIŇ  TARYPY

• Türkmenleriň dogabitdi häsiýetlerine bagyşlanyp arap ýazary ibn Hassul tarapyndan ýazylan «Kitab tafdil el-Etrak» atly kitabynyň söhbeti

Türkmenleriň baý taryhy barada arap edebiýatynda ummasyz köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenler hakyndaky maglumatlar  VIII asyryň ortalaryndan başlap has hem köpelip ugraýar. Çünki Orta Gündogar ýurtlary we Merkezi Aziýa eýelenýän döwründe araplar türkmenler bilen ençeme ýola ýüzbe-ýüz bolupdyrlar. Özlerine ýiti garşylyk görkezen halk hökmünde, şeýle hem VIII asyryň başlaryndan arap döwletiniň syýasy we harby durmuşynda uly orun eýelläp başlandyklary üçin araplarda türkmenlere, olaryň däp-dessurlaryna, tebigy häsiýetlerine bolan gyzyklanmalar artypdyr. Şonuň üçin hem arap edebiýatynda şu ugurdan ýazylan köp sanly eserler peýda bolupdyr. Gündogarşynas alymlarynyň biragyzdan bellemeklerine görä, türkmenler hakynda ýazylan we olaryň dogabitdi häsiýetlerini açyp görkezýän esasy eserleriň biri XI asyrda Ibn Hassul tarapyndan ýazylan   «Kitab tafdil el-Etrak» kitabydyr. Bu kitap öz döwründe elden-ele, ýurtdan-ýurda geçip giň meşhurlyga eýe bolan hem bolsa, ol soňky asyrlarda ýatdan çykarylypdyr we  ylmy jemgyýetçilige nämälim bolup galypdyr. Eseri XX asyryň 30-njy ýyllarynda yrakly aklawjy Abbas al-Azzawy bagdatly kitapdar al-Karmawynyň hususy kitaphanasynda tötänleýin ýüze çykarypdyr we ony 1940-njy ýylda Yrakda neşir etdiripdir.
Ibn Hassulyň eseri barada diňe osmanly türkmen taryhçysy Hajy Halypanyň (XVII a.) «Keşf uz-zunun» («Nätakyklyklaryň aýdyňlaşdyrylmagy») işinde agzalyp geçilýär, ýöne onda bu kitabyň mazmuny barada hiç zat agzalmaýar. 
Eseri ýazan Ibn Hassulyň özi baradaky has doly maglumatlary biz as-Salibiniň ýazarlar we olaryň eserleri hakyndaky ensiklopediýa görnüşdäki  «Tatimmat el-Ýetima» atly eserinden alyp bilýäris. As-Salibiniň berýän maglumatlaryna görä, Ibn Hassul X asyryň ahyrlarynda dünýä inip, 1058-nji ýylda bolsa aradan çykypdyr. Ýazaryň doly ady Abu al-Ala Muhammet ibn Aly ibn al-Hassuldyr. Onuň kakasy Abu al-Kasym öz döwründe sowatlylygy hem-de dilewarlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Ibn Hassulyň asly Hemedan şäherinden bolup, olaryň maşgalasy ol şindi çagaka Reýe göçüp gelipdirler. Ibn Hassul Reýde sowat öwrenipdir we soltan Mahmyt Gaznaly şäheri almazynyň öňisyrasy döwlet edarasynyň emeldary wezipesinde işleýär eken.
 Sowatly hem-de ezber emeldar Ibn Hassul soltan Mahmydyň gözüne ilipdir we ony öz ýanyna alyp Gazna äkidipdir. Soltan Mahmydyň köşgünde Ibn Hassul uly hormatdan peýdalanypdyr, ýöne birnäçe ýyldan soň ol ýene-de Reýe dolanyp gelip, şol öňki hatdatlyk diwanynyň müdiri wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirýär. Ibn Hassulyň öz eserinden mälim bolşy ýaly, türkmen soltany Togrul beg Reýi eýeländen soň, ol seljukly hökümdary we onuň ilkinji weziri al-Kundury tarapyndan hökümet işine çekilýär.
Ibn Hassulyň «Kitab tafdil el-Etrak» atly eseri türkmenleriň XI asyr taryhyna bagyşlanyp ýazylan ajaýyp eserleriň biridir. Aslyýetinde bu eseriň arap dilinde uzyn ady bolup, ol türkmen diline «Türkmenleriň beýleki halklaryň esgerlerinden artykmaçlygy  we soltan (Togrul begiň) hökmirowanlygynyň (goý, Alla onuň baky beýikligini we  onuň döwletini gorasyn) belent mertebesi hakynda kitap» görnüşinde terjime edilýär. Häzirki döwürde bu kitabyň arapça ady birneme gysgaldylyp, ony  «Türkmenleriň beýleki halklaryň esgerlerinden artykmaçlygy hakynda kitap» («Kitab tafdil el-Etrak») görnüşinde beýan edilýär.
Ibn Hassulyň kitabynyň esasy mazmuny, ol Ybraýym as-Sabynyň Buýitleriň taryhyna bagyşlanan «at-Täç» eserini ýiti tankytlaýar we türkmenlere hem-de seljukly nesilşalygyna gysgaça häsiýetnama berýär. Munuň üçin ýazar öz öňünde iki sany wezipe goýupdyr: birinjiden ägirt uly musulman döwleti bolan Abbasy halyflygyny abraýdan düşüren  buýitleriň taryhyny yzarlamalyi, ikinjiden bolsa seljukly nesliniň halyflygy gaýtadan dikeltmek ugrunda alyp baran asylly işlerini açyp görkezmeli bolupdyr. Ibn Hassulyň eserini ylmy taýdan öwrenen alymlar ýazaryň beýle etmeginiň maksada laýyk bolandygyny biragyzdan belleýärler. Sebäbi Abbasy halyflygynda dünýewi häkimýeti öz eline alan, gelip çykyşy boýunça Hazar deňziniň günortasynda ýerleşýän Gilýan welaýatynyň Deýlem etrabyndan bolan buýitler (olary buweýhitler we deýlemliler diýip hem atladyrýarlar) ägirt uly musulman döwletiniň güýçden gaçmagyna, welaýatlaryň özbaşdaklyga eýe bolmagyna, eden-etdilikleriň güýjäp, döwletiň dargamagyna sebäp bolupdyrlar.
 Buýitler 945-nji ýyldan tä 1055-nji ýyla çenli abbasylaryň köşgünde halyflary hasap etmän hoaýynçylyk edipdirler, döwletiň dünýewi häkimýetini öz ellerine alypdyrlar. Olaryň döwründe halyflar erksiz hökümdarlara öwrülipdirler. Buýitler abbasylaryň köşgünde we goşunynda VIII asyryň ahyrlaryndan bäri gulluk edip gelýän türkmen serkerdeleri bilen hem oňuşmandyrlar, olar her edip, hesip edip türkmenleri häkimýetden çetleşdirmäge çalyşýardylar. Bu oňşuksyzlyklar kähalatlarda türkmenler bilen buýitleriň arasynda ýowuz çaknyşyklaryň bolmagyna-da getirýärdi. Bu barada ibn Hassulyň eserinde şeýle maglumatlar getirilýär: «Ýesirlikden dynansoň, türkmen tä baş serkerde ýa-da  hajyp, ýa bolmasa uly goşun bölüminiň serkerdesi ýa-da iň bolmanda goşunda täsirli serkerde bolýança kanagat etmez. Emma bu Horasan üçin häsiýetli däldir, ýogsam bu welaýat olaryň ýurdy bilen araçäkde ýerleşýär, emma şeýle ýagdaý olaryň ýurdundan örän uzakda ýerşýändigine hem-de dillerinde tapawut bardygyna garamazdan Müsürde bardyr. Eger isleseňiz, dürli milletleriň esgerleri: deýlemliler (buýitler), araplar, kürtler ýaşaýan Müsüri mysal getireýin. Ol ýerde öňden bäri türkmenlerden ar almak islegi bilen ýaşaýan we olara duşmançylyk gözi bilen garaýan deýlemliler (buýitler) höküm sürýärler. Ýüzýyllyklaryň dowamynda halyflar we deýlemli hökümdarlar (buýitler) olar bilen güýçlerini synamaly, olaryň hüjümlerini gaýtarmaly, öz döwletlerini saklamaly  we beýleki halklaryň üstünden agalyk etmekde olar bilen göreşmeli bolupdyrlar.  Emma bu halky boýun egdirmäge, onuň üstünden ýeňiş gazanmaga, oňa hötde gelmäge we ondan ökde çykmaga olaryň güýçleri ýetmändir. Olaryň hökmirowan, beýik, buýsançly hem-de egsilmez güýçli halkdygyna güwä geçýän Allanyň nazar salan Resulynyň «Olar size degmeýän bolsalar, sizem türk[men]leri bimaza etmäň» diýen sözlerini ýatlamak ýeterlikdir. Bu sözleri Allanyň nazar salan Resulynyň «Men garalaryň hem, gyzyllaryň hem Pygamberidirin» diýen sözleri bilen deňeşdiriň, ýagny bu  - araplar hem arap däller diýildigidir. Şonuň üçin hem türkmenlere beýleki halklara yslama uýmagyň mukaddes sözlerini aýtdyrmak we olary bitewi bir dine jemlemek üçin söweşmek buýrulypdyr.» Diňe 1055-nji ýylda Togrul beg Bagdady alandan soň buýitler abbasylaryň köşgünden kowlupdyr we  halyflar ýene-de öz kanuny häkimýetine eýe bolupdyrlar.
Ibn Hassulyň eseri 1252-nji ýylda dilçi hem-de hadysçy alym Hasan ibn Muhammet as-Sagany tarapyndan (1252-nji ýylda aradan çykan) göçürilen nusgasy görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir.Yrakly aklawjynyň Bagdatda ýüze çykaran golýazmasy hem şoldur.
Biziň ata-babalarymyz hakyndaky gymmatly maglumatlar XI asyryň ýazary Ibn al-Fakih al-Hemedanynyň «Ahbar al-Buldan» («Ýurtlar hakynda maglumatlar») eseriniň «Türkmenler hakynda» («el-Etrak») diýlip atlandyrylan bölüminde-de giňişleýin berilýär. Şeýle hem tebip we ýazyjy Aly ibn Muhammet al-Hijazy al-Kaýýini (1151-nji ýylda aradan çykan) seljukly hökümdary soltan Sanjara bagyşlap «Kitab mafahir el-Etrak» («Türkmenleriň mertebeliligi hakynda kitap») eserini ýazypdyr. Emma, gynançly ýeri, bu kitap biziň günlerimize gelip ýetmändir.
Alymlaryň bellemegine görä, Ibn Hassulyň işi orta asyrlaryň ýene-de bir arap ýazary, IX asyrda ýaşap geçen belli kyssaçy Abu Osman al-Jahiziň «Türkmenleriň ähli halyf goşunlaryndan artykmaçlyklary hakynda Fath ibn Hakana iberilen nama» eseri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Sebäbi bu eserde berilýän maglumatlar bilen Ibn Hassulyň eserindäki maglumatlarda meňzeşlik köp. Ibn Hassul seljukly nesli hakynda gürrüň edende, bu nesilşalygyň gözbaşyny Seljukdan alyp gaýdýar, al-Jahiz bolsa bu nesilşalygyň taryhyny Seljukdan hem aňyrdan alyp gaýdypdyr. Ibn Hassul bilen al-Jahiziň eserleriniň arasyndaky ýene-de bir tapawut, ol hem bolsa al-Jahiz horasanlylaryň türkmenler bilen ýakynlygyny görkezmäge, hatda olaryň nesil şejeresini hem birleşdirmäge çalşypdyr, emma Ibn Hassul tersine olaryň arasynda tapawut goýýar. 
Al-Jahiziň «Türkmenleriň ähli halyf goşunlaryndan artykmaçlyklary hakynda Fath ibn Hakana iberilen nama» işinde getirilýän maglumatlaryň, Ibn Hassulyň işindäki maglumatlaryň mazmuny bilen köp babatda gabat gelýändigini, onuň türkmenleriň tebigy häsiýeti barada  ýazan şu setirleri hem belli bir derejede subut edýär: «Türkmenler öç almagy, ýalan sözlemegi, ikiýüzlüligi, şugulçylygy, hilegärligi, töhmet atmagy, ýakynlarynyň öňünde gopbamsylyk etmegi, ýoldaşlaryna yrsaramagy, dinine dönüklik etmegi, hile bilen kesekiniň emlägine eýe bolmagy bilmeýärler. Olaryň kemçiligi hem-de ezýet çekmekleriniň esasy sebäbi şulardyr: olaryň watanlaryny ýatlap gamlanmaklary, gezendelige hem-de ýörişlere gitmek islegleri, olja almaga ýykgyn etmekleri we öz ata-baba däp-dessurlaryna  bagly bolup galmaklarydyr. Bir ýerde uzak wagtlap saklanmaklyk, öz edip biljek zatlary barada töweregindäkileriň bilmezligi, olaryň başarnyklaryna üns berilmezligi hem-de şol başarnyklaryň ulanylmagyna mümkinçilikleriň bardygyna garamazdan, oňa ähmiýet berilmezligi olarda ýigrenç döredýär we olary gaçmaga hem-de yzlaryna dolanmaga mejbur edýär.  Haçan-da olary keseki esgerler bilen bir hatarda goýsalar, olar yzky hatarlarda durmagy halamaýarlar, ýönekeý esgerleriň hatarynda durmagy, olar bilen goşulyşyp-garyşyp durmagy islemeýärler, olar muny özlerine mynasyp däl diýip hasap edýärler. Olar ýanalmaga we özleriniň ýatdan çykarylmagyna çydam edip gezmeýärler, özlerini kanuny hukuklaryndan mahrum etjek bolýanlary sylamaýarlar. Haçan-da olaryň başynda adamlaryň ykballary hakynda aladalanýan, ýaramaz hereketlere garşy durýan, ähli meselede hakykatdan ugur alýan, ahlaksyz hereketlere ýol bermeýän, mesele çözende adalatly çemeleşýän, wezipesini ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän, dolandyryşda diňe hakykatdan ugur alýan parasatly hökümdar goýsalar, ol hökümdar näme iş etse-de,  onuň hyzmatynda türkmenleriň öz kysmatyna kaýyllary, pähim-parasada gulluk edýänleri, ýaramaz endiklerinden gaça durýanlary, hakyň ýoluny saýlap alanlary, ata Watanlaryndan umydyny üzenleri, zuluma däl-de, Allatala sygynýanlary, akylly-başlylary galar.»
Elbetde, al-Jahiziň hem-de Ibn Hassulyň eserleri dürli döwürlerde ýazylypdyr. Al-Jahiziň ýaşan döwründe Abbasy halyflygy dünýäniň iň kuwwatly döwletidi, türkmen esgerleri ýurduň paýtagty Bagdatda, şeýle hem döwletiň dürli sebitlerinde batyrlyk bilen gulluk edýärdiler. Türkmenler abbasylaryň köşgünde halyf Harun ar-Reşidiň (787-810)  döwründe peýda bolup ugrapdyrlar. Horasanda, Horezmde, Sogdakda, Balhda, Gurda, Seýistanda, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ýaşaýan türkmenlere garşy uruşlarda beýleki arap hökümdarlary ýaly, Harun ar-Reşit hem olaryň gözsüz batyrlygy, mertligi, söweşjeňligi we ugurtapyjylygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Şonuň uçin hem bu ülkeler  halyflygyň düzümine gutarnykly goşulandan soň, ol türkmen ýigitlerini goşun we köşk gullugyna alypdyr.
 Halyflar uruşlarda ýesir düşen ýa-da gul söwdagärlerinden satyn alnan türkmenleri hem göwünjeňlik bilen goşunçylyga alýardylar. Arap söwdagärleri Oguz hem-de Gypjak sähralary bilen serhetleşýän ülkelere gelip, ýesir alnan türkmen gullaryny satyn alyp, olary Bagdada we halyflygyň dürli ülkelerine äkidýärdiler. Gul bazarynda gullary iňňän eserdeňlik bilen barlap satyn alýardylar. Taryhy ýazgylarda bu barada şeýle maglumat saklanyp galypdyr: «Gul satyn almazdan öň, ony gapdallygyna ýatyrda, onuň böwürlerini mazaly barlaşdyr, bir ýerleri agyrýan bolaýmasyn» diýip atasy ogluna öwredýär. Gullaryň diňe köpelip biljeklerini satyn al. Türkmenleriň arassalyk hem-de gedemlik häsiýetleri bardyr. Cakganlykda olar iň gowy gullardyr. Alanlar – edermen, grekler – edepli, hojalykçy, gowy häsiýetli, dillerine eýe gullardyr. Emma ermeniler hojaýynyna biwepa bolýarlar, özi hem olar gaçmaga golaý»
Patyşalaryň gullugynda bolmak, serkerdelige ýetmek ýa-da ýöne bir tanymal şahsyýet bolup ýetişmek höwesi bilen özüni meýletin gulçulyga satan türkmen ýigitleri hem  bolupdyr. Muňa Häzirbegjanda Ildeňizler atabeglini esaslandyran Ildeňiz begiň gyzykly ykbaly mysal bolup biler. XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen pars ýazary Rawendiniň ỳazmagyna görä, asly Gypjak sähralaryndan bolan Ildeňiz bazara barypdyr we Bagdatdan bu ỳerlere söwda etmäge gelen arap täjirinden özüni satyn almagyny we Bagdada äkitmegini haỳyş edipdir. Ol döwürler Bagdat dünỳäniň ösen şäherleriniň biri bolansoň, her kimiň ony göresi, synlasy gelỳär eken. Ildeňiziň hem bu ertekilerdäki ỳaly täsin şäheri göresi, patyşalaryň gullugynda durasy gelipdir. Arap söwdegäriniň çepiksije ýigdekçäni satyn alasy gelmändir. Ýöne halys özelenip durandan soň, geň ýeri hem öziniň gulçuluga satylmagy üçin hiç hili muzd talap etmeỳän oglanjyga söwdagär ahyrsoňy eýe çykmaly bolupdyr. Söwda işlerini tamamlap, täjir Ildeňizi hem satyn alan beỳleki gullary bilen arabasyna mündürip, Bagdada alyp gaỳdỳar. Ýolda gelỳärkäler oglanjyk arabaň üstünde uklap galypdyr we arabadan ỳylkylyp gaçyp galypdyr. Hiç kim mugt düşen gula üns bermändir. Söwdagär garaňky gatlyşandan soň bir ỳerde düşläpdir. Emma gijäniň bir mahaly arabany yzarlap, oduň yşygyna Ildeňiziň özi geläýipdir. Hemmeler, şol sanda täjir hem oglanyň erjelligine, maksadyna ỳetmek üçin edỳän yhlasyna haỳran galyp, oglanjygy hem ỳanlary bilen alyp gidipdirler. 
Söwdagär Ildeňizi Bagdada alyp gitmändir, ony Hemedanda Yrakdaky seljuk döwletiniň hökümdary Masudyň weziri Sumaỳrami satyn alypdyr. Bir gün wezir hökümdaryny agşam naharyna çagyrỳar. Wezir hökümdaryna lezzetli türkmen palawuny hödür edipdir. Hökümdar we onuň aỳaly tagamly palawy kimiň bişirendigini sorapdyrlar. Şonda wezir Ildeňizi görkezipdir. Hökümdaryň aỳaly wezirden Ildeňizi özüne bermegini sorapdyr. Wezir soltanyň aỳalyna täze satyn alan guluny sowgat bermäge mejbur bolýar.
Şundan soň Ildeňiziň durmuşynda täze döwür başlapdyr. Onuň adynyň öňüne musulmança Şemseddin ady hem goşulypdyr. Indi ony Şemseddin Ildeňiz beg diỳip atlandyrỳardylar. Soltanyň aýaly Ildeňizi sadalygy hem-de düşbüligi üçin örän gowy görỳär eken we ärinden ony köşkdäki ulurak wezipä bellemegini gazanypdyr. Şeỳdip Ildeňiziň durmuşynda jogapkärli wezipeler başlaỳar. 1136-njy ỳylda ýrakly seljuk türkmen soltany Masut, başarjaňlygy hem-de batyrlygy üçin ony Günorta Häzirbegjanyň we Arranyň dikmesi edip belleỳär. Şeýdip Şemseddin Ildeňiz beg öz döwletini esaslandyrýar. Geçmiş taryhynyzda şeýle wakalar başga-da az däldir.
Ibn Hassulyň döwründe türkmenler diňe bir Abbasy halyflaryna gulluk etmek bilen çäklenmän, eýsem olar eýýäm Müsürde Tulunylar (868-905), Ihşitler (935-969), Horasanda Gaznalylar (977-1186) we Merkezi Aziýada bolsa Garahanlylar (992-1211) döwletlerini hem döredip ýetişipdiler. Olardan Tulunylar bilen Ihşitler döwletleri bolsa eýýäm taryhyň sahypalaryna hem öwrülipdi. Ýeri gelende aýtsak tulunylar, ihşitler we gaznalylar nesilşalygyny hem söweşlerde ýesir düşen türkmen gullarynyň nesilleri esaslandyrypdylar. 
XI asyryň 40-njy ýyllarynda musulman dünýäsinde türkmenleriň täze tolkuny – Togrul beg hem-de Çagry beg tarapyndan baştutanlyk edilýän seljuklar nesli peýda bolupdyr. Şonuň üçin hem al-Jahizden tapawutlylykda, Ibn Hassul dargap barýan abbasy halyflygyny dikeltmek üçin musulman dünýäsinde başlan bu uly hadysany gümansyz göz öňünde tutupdyr. Emma ady agzalan eserleriň dürli asyrlarda ýazylandygyna garamazdan, ýazarlaryň türkmenler baradaky pikirleri birmeňzeş gelýär.  
Türkmenleriň Beýik seljuk jahan şalygynyň Döwlet diwanynda işleýän döwri Ibn Hassul Togrul bege bagyşlap biziň gürrüňini edýän «Kitab tafdil el-Etrak» eserini ýazypdyr. Ýazaryň kitaby ýazmagynyň baş maksady musulman dünýäsinde häkimýet başyna gelen täze nesilşalygyň gelip çykyşy, bu döwleti esaslandyran Togrul begiň ýeňişlerini şöhratlandyrmak bolupdyr. Ibn Hassul «Bu kitabyň ýazylmagynyň sebäpleriniň biri-de, türkmenleriň gelip çykyşyny görkezmek bolup durýar. Olar beýik hem-de hökmirowan patyşanyň nesilleri. Soňra birnäçe asyrdan soň olaryň ygtyýaryna geçen Eýrandaky bu kuwwatly galalar, şol patyşadan hem-de onuň nesillerinden gorkylaryna peýda boldylar» diýip ýazýar. Bu ýerde ady agzalmasa-da ýazaryň türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hany göz öňünde tutýandygy bildirip dur.
Ibn Hassul seljukly döwletiniň syýasy taryhy hakynda we soltan Togrul begiň amala aşyran işleri barada ýazanda ol esasan özüniň şaýady bolan wakalaryny esas edip alypdyr. Şunuň bilen birlikde ol öz gyzyklanýan meselesi barada köp maglumatlary Togrul begiň baş weziri Amid al-Mülkden hem alypdyr we köp meseleler bilen hut onuň özüne ýüz tutupdyr. Aýdylanlary ýazaryň: «Mundan beýläk men özümiň şaýat bolan we onuň howandarlygynda bolan döwrümde, onuň Allanyň ýardamy bilen amala aşyran ýörişleri barada wyždanymy alan sowgat-engamlarymdan we aýlyklarymdan azat edip gürrüň bererin we Togrul begiň amal eden döwlet durmuşynyň ýokary derejelerindäki haýyrly işleriniň şaýady bolmadyk işlerim hakynda ýazmaly bolanymda bolsa, çuňňur hormatlanylýan Amid al-Mülke, goý, Alla onuň duşmanlaryny ýok etsin, ýüz tutaryn» diýip ýazan setirleri hem şaýatlyk edýär.
Seljuklaryň Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň boýun egdirilen halklary babatynda ýöreden parasatly syýasaty gowy netije beripdir. 1038-nji ýylda Nişapur eýelenilende köp seljuk serkerdeleri ilatynyň ýerliksiz garşylyk görkezendigi üçin şäheri talamagy teklip edenlerinde, Togrul beg şäher ilatyna we ilatyň emlägine degmezlik barada berk görkezme beripdir. Türkmen hökümdarynyň bu hereketi boýun egdirilen halklarda kanagatlanma duýgusyny döredipdir.
Edil şeýle ýagdaý Yspyhan eýelenende hem ýüze çykypdyr. Mälim bolşy ýaly Yspyhan hem seljuklara garşylyk görkezipdir. Emma şäher eýelenenden soň Togrul beg edil Nişapur babatyndaky syýasatyny ulanypdyr. Bu barada Ibn Hassulyň işinde şeýle maglumat getirilýär: «Onuň (Togrul begiň), goý, Alla onuň mertebesini belent etsin, Yspyhanyň ilaty bilen baglanyşykly hereketi has hem geň galdyrdy, sebäbi olar (yspyhanlylar), gadyr bilmez  dinsizler   oňa boýun synman, oňa garşy söweş edip, dönüklikleri we gep-gybatlary bilen oňa şäheri gabanda we ilatyň nägileligini hem-de topalaňyny basyp ýatyrmakda kän serişde sarp etmäge mejbur edip, onuň gazabyna duçar boldylar. Emma ol şäheri güýç bilen basyp alyp, onuň ilatynyň garşylygyny söweşde syndyryp, olaryň günäsini geçdi. Onuň bu hereketi köpi gören adamlary geň galdyrdy we öňki patyşalaryň eden ähli işleriniň üstüne atanak çekdi». 
Togrul begiň bu ynsanperwer hereketi barada aýtmak bilen Ibn Hassul, şäherler basylyp alnanda hemişe beýle bolmaýandygyny mysallaryň üsti bilen görkezýär. Şunda ol seljuklar Bagdada gelmänkäler, bu ýerde hökümdarlyk eden, halyfyň soltanlary bolan buýitleriň rehim-şepagatsyzlygyndan mysal getirýär. Muňa buýit Adud ad-Döwläniň öz doganoglany Bagtyýara gahar edip bagdatlylary gyryşy we Bagdady oda berşini mysal getirýär: «Emma Adud ad-Döwle özüni başgaça alyp bardy. Haçan-da ol Bagdatyň halkyny ýeňip, Bagtyýary öldürende, bagdatlylaryň abadançylygyny bozup, bar gaharyny olardan çykaryp, Bagdadyň halyflygyň paýtagtydygyna, onuň daýanjydygyna garamazdan, ony oda ýandyrdy». 
Ibn Hassulyň eserinde Gadymy hem-de Orta asyr taryhy eserlerinde edilişi ýaly, Eýranyň hem-de Turanyň iň gadymy döwürlerden gaýdýan taryhy hem yzarlanylýar. Onda Eýran hem-de Turan hökümdarlarynyň döreýşi, olaryň sebitde agalyk ugrunda bäsleşigi, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň Gündogara ýörişleri hem beýan edilýär. Ibn Hassul Eýranda sasanylar döwletini esaslandyran Ardaşir Babak hakynda ýazanda şeýle maglumatlary getirýär: «Ardaşiriň atarmanlykda-çaparmanlykda, güýç-kuwwatda, akyl-paýhasda, sabyr-kanagatda,  eserdeňlikde, işewürlikde we syýasatda sagdyn pikirlenmekde deňi-taýy bolmandyr. Onuň ata-babalary atly patyşalardan ýa-da belli begzada nesillerinden bolmandyr, şonuň üçin hem ol: «Meniň neslim menden başlaýar, duşmanlarymyň asly bolsa meniň bilen tamamlanýar» diýip aýdýar eken. Ol ýörite kanun çykaryp, eger-de asylly hereketleri hem-de bilimliligi bilen tapawutlanýan bolmasa, şol adam şa neslinden bolsa-da, oňa hormat-sylag etmegi gadagan edipdir. Ol adalatly dolandyrmakda, raýatlaryň hereketine mynasyp baha bermekde ilkinji bolupdyr, ýönekeý adamlara ýakyn durupdyr we hökümdarlykda  eden-etdilige ýol bermändir. Ol türkmen patyşalary bilen parahatçylykly şertnama baglaşyp, öz hökümdarlyk edýän ýurdunyň ep-esli bölegini olara berip, pähim-parasatlylyk görkezipdir we öz döwletiniň mirasdüşerlerine-de şol syýasatdan ugur almagy wesýet edipdir.»
Ibn Hassul Orta asyrlaryň arap-pars taryhçylarynyň arasynda türkmenleriň tebigy hem-de dogabitdi häsiýetlerine dogry baha bermegi ussatlyk bilen başaran   ýazarlaryň biri bolupdyr. Şonuň üçin hem türkmen halkyna berýän ajaýyp hasiýetnamasy, onuň ýaşlarymyzda, bütin halkymyzda öz şanly taryhyna söýgi hem buýsanç döredyandigi üçin, beýik galkynyşlary hem-de aň öwrülişigini başdan geçirýän ajaýyp döwrümizde hem uly ähmiýetiniň bardygyny göz öňünde tutup, ibn Hassulyň bu meşhur eserinden bölekleri okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris.

***
 
«Indi bu halkyň, men türkmenleri göz öňünde tutýaryn, hal-ýagdaýna, olaryň häsiýetine, hil görkezijilerine we aýratynlyklaryna, ülkeleine  we ýollaryna seredip geçeliň, şunda olary öwüp ýa-da olara  ýaranjak bolman, olaryň  kem ýerini düzetjek ýa-da artyk ýerlerini kemeltjek bolman gürrüň edeliň. Bu kitaby many-mazmuna, hatda ýönekeýje zatlary hem ünsden düşürmeýän, olara eserdeňlik bilen  baha berýän tankytçylaryň garamagyna hödürleýärin we özümi ähli döwürlerde we eýýamlarda ähli kanunlar hem-de däp-dessurlar arkaly ýazgarylýan ikiýüzlülikden Allanyň goramagyny dileg edýärin.»

***
        
«Gürrüňi olaryň adam ruhunyň iň asylly güýji hasap edilýän merdi-merdanlyk häsiýetinden başlaýyn, çünki, haçan-da, adam naçarlara hem-de çagalara arka duranda, duşman bilen söweşip ýeňiş gazananda, öz hukuklaryny, dogan-garyndaşlaryny we öz kowmuny  kesekiniň diýdimzorlugyndan goranda, şol güýç adamda öwgä mynasyp erjellik we buýsançlylyk duýgysyny döredýär. Döwletiň binýady we ýollaryň howpsuzlygy hem şoňa daýanýandyr.»

***

«Dünýäde öz öňünde goýan maksadyna ýetmekde, edil olar ýaly has çydamly we has erjel adamlar ýok.  Alla olary edil ýolbarsyňky ýaly giň ýüzli, maşşyk burunly, gollaryny äpet, dyzmaç häsiýetli edip ýaradypyr. Emma seýrek hem bolsa, olaryň arasynda-da dik kaddy-kamatly, at ýüzli we uly owadan gözlileri hem bar. Olar öz iýjek çöreklerini güýç sarp edip gazanýarlar. Olar gabahat hem-de aýyp görülýän işleriň gyrasynda hiç mahal görünmeýärler.  Dürli halklaryň wekillerinden ybarat bolan esgerleriň birjigini jezalandyrsaň, olaryň galanlaryny derrew mugyra getirip bolýar. Emma olaryň ählisine birden herrelmeseň, birine gygyranyň bilen olary saklap bilmersiň we  eger-de olaryň hemmesine bilelikde çäre görmeseň, birine çäre göreniň bilen olary köşeşdirip bilmersiň. Olaryň esasy iýmiti et, ony olar hiç iýmit bilen çalyşmaýarlar. Güýç sarp edilip gazanylan et iýip, olar hakyky lezzet alýarlar we eger-de ol onuň girisine olja hökmünde düşmedik bolsa, onda olar şeýle lukmadan iýip lezzet almaýarlar. 
             Olaryň  bu bolşy wagşy ýyrtyjylaryň we şir-peleňleriň häsiýetine meňzeş. Ine, şonuň üçin hem olar çölleriň we sähralaryň durmuşyna öwrenişen, ine, şonuň üçin hem olar garyplyga hem-de mätäçlige çydamly, ine, şonuň üçin hem olar ýörişleri gurap we güýçlerini görkezip özlerini bolelin ýaşaýyş bilen  üpjün edýärler, ine, şonuň üçin hem, olar sarç keýigiň ýa-da gulanyň yzyndan kowanlarynda ýadamany-ýaltanmany bilmeýärler. Hatda ýadawlygy görnüp duran bolsa-da, edil başdaky ýaly, olar atlaryny debsiläp belent daglaryň depesine dyrmyşyp, uçut gaýalara çykýarlar we hatarly ýerlere baryp, janlaryny orta goýýarlar. 
Asylzada häsiýetleri we  kuwwatlydyklary üçin  yslam olary dinsizlere we keseki ýurtlara garşy ýörişlri geçirmäge borçly edipdir. Eger-de olardan kimdir biri ýesir düşäýse, onda ol, eger-de, hojaýyny onuň bilen bir döwüm çoregini, içimlik suwuny, egin-eşigini paýlaşmasa we atyny gezekleşip münmese, onda ol köşeşmeýär. Öz gullugunda ol ynamdan düşmek masgaraçylygy başyndan inip we diýdimzoruň girisine düşüp, öý süpürmäge, mal-garalara seretmäge, atyň yzynda gezmäge we şuňa meňzeş pes işleri etmäge mejbur edilen beýleki halklardan bolan ýesir gullardan tapawutlylykda, ol tekepbirlik bilen öz mertebesiniň peseldilmegine hiç haçan ýol bermeýär. Biziň hindilerde, greklerde, ermenilerde we beýleki gullarda görýän zatlarymyzdan tapawutlylykda, türkmenleriň ýesirlik ýagdaýy babatynda hemişe belli bir çäkler hem-de kesgitli düzgünler saklanylypdyr.»

***

«Haýran galdyrýan ýeri, şeýle kemçilige we seýle kesele biziň gören-eşiden halklarymyzyň ählisiniň duçar bolandygyna garamazdan, arassa türkmeniň ýylmanak bolýanyny hiç kim gören däldir. Eger-de olardan kimdir biri gürlände, hereketinde, geýim geýende ýa-da bezeg esbaplaryny dakynanda ýylmanak görünse, ol arassa ganly, hakyky türkmen däldir, özem gyzyklanyp görseň, ol şolaryň ýurdunda önüp-ösendir, emma gelip çykyşy boýunça goňşy halkdandyr.» 

***

«Eger, biz türkmenleriň artykmaçlyklaryndan garşydaş tarapyň goranyp we garşy durup bilmeýän käbir mynasyp taraplaryny görkezýän bolsak, onda olaryň neslinden ýa-da olar bilen sebitdeş ülkelerden bolan hökümdarlaryň – ýagny Horasanyň emirleri Samanylaryň we başgalaryň, şeýle hem Söbük Teginiň we onuň ogullary hem-de agtyklary Mahmydyň, Muhammediň we Masudyň, goý, Alla olardan razy bolsun, atlaryny tutup geçeliň. Olaryň nädip öz ýagdaýlaryny berkidendiklerini, diňe öz gollarynyň kuwwaty we öz şahsy güýçleri bilen bäsdeşlerinden üstün çykandyklaryny, we olaryň tagallalary bilen türkmenleriň nädip öz maksatlaryna ýetendiklerini ýada salalyň. Olaryň hut özleriniň hyzmaty bilen olara şöhratly ýeňişler geldi we olaryň baýdaklary belende galdy. Ondan soň olar, biziň Alyjenabymyzyň,  dünýäniň hökümdary, musulmanlaryň patyşasy, beýik şalar-şasy, diniň diregi, musulmanlaryň halasgäri we Allatagala bolan ynanjyň şuglasy, Alla sygynýan ýurtlaryň  hökümdary we onuň sadyk gullarynyň howandary – Togrul beg Abu Talyp Muhammet ibn Mikaýylyň – Allanyň ýerdäki wekiliniň Golunyň, dindarlaryň emiriniň, goý, Alla onuň kuwwatyny berkitsin we onuň döwletine howandarlyk etsin, we goý onuň duşmanlaryny derbi-dagyn etsin  we onuň ýeňiş baýdagyny parlatsyn – çagyryşy bilen bir döwlete birleşdiler.  Onuň mysalynda, olar özlerini adalatlylygy bilen ady külli jahana dolan we şöhraty has uzak günbatara baryp ýeten ynsanyň we gelejekde ondan başga hiç kimiň mynasyp bolup bilmejek döwletine eýe bolan we şeýle hem hiç bir hökümdara miýesser etmejek belentlige ýeten ynsanyň ygtyýaryna berdiler. » 

***
          
«Her bir musulman adamsy Togrul bege boýun egmelidir we onuň kuwwatynyň penasynda bolmalydyr, oňa özüniň äşgär we ýaşryn niýetleri bilen ýardam etmelidirler, gije-gündiz Beýik Alladan onuň parlak Baýdagyna ýeňiş iberilmegini we oňa özüniň ýagşy alamatlaryny göndermegini dileg etmelidir. Ol [Togrul beg] hakda, onuň sahawaty, onuň Allatagalanyň mähir-muhabbetine mynasyp bolmaga  çalşyşy, Allanyň bendeleri babatynda adalatlylygy, haýyr işleri we rehimliligi, onuň hoşamaýlygy hem-de gahar-gazaby, özünden öňki ýaşap geçen patyşalaryň tersine, onuň pul we baýlyk toplamaga bolan ýigrenji barada gürrüň berýän iň gowy hekaýatlarymyzdan  eşiden we gözümiz bilen gören zatlarymyzdan käbirlerini ýada salalyň. Biz munuň üçin ýaranjaňlyk ýokundysy bolmadyk, ýalan-ýaşryk zatlar bilen üsti ýetirilmedik, ikiýüzlilik hem-de toslamalar bilen zaýalanmadyk delilleri getirýäris. Beýle etmäge bizi gorkam, bähbidem, ýaranjaňlygam mejbur edenok. Bizde ol barada çyn zatlary aýtmak isleginden we onuň düýp asly barada tapylgysyz hakykaty görkezmekden  başga maksat ýok. Biz onuň hökümdarlygynda  howsuzlyga we onuň häkimýetiniň astynda abadan durmuşa eýe bolduk, şonuň üçin hem biz onuň eden sogaply işlerine diňe mynasyp baha bermek isleýäris.»

***
   
«Meniň bu kitaby ýazmagyma itergi beren sebäp, biziň çuňňur  hormat goýýan we sylaýan ýaşulymyz, jenabymyz hem-de howandarymyz Ymad ed-Din Abu Nasr Mansur ibn Muhammediň, goý, Alla onuň zyýadalygyny gorasyn, kitaby we onuň sözlerini tankydy göz bilen seretmäge, onuň maksatlaryny  we ähmiýetini kesgitläp bermäge, ýüze çykyp biläýjek ýalňyşlyklara üns bermäge we meniň ýol berip biläýjek ýalňyşlyklarym üçin geçirimlilik etmäge, soňra bolsa ony ...  soltan  üçin  türkmen dilinde beýan edip bermäge razylygy boldy.»
 
***

«Allanyň nazar salan Pygamberiniň: «Eger Allatagala adama ýagşylyk etmek islese, onda oňa unudaýan ýagdaýynda ýatladar ýaly, ýadyna düşende kömek eder ýaly, hakykaty aýdýan wezir berer» diýen sözleri tüýs jaýdar  aýdylan hakykat boldy. Meniň sözlerimi ajaýyp ösüşleri bilen Togrul begiň dolandyran döwründe, goý Alla onuň baýdagyna ýeňiş göndersin, adalatly dessurlary, öwgä mynasyp sütünleri ýa-da onuň jenaýatkärler babatynda ýumşaklygy diýjekmi, ýa-da bolmasa günäleri geçilenler babatyndaky jomartlygy diýjekmi, başarjaň adamlara ýagşylyk etmek ýa-da asylzada maşgalalaryň wekillerine merhemet etmek, ýa-da nähak töhmetlere pitiwa etmezlik – bularyň bary, haçan-da Allanyň penakärleýän şyhy Amid al-Mülke oňa [Togrul bege] gulluk etmek we özüni onuň bilen baglaşdyrmak hormaty miýesser eden we onuň buýruklary ýerine ýetirilýän we onuň maslahatlary hasaba alynýan döwürde boldy. Muňa Togrul begiň, haçanda onuň ýanyna gorkudan ýaňa huşy başyndan uçup, süňňüni saklap bilmän saňňyldap duran al-amir al-sifahsalar Seýf ad-Döwle Abu Ishak Ybraýym ibn Ýusuby ýesir edip getirilende bolşy mysal bolup biler. Şonda hemmeler soltan, goý onuň ýeňişleri Allanyň peýdasyna bolsun, onuň damarlaryndan ganyny döküp, ony öldürip, içini sowadar öýtdiler. Emma ol ýerinden turup, baryp ony gujaklady we onuň günäkärdigini ýa-da bigünädigini sorabam durman, onuň ötüňçlerini kabul etdi. Emma Adud ad-Döwle öz doganoglan inisi Izz ad-Döwle Bagtyýar babatynda başgaça hereket etdi: haçan-da ol onuň üstünden ýeňiş gazananda, diňe onuň ölümi onuň içini sowadyp biljekdi we şonuň üçin  hem ol Izz ad-Döwläniň kellesini kesmegi we ony mejmäniň üstüne goýup özüne getirip görkezmeklerini höküm etdi, şeýdibem onuň etmişlerine daşýany bilen jogap bermek isledi.»

***
      
«Bu soltanyň, goý, Alla onuň ýeňişlerini berkitsin,  nesil şejeresi barada aýdylanda, onuň gelip çykyşynyň, käbirlerniň nesil şejeresi ýaly, näbelli hem-de atsyz-sorsuz, erksiz gula baryp diremän, asylzada nesle degişlidigi hem ýeterlik derejede tassyk edýär. Onuň ata-babalarynyň biri Seljuk bolupdyr we ol bir gezek hazar patyşasynyň depesinden gylyjyny salypdyr we ony elindäki taýagy bilen mazaly ýenjipdir, şonda ol  aty bilen onuň  öňünde ýykylypdyr. Beýle işi diňe hakyky batyr, erkin adam edip biler.»

***
      
«Döwlet döretmäge çagyryş we Seljuklar döwletiniň döredilmegi Togrul begden başlaýar. Bu soltanyň takwalygyna, onuň guran döwletiniň bakydygyna, döwletiň binýadynyň yrylmazdygyna, haçan-da men onuň Ýokary Geňeşinde  bolanymda we öz elim bilen Zuraýr ibn Ala ad-Döwläni emir wezipesine bellemek bilen baglanyşykly permany ýazanymda göz ýetirdim. Şonda  onuň öňünde, eger-de ol  gollarynyň badyny gowşatman işlese, wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmejekdigi şert edilip goýuldy. Emma Togrul beg, goý, Alla onuň abadançylygyny uzaltsyn,: «Ýöne, diňe ol raýatlary ezmedik we olaryň emlägini zor bilen ellerinden almadyk ýagdaýynda» diýip, aýdylanlaryň üstüne  goşdy. Emma şeýle bellik Geňeşe gatnaşýan  kazylaryň, kanunçylaryň, wezirleriň we kätipleriň hiç biriniň kellesine gelmedi we şeýle pikiri olaryň hiç biri aýdyp bilmedi.» 

***
       
«Alla şaýatdyr, maňa Togrul bege gulluk etmek bagty miýesser eden we öz ykbalymy onuň döwleti bilen baglanyşdyran günümden bäri, men  onuň ýanyna umyt bilen gelen adamyň möhümini bitirmän yzyna gaýtaranyny, alymyň üstüne gygyranyny, adalatsyzlyga ýol berenini ýa-da bolmasa, başga bir hata iş edenini bir gezegem görmedim. Eýsem-de bolsa, eger-de ýokarda beýan edilen zatlar onuň eden işleriniň we onuň zyýadalygynyň iň bärkijeleri bolýan bolsa , onda şeýle hökümdar barada ýene nämeleri aýtsa bolar.» 

Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 633 | Добавил: Нawеran | Теги: Jumadurdy Annaorazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]