00:20 Atalaryň mirasy | |
ATALARYŇ MIRASY WATAN
Hernäçe duýguly aýdylsa-da men şugüne çenli bu jümleden beýle täsirlenip görmedim. Edebiýat sapagynda Berdinazar Hudaýnazarowyň "Haşar" powestini okamagy öýe ýumuş berdi mugallym. Menem kitaphanadan alyp kitaby okamaga başladym. Eser okamagy näçe söýsemem käteler gündizlerine işimi goýup käbir kitaplara imrinsemem gije ukymdan geçip görmändim kitap üçin. A bu kitap gije ukymdan geçirdi gündiz ynjalygymdan. Gyzyklanmalaryma höwrügip kitaby şol gije dynjak bolup ýatman okapdym. Bolsa-da 2 günümi alan eseriň täsiri welin şu wagtam bokurdagymda tegek ýaly gözlerime hünji düzdi. Uruş ýyllary hakynda dilden agzamak bilen hakyky urşuň ynsana ýetiren zyýanlaryny duýmagyň araçäginde boldum men. Şu Watanyň erkanalygy üçin ata-babalarymyz ene-mamalarymyz gör näçe azap jepa çekenligini süňňüm bilen duýdum. Gahryman sözüniň manysy mertebesi beýgeldi ruhumda. Olara buýsandym. Gahryman pederleriň gahryman eneleriň neslidigime buýsandym. Ata Watanyma bolan söýgim hasam beýgeldi gursagymda. Şol söýgi bilen menem beýgeldim eziz Watanymyň adam beýgeldi. Mukaddeslikleriň ölmez ýitmezliginiň beýikliginiň syry hem şunda bolsa gerek. Aýmaral ÇAÝYROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |