11:47 Aýal-gyzlar barada | |
AÝAL-GYZLAR BARADA
Zenanyñ hakyky gözelligi onuñ häsiýetiniñ mylaýymlygyndadyr, onuñ ýakymlylygy bolsa şirin zybanlygyndadyr. * * * Edip beren ýeññemden, edep beren ýeññem. * * * Zenan gözelligi ençäni özüne bendi edendir, çünki gözeliñ söýgüsi ýakyp-ýandyryjy oda barabardyr. * * * Mähirli aýal öýüñ bezegidir. * * * At bezegi eýer, öý bezegi aýal. * * * Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al. * * * Ýagşy ene ýagşy gyza görelde. * * * At alma - eýer al, aýal alma - hossar al, ýer alma - goñşy al. * * * Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar. * * * Egee jennet enäniñ aýagynyñ aşagynda bolsa, onda onuñ basyp giden yzlary mukaddes zyýarathanadyr. * * * Müñ daýza bir enäniñ ornuny tutmaz. * * * Ursa-da, ejem eli ursun. * * * Orta ýaşda aýalyñ ölmesin, ara ýolda malyñ galmasyn. * * * Ejeliniñ reñki bagdaky güle meñzär. * * * Äri - är edýän-de aýal, gara ýer edýän-de aýal. Taýýarlan: Aýjemal DURDYÝEWA, TGM-niñ Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyñ uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |