19:46

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew: Gel, obamyň lälesi

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 302 | Добавил: Bagabat | Теги: Çaryguly Hanjaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
1
1 Nurdan  
100
Allaýar Agañ "Deñiz guşum" "Läläm gideliñ bäri" "Dagly gyz". "Gel, obamyñ lälesi" goşgularynyñ aýdymlary yüreklerde ýer almagy başaran, könelmejek, ýitmejek aýdymlar...
Hakyky aýdymçy ŞAHYR, USSAT.
"Deñiz guşum". aýdymynyñ döreýşi birhili ýüregi syzlatdy...
Ussat bagşyñ aýdymy diñläp bilmediği gynandyrdy..
Allaýar aganyñ manyly ömri uzak bolup Ogul-gyzyna, agtyk-çowluklaryna guwanyp saglykly ömür hemrasy bolsun! Her kime-de Allaýar aga yaly abyraýly ýaşuly bolup, pensiýa çykyp, döredijiligi bilen meşgullanyp, zähmetiniñ miwesini görmek nesip etsin!

Ýetireniñize-de sagboluñ, @Bagabat Aga, Size-de döredijilik üstünlikleri ýar bolsun!

0
2 Mähriban  
607
Allaýar aganyň gowy ynsandygy, belent adamkärçiligi, ýitiligi, syzgyrlygy... ýene-de kän-kän ajaýyp gylyk-häsiýetleri döredijiliginiň ähli taraplarynda hem aýdyň şöhlelenýär. Hormatly halypamyzyň aýdymlary öz owazyny gözel Sumbardan alýan bolmaly. Megerem, ol sadagasy boldugym mekanlarda doglup şahyr, aýdymçy, suratkeş we ýene we ýene sungat ussady bolmazlyk mümkin däl bolsa gerek. Halypamyzyň ömri uzak bolsun! Diňe "Deňiz guşum" aýdymy üçinem ol ussat aýdymçy şahyr, ýöne döredijiliginiň haýsy tarapyny alsaňam giň, örän giň, giň tüweleme! (Allajan şeýle ömür hemmämize nesip etsin!)

1
3 Bagabat  
43
Allaýar agaň, geçen asyryň otuz ýedinji ýyllarynyň pajygaly wakalary hakdaky oçerkleriniň özem, türkmen edebiýatyna, publisistikasyna goşulan ummasyz goşant.
Ýaşuly ýazyjyň, şahyryň, bigünä jepa çekip, hunaba ýuwdan bendeler hakda hakydaň halkyň aňyndan ýitip gitmezligi üçin siňdiren ägirt uly yhlasy, ummasyz zähmeti. Şol oçerkleriň içinde berlen maglumatlary iňňe bilen guýy gazan ýaly edip, çöplemekde, tertipleşdirmekde, soňam degerli arhiw resminamalary bilen döwrüň şaýatlarynyň aýdyp berýän bulam-bujarrak wakalaryny delillendirmekde, subut etmekde, gerek bolsa süle sülän ýaly edip "aýdylýan" hakykat bilen "ýazylan" hakykatyň arasyny üzül-kesil aýyl-saýyl etmekde iş bar. Kriminalistikada ýöne ýere: "Gözi bilen gören şaýat (очевидец) ýaly çypdyrýar" diýen aýtgy ulanylmaýar.
Öz tejribämde onlarça gezek gabat geldim. Şol bir wakany her bir adam birhili görýär. Her bir adam gözi bilen görüp duran wakasyna özüniň emosional tolgunmalaryny, subýektiw oýlanmalaryny, syzmalaryny (ощущения) we ş.m. gatyp-garýar. Adamlar bolsa, hiç haçanam birmeňzeş däl. Biri gorkak, biri garadangaýtmaz, biri sowukganly, "dünýe sil alsa topugyndan" diýilýäni, beýlekisi: "suw görmän tamman çykarýan" diýilýän derejede, sähel zada-da elden-aýakdan çykyp barýan galagoply. Onsoň biri itiň topulyp gelýändigini görüp: "Güjük ylgap gelýädi" diýip görkezme berýär. Beýlekisi: "Läheň, möjekbasar köpek üstüme garşy, gyýaklaryny syrtardyp, hyňranyp topulyp gelýärdi. Iki ernindenem gan gatyşykly gyzgylt hyllygy akýardy. Gözlerem gyzyl ot bolup lowlap ýanýardy" diýer. Ýene-de biri: "It däl-de pişik" diýer. Üçünjisi: "Ýok, bilgeşleýin ýalan sözleýärler. Şagaldy" diýer. (Ýogsa, şäherde şagal näme işlesin?:-))...
Garaz, şuň ýalyrak-da.
Umuman, eden işleri üçin Alla ýalkasyn, ýaşulyny!

1
4 Nurdan  
100
"Ýaşuly ýazyjyň, şahyryň, bigünä jepa çekip, hunaba ýuwdan bendeler hakda hakydaň halkyň aňyndan ýitip gitmezligi üçin siňdiren ägirt uly yhlasy, ummasyz."

Gaty dogry bellediñiz, Serdar Aga, şulary başarmak üçinem gaýrat, mertlik gerek, her kimiñ başarjak işi däl, Allaýar Aga diñe şol işleriniñ özem úly hormata, mynasyp..,

1
5 Bagabat  
43
Bu temadan Allaýar agaň ýazan makalalarydyr oçerkleriniň şu saýtdakylarynyň salgysy:
1.http://kitapcy.com/
news/darkasly_yyllaryn
_wawwasyny_yatlap
/2021
-11-23-18435;
2.http://kitapcy.com
/news/berdi_kerbabayew
/2021-11-19-18362;
3.http://kitapcy.com/
news
/berdi_kerbabayew_
dowamy
/2021-11-19-18363;
4.http://kitapcy.com/news
/berdi_kerbabayew_sony
/2021-11-19-18364;
5.http://kitapcy.com/
news
/ja_dokazhu_svoju_
nevinovnost/2021-09-09-17312;
6.http://kitapcy.com/news
/komu_v_pechali_plakat/
2021-090817304;7.http://
kitapcy.com/news/
vspomnite_ikh
_imena/2021-09-08
-17302;
8.http://kitapcy.com/
news/tridcat_sedmoj_
rokovoj/2021-09-08-
17298;
9.http://kitapcy.com/
news/stranicy_odnogo_
dela/2021-09-0817293;10.http://kitapcy.
com/news/i_vse_eshhe_
zhivu/2021090617261;11
.http://kitapcy.
com/news/pamjat_serdca
/2021_090517255;12.http:
//kitapcy.com/news/bir_
soragyn_yigrimi_yyllyk_
sutemi/2020-04-04-11124;
13.http://kitapcy.com/news
/slomannye_sudby/2021-
09-04-17225;14.http://kitapcy
.com/news/berdy_
kerbabaev/2021-09-04-17219;15.http://kitapcy.
com/news/pokrovitel_
gerogly
/2021-09-04-17216;16.http://kitapcy.
com/
news/fakty_tolko_fakty
/2021-090117205;17.http
://kitapcy.
com/news/gorkie_sudby
/2021-08-18-17022...we beýlekiler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]