20:36 Aýdyň ertirleriň kepili ýaşlar | |
AÝDYŇ ERTIRLERIŇ KEPILI ÝAŞLAR
Bu döwür, bu bagtyýarlyk-ählisi ýaşlaryň, biziň okamagymyz, öwrenmegimiz, döretmegimiz üçin edilýän atalyk aladalar. Tutuş ömrüni eziz balasynyň geljegine yhlas bilen geçirmek, çagalaryna aýdyň ertiri miras goýmak her bir ata enäniň öňünde goýan uly maksatlarynyň biri. Biz şeýle bir söz bilen soňlanmajak bagtyň eýesi welin, kalbymyzda tükenmez ylham, buýsanç döreýär. Arkamyzda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bar, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda günler bizi ak ertirlere, ertirler önüp ösüşli ýyllara atarýar. Şeýdibem, gözümiziň öňünde şanly taryh ýazylýar. Hawa, biz çyndanam bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlary. Sebäbi beýik akyldar Magtymguly Pyargynyň arzuw eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Öz Watanymyzy-Garaşsyz Türkmenistanymyzy dünýä kartasyndan görkezip bilýäs, bagtyýar diýarymyzyň goýnunda erkin ýaşaýas, okaýas, döredýäs. Tutuş halk erkana ýaşaýar bu Watanda. Her ojak parahat, her öýde diňe çaga gülküsi ýaňlanýar.Bu günki nesiller uruş hakda diňe taryhdan okaýar, gazanlar diňe toýa atarylýar. Magtymguly atamyzyň arzuw edişi ýaly, aşymyz bir suprada taýýar bolup türkmeniň ykbaly göterildi bu gün. Bu taryhy türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdary hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy bilen ýazýar. Täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa, Hormatly Prezidentimiziň Watanyň şu gününi, aýdyň ertirini ýaşlar bilen baglanyşdyrýandygynyň aýdyň susbutnamasydyr. Öňümizde tutuş sahypa taryha açylan. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” hem her bir gününi Gahryman Arkadagymyzdan dowamat dowamly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda toý-baýramlara, taryhy wakalara beslemek bilen başladyk. Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyza “Türkmen halkynyň Milli Lideri “hormatly adynyň dakylmagy, TMÝG-niň VIII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini nazarda tutup, ýaşlar hakynda aladanyň artýandygy biz-ýaşlary täze maksatlara, ýeňişlere ruhlandyrdy: Täze döwre gadam basan Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly eziz türkmen halkyna bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny arzuw edýän. Ýaşlary Watanyň daýanjyna öwürýän, okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadgymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolsun! Maral Baýramowa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli düný1 dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |