07:19 Bagt / oýlanma | |
BAGT Ine hemişekiler ýaly bu gün hem iş wagty tamam boldy. Nirde sen meniñ mähriban öýim diýdimde ýola düşdim. Iş ýerim Oba içi bolsadaTomus aýlary howa yssy bolanyndanmy nämemi daş towerekde Adam gara görnenokdy. Diñe uly ýoldan maşyn sesleri gelyardi. Pikire batyp barşyma Uly ýolada ýetdim. Ynhada begendirji pursat şahere alyp gitjek awtobysym hem ýetip gelýär. Awtobysa munip boş yerlerin birinde ornaşdym. Niýetim biraz göz ýumup dynç almakdy, Emma bir yerden cagajyñ jykyr-jykyr edýän gülkisi bar ünsimi böldi. Seretsem ýaşyrak çatynjalar ellerinde yanky çagajyk beylesinde bolsa 5ýaşlarynda gyzjagaz bardy. Men üns bilen synlap başladym. Eşikleri juda ýonekeyjedi, gaty köp gezek geýlene meñzeyardi. Elleri Edil diyersiñ ömrinde suw görmedik yaly jayryk-jayrykdy we yaralydy. Megerem agyr işler bilen meşgul bolyan bolmalylar. Ýaldyrap göze düşýan zatlary yokdy. Aslynda welin olarda Ýaldyrap Duran Bagt bardy. Sebabi Adamsy gelniniñ ynjalygyny gacyrmajak bolup ýañy iki ýaş toweregi oguljygyny gujagyna alyp onuñ bilen oynayardy gyzjagazynyñ bolsa başyny sypaýardy. Käte bolsa Gelnine mähir bilen garaýardy. Ol bakyşlarda "ählisi üçin minnetdar" saña diyen duýgy bardy. Gelin juda bagtyýardy. Ol oguljygyna bol "kaka diý Oglym kaka diy" diýip gaytalayardy. Gyzjagazy bolsa bökip "Kaka Kaka" diyyardi Olaryñ Sada ýüzlerinde Bagt nury bardy. Dogry olar hakykatdanam pukaraja maşgalady. Ýöne olarda "Bagt baýlygy" bardy... Selbi MYRADOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |