01:10 Bedenterbiýe we sport sagdyn durmuşyň gözbaşy | |
BEDENTERBIÝE WE SPORT SAGDYN DURMUŞYŇ GÖZBAŞY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup yetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleri tejribe alyşmak esasynda, keselleriň sany azalýar. Ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunca giň möçberli çäreler geçirilýär, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmage aýratyn üns berilýär. Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň 2025-nji ýyla çenli saglygyň ählumumy derejesini we onuň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän çaklamalaryna laýyklykda, adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy we lukmançylyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagy netijesinde, dünýäniň ilatynyň uzak yaşlylarynyň sanynyň köpelmegine garaşylýar. Gahryman Arkadagymyzyñ 2017-nji ýylda çapdan çykan "Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur" diýen kitaby Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda sportuň ösüşi, bu ugurda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda aýdylan paýhasly setirleriň üsti bilen ýaşlara watançylyk, gözellik, dostluk, beden terbiýelerini berip bolýar. Gahryman Arkadagymyzyñ belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrüldi. Sebäbi yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygy baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk — ynsanyň başynyň täji, emma ony adamlar diňe syrkawlan wagtlarynda görüp bilyärler. Danalar bagty, saglygy gymmatlyklar düzüminde biri-birine barabar goýupdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň sport bilen meşgullanmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýe we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, işgärleri taýýarlamak meselelerini kämilleşdirmek, şu ugurda işleýan hünarmenleriň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyñ: «Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edyär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Goý, mähriban halkymyzyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris! Maksat PENJIÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instirutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |