01:00 Bilinýän we bilinmeýän geň-taňlyklar | |
BILINÝÄN WE BILINMEÝÄN GEŇ-TAŇLYKLAR
Günde 13 sany aýdym deňlemek ýürek infarktyny 80% azaldyp biler. Hiç wagt düýşüňizde sagat ýa sagadyň näçe bolandygyny görüp bilmersiňiz. Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar. Bir milliard sekunt, takmynan, 37 ýyla barabardyr. Akylly adamlar köplenç söýgüli tapmakda kynçylyk çekýändirler. Söýýän(halaýan) adamyňyzy gujaklanyňyzda beýni agyry kesiji derman içmek bilen deň bolýar. Ynsan ynanyp içeninde islendik derman onuň agyrysyny köşeşdirip bilýär. Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara “Telepoçta”, “Bank”, “Kitaphana”, “Muzeýler ýygyndysy”, “Gwardiýaçylar” ýaly komandalar gatnaşýar. Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy. Atly ýadygärliklere aýlanmaga gideniňizde, eger atyň öňki iki aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar. Uzyn boýly gyzlarda ekiz çaga dogurmak ähtimallygy ýokary bolýar. Düýşler 2-3 minutdyr näçe uzak düýş gördüm öýtsede adam 7minutdan uzak düýş görüp bilmez. Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere garanyňda iki esse köp gürleşýärler. Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çagalary bolup, olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem däl. Olar dürli-dürli ýyllarda şol bir günde dünýä inenler. Eliňde pul tutmak ýa sanamak sizi ruhy taýdan güýçlendirip gahardan köşeşdirip biler. Şirin BAÝMÄDOWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |