09:04 Bir dünýä... / oýlanma | |
BIR DÜNÝÄ...
Men bir dünýä döretdim... dünýä içre duýgulary zyýada. Onda duýgularyň dostlugy sürýär şalyk. Şu güne çenli özbaşdak gezen duýgularym onuň dünýäsine birleşdi gitdi. Onuň bilen bile güldüm, bile-de gyýyldym, bileje şatlandyk, bileje tukatlandyk. Hususylygym hojalyga öwrüldi. Men bir dünýä döretdim... süňňünden jennetiň ysy bark urýar, göreçlerinden ylham ruhy möwç alýar, ýylgyryşyndan ýaşaýyş görklenýär, süýjüligi kalbyňy eredýär. Onda özgä ýer ýok, diňe men hem ol. Men bir dünýä döretdim... Ol geldi-de bal günüme batyrdy, söýgä ýene bir nukdaý bilen bakmagy öwretdi, söýgi uçgunymy alawa öwürdi. Hemişe, hemme ýerde oňa saýa salmak isledim. Söýgim sebäpli sahylygym sygmady serhede. Berenimi az gördüm. Ezizligi, süýjüligi şirin janymdan-da zyýat geldi. Onuň bilen orunly boldum, onuň bilen dogumly boldum, onuň bilen dowamly boldum. Etsemlerim, maksatlarym köpeldi. Ömür älemgoşaryma täze bir reňk bolup goşuldy ol. Şeýtdi-de durmuşyma datlanyş, ýaşaýşyma janlanyş, ruhuma galkynyş getirdi. Onsuz geçen günlerimiň şuglasy öçügsi eken. Şu günüme hem geljegime şärikligi bilen durmuşymy süýjetdi. Men bir dünýä döretdim... arzuwlarym aýdym bolup ýaňlanýar. Günüm-Aýym oň daşynda aýlanýar. Alada-gaýgylary-da, şatlyk, gussalary-da meniňki. Onsuz aýlanmajak günlerim, atmajak daňlarym bar. Iňirdileri-de irizmeýär, hysyrdylary-da horlamaýar. Oňa her bir zatda bagly boldum. Garaşlylygyň lezzetiniň beýle datly boljakdygyna ol ykbalyma gelmedik bolsa ylla ynanmazdym. Gülküsi bilen göwnümi giňeltdi, şatlygy bilen durmuşyma joş berdi. Argynlygyň dermany ol. Myssyjak ýylgyryş bilen gujagyňa dolar-da, hyýal eden ýerine naşyja elini galgadyp başlar. Ýüpsüzje baglanyp düşüp ýörsüň yzyna. Men bir dünýä döretdim... onda jennet ysly bir ynsanjyk hökmürowan. Bu neneňsi gudrat ― iň güýçsüzje güýçlülerden hökümli?! Gijelerem ukusyz geçip dur, gündizlerem. Onuň bilen gelen her bir düzgüne kaýyl men. Naşyja ýylgyryşa bakmagyň, kiçijek barmajyklary tutmagyň, sözsüzje saýramalary diňlemegiň lezzetiniň ýesiri men. Perişdelerden penaly ynsanjyk aýratyn mähir-mylakaty bilen kökerdi. On iki synam ýaly ýakyn, mähriban käbäm ýaly ýürekdeş ol. Gursagyma gulak goýup köňül nagmalarymy diňleýär. Ýaz yşkyna düşen guşlar kimin süýji saýraýar. Arzuwlarymy ak ertire ýetirjek myradym. Ol ekeni al-asmanda pel-pelläp ýören döwlet guşum. Geldi-de gujagyma doldy. Men bir dünýä döretdim... onda meniň bir bölegim ýaşaýar. Ýüregim aýry göwrede gürsüldese-de, ruhum onuň ýanynda. Bu bitewüligi aýyl-saýyl etmäge hiç bir zadyň güýji ýetmez. Ol meniň ömrüme, men bolsa onuň ömrüne şärik. Men bir dünýä döretdim... onda kiçijek ynsan uly mugallymlyk edýär. Uly durmuş hakynda onuň sapaklarydyr tejribeleri. Mährem käbämiň meni kemala getirmekdäki azaplaryny özleşdirmek dersi bilen başladym bu okuwa. Onda muzdsuz söýmek, aşa sabyrlylyk, ýokary jogapkärçilik hakynda sapaklar bar. Men bir dünýä döretdim... ol ― enelik dünýäsi. Ol geldi-de meni perzentlik dünýäsinden enelige atardy. Ene bolmak ― eziz bolmak. Munda gaharjaňlyga, gyňyrlyga, sowuklyga hem harsallyga orun ýok. Ene bolmak ― kämil bolmak. Ol hereketleriň, häsiýetleriň hem duýgularyň kämilligidir. Çünki eneler-de daýhanyň ýere siňdiren yhlas-zähmetine görä hasyl alşy ýaly, öz kämilliginiň çygryna laýyk perzendi kemala getirýärler. Aýsenem GURBANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |