15:58

...Çagasy

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 477 | Добавил: Pegas | Теги: Biler bolsaňyz | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Bagabat  
43
Sagja bol taňryýalkasyn, @Pegas! Gaty gowy maglumatlar. Gerek ýerinde ulanmaga juda ýaramly maglumatlar. Diňe birje bellik, has takygy belligem däl-de, bilýänjämi aýdaýyn diýdim. Elguşuň çagasyna "türpek" diýilýän ýerine, şeýle hem eşegiň çagasyna-da "taýhar" diýilýänine duş geldim. Ýöne soňky "taýhar" diýilmeg-ä "haryň" ýagny "eşegiň taýy" diýlen manyda heneklije aýdyldygymyka diýýärin.

0
2 Gurgencli  
324
Gijen pişigiň çagasy. Bir awtoryň eserinde "Gijeniň gözi ýaly" diýen setir okapdym....
Gijen Gyryk jaýdygöýüň adynyň soňky gyrygy näme many berýäka onda???

0
3 Gurgencli  
324
Bilýäňizmi??

0
4 Bagabat  
43
@Gurgencli, ol Gijen gyrygyň taýpasynyň ady. Maglumatlaryň birine görä, Gijen garadaşly (ýazyr) taýpasynyň "gyryk" kowmundan. Bir maglumata görä ol gökleňleriň "gyryk" tiresinden bolup, Etek (Kesearkaç, Ahal) tekeleriniň arasynda 19-njy asyryň birinji ýarymynda ýaşapdyr. Özem ol jadygöý däl-de, tersokan. Rusça Чернокнижник, ýewreýçe kabbalist bolýar.

0
5 Gurgencli  
324
@Bagabat, şo tersokanlygam jadygöýüňlygyň bir görünişimika diýip oýlaýan. Gijen Gyryk şu saýtda okan magmulatlaryma görä uçup bilýän eken, islendik keşbe girip bilýärmişin eýsem olar sehir bolman näme bolup biler?.
Men ýaşulylardan eşidişime görä ýylanam kyrk ýyl adam sesini eşitmän ýaşasa ýuha bolup islän keşbine girip bilýärmişin. Şu barada siz nämeler bilýäňiz?

0
6 Bagabat  
43
@Gurgencli, menem eşitdim şol aýtgyny. "Kyrk ýyl adam görmedik ýylan ýuwha çykarmyş" diýip. Ol barada anyk ýadyma düşmeýär welin, bir ýerde, haçanam bolsa bir wagt bir rowaýatam okan ýaly bolup durun. Ýöne şol rowaýatyň mazmunam, çeşmesem anyk ýadyma düşmeýär. Ýöne, dili duzlyrak ýaşulular: "Heleý kyrk ýyllap är görmese aždar çykarmyş. Soň ýene-de şonça ýyllap erkek zoruny datmasa ýuwha çykarmyş" diýibem bir zatlar diýýärdiler. Ýöne bu aýtgy diňe ikimiziň aramyzda galsyn. Bolýamy?! Şertleşdikmi?!  wink

0
7 Bagabat  
43
@Gurgencli, jadygöýlük bilen tersokanlygyň tapawudyny bolsa, gysgaça şeýle düşündirilýär: "Jadygöý - bu öz jadysynyň ýa-da tebigatyň jadysynyň kömegi bilen adatdan daşary zatlary amala aşyryp bilýän adamdyr". Jadygöý ýagşy işlerem edip bilýär. Mysal üçin, ak jadygöýler. Ýa-da möý-içýanyň zäherini okaýan mollalaryň Alla tarapyn idin berlen adatdan daşary ýardamy we ş.m.. "Tersokan - bu gara jadynyň ýagny, Alla tarapyn adamlara goldaw bolsun diýlip berlen gudraty Şeýtanyň hem-de melgunlaryň kömegi bilen tersine öwrüp, olary esasan adamlaryň ýamanlygyna ulanýan adamdyr". Ine ikisiniň tapawudy.

0
8 Gurgencli  
324
@Bagabat, bolýa, şertleşdik:). Düşündireniň üçin minnetdar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]