20:45

Çuwal bagşy -7: Kimiñ ýolundan gitmeli?

KIMIŇ ÝOLUNDAN GITMELI?

Atabaý bagşy bilen birnäçe toýy sowan Magtymguly bagşyçylyk sungatynda-da her ýeriň öz däbiniň, öz dessurynyň bardygyna hasam oňat göz ýetirdi. Onuň aýdýan aýdymlaryny Gubadaga, Aýböwür-de, Çomonoýda, Tagtada... toý-märekede hezil edip diňleýärdiler. Ol daň atýança tirme aýdymlaryny aýdyp berýärdi, emma bu etraplarda dessan aýdyp bilmeseň seni baş bagşy hasaplanokdylar. Şonuň üçin ol köplenç toýlarda nobaty dessançy bagşa bermeli bolýardy. Şeýle pursatlarda ol halypasy Gylyç bagşynyň dessan aýdyşyny, «Serpik ýapany», «Jöhit oglany» (ikisem poema) labyzly aýdyp jemagata hezil berşini ýatlaýardy. Dessan öwrenmändigine gynanýardy. Namys edýärdi... Eýsem-de bolsa, häzirem giç däl. Bu ýerde uly ussatlar bar ahbetin...
Şu ýerde oňa halypalaryň ak ýürekden kömek bermegi, hemaýat etmegi zerurdy. Bu şeýle-de boldy...
Dessan aýtmagyň öz tertibi, düzgüni bardy. Bu üýtgeşik sungatdy, özboluşly bir ugurdy.
Bu etraplarda toýda dessan bilmeýän bagşa gündiz bir-iki sagat aýdym aýtdyryp, agşamyna ilki bagşy çaýyny içip, ýeňiljek naharlanýança dessançy baş bagşynyň şägirdi, aýdym aýdardy. Soň agşam (hupdan) baş bagşy aýdyma başlaýardy. Ol ilki bir-iki sagat tirme aýdymlary aýdyp, soň dessan aýtmaga girişýärdi. Dessanyň gürrüňini hem-de aýdymlaryny aýdýardy. Bu professional ussatlygy, gepe çeperligi talap edýärdi. Bagşy dessanyň gahrymanlarynyň obrazyna girip, gepleşigi janlandyryp, gahrymanlaryň häsiýetine göre gürrüň bermelidi.
Bü ýerde özüniň ykrar edilmezligi Magtymguly bagşa agyr degýärdi, oýlandyrýardy. «Neme etmeli? Nähili aýdym aýtmaly? Kimiň ýolundan gitmeli?» Bu sowallara ol öz ýanyndan jogap gözleýärdi. Soň ol «Öz ýoluň bolmaly» diýen netijä gelýärdi. Ýene-de «Nädip?» diýen sowal ýüze çykýardy.
Ol bu sowala entek jogap tapyp bilenokdy. Ilki bilen dessan aýdylyşyny öwrenmegi ýüregine düwen bagşy Kesearkaç etrapynda öwrenen aýdymlarynyň iň oňat nusgalaryny bu ýerdäki aýry-aýry ugurly bagşylaryň heňleri, oňat däpleri bilen birleşdirip, täzeden işleniläýse, nähili bolarka? diýen pikir özünde döreýänçä sermisal bolup gezdi ýördi. Ýöne teze ýola ugrukmak ýeňil-ýelpaý iş däldi. Köp zähmet siňdirmelidi, çirim edilmejek gijeler, inçe, näzik sungatyň özüne ýowuz darajak pursatlary entek-entekler öňde ýatyrdy...
Magtymguly dessan öwrenmek bilen bir wagtda-da aýdymlaryň üstünde işlemege, özüniň ukybyny barlamaga girişdi. Şol wagtlar garadaşlyda Atabaý keliň, ýomutlarda Nazar baganyň, Pälwan bagşynyň, çowdurda Saparbaý somagyň – hersiniň özbaşdak aýdym aýdyş ugry, äheňi bardy. Atabaý keliň sesi batlydy. Ol aýdymyň sözlerini läle kakýan ýaly bogun-bogun goýberýärdi, aýry setirleri, sözleri batly gaýtalap aýtmasy özboluşly terdi. Nazar baga ilki aýdym aýdyp başlanda sesi gulagyňa ýakmazdy. Ýogyn sesi dutaryň, gyjagyň sesini basardy. Emma ol gitdigiçe gyzýardy. Sesi taplanýardy. Aýdym aýdanda däli-porhan bolup, dyzyny ýere tarpyldadyp urýardy, ýerinden galyp gygyryp, ýene-de oturýardy. Esrik ner ýaly nagra tartýardy. Aýry bentleri, setirleri ýene sanap geçse, käbir sözleri aýtman ýuwudýardy. Jukguldy ýerine «hap-hap-hap-hap-hap» ederdi.
Magtymguly şeýle üýtgeşik zehinli, şeýle joşgunly aýdym aýdýan halypany aýratyn hormatlaýardy. «Aliliden gelen bagşy şu owazy, şu sazy bilen dessan aýtmanam öwrenäýse, ol Horezminiň baş bagşysy bolar» diýenem Nazar bagady. Onuň hut özem Magtymguly bagşa dessan öwretdi.
Saparbaý somak çowdur, garagalpak heňlerinde aýdardy. Bokurdagyňda her hili säkdirme, solkuldatma, jukguldama döredýärdi. Onuňky Söýeg bagşyňkydan gaýdýan ýoldy. Söýeg Garadali gökleňiň şägirtleriniň biri bolupdy. Söýeg bagşy türkmençe, garagalpakça, özbekçe, gazakça hem aýdym aýdyp, şol ýerlerde toý sowupdyr. Onuň çowdur garagalpak, özbek şägirtleri bolan. Magtymguly şolary pikirinde aýlap, ilki bilen dessanlary ýatlamagy, olary gyzyklandyryp aýtmagy öwrenmegiň zerurlygyna düşünipdi. Ol toýlarda gulaga öwrülip, dessan diňleýärdi. Tagtaly Pälwan bagşydan, porsuly Saparbaý somakdan «Görogly», «Döwletýar», «Saýatly-Hemra», Atabaý kelden «Hilalaý-Garyp» «Asly-Körem», «Goşa pudagym», «Şasenem Garyp», «Nejep oglan», gubadagly Nazar bagadan, «Hüýrlukga-Hemra», «Ýusup-Ahmet» dessanlary öwrenip ugran Alili bagşy hupbat baryny görmeli bolupdy, kän-kän synaglardan geçmeli bolupdy...
Magtymguly Garly 1916-njy ýyla çenli Kesearkaç, Mary etraplarynyň bagşyçylyk mekdebini, 1916-1923- nji ýyllarda Daşhowuz etraplarynyň bagşylyk mekdebini geçipdi. Öňki hem soňky tejribeler esasynda ol özüne täze, özbaşdak ýol salmagy başaryp baş bagşa öwrüldi. Ýaş bolsa-da ezberligi bilen saýlanyp duran Sapar Beki-de eýýäm Sapar süýrentginiň, Öre şyhyň, Nazar baganyň mekdebini geçipdi. Daşhowuz etrapynyň heňlerini türgenläp ele alypdy. 1926-njy ýyla çenli Porsy, Çomonoý töwereginde Saparbaý baş bagşydy. Tagta etrapynda Pälwan bagşy, Gubadagda, Köneürgençde Nazar baga, Ýylanly – Akdepede – Atabaý kel baş bagşydy. Magtymguly Garly bolsa belli etraplaryň çäginde galmady. Sebäbi oňuň heňi täzedi. Ol Kesearkaç, Mary, çowdur, garadaşly, ýomut bagşylarynyň heňi garylan üýtgeşik aýdyş ýoluny tapypdy. Şonuň üçin ol tutuş Daşhowuz welaýatynda ýeketäk ykrar edilen baş bagşa öwrülipdi. Indi Atabaý kel garrapdy. Pälwan bagşy, Saparbaý, Nazar baga hem garrap ýördüler.
Ine şonuň üçin Magtymguly bagşa aýakdaş gopjak, islen heňini göwnündeki ýaly şaňladyp çaljak gyjakçy gerekdi. Ol hem Daşhowuz etrapynda Sapar gyjakçydy. Ine şeýdip iki talant 1928-nji ýylda jüpleşipdi. Olar deň gidýän bedew atlar kimin goşalaşyp, sungat äleminde ýeňe tarap at salypdylar...
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 350 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Meläýew, Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]