00:09 Danalara gulak goýsañ | |
DANALARA GULAK GOÝSAÑ
Kiçijik daşam uly paýtunlary düñderip biler. * * * Deñizde däl-de, şerapda köp adam gark bolýar. * * * Aza kanagat etmeýän köpe mynasyp däldir. * * * Zor bilen gowy görnüp bolmaz. * * * Kelle gyzanda akyl ýitýär. * * * Şirem özüni siñekden goramaly bolýar. * * * Erkek öý tutdy, aýal dargatdy, aýal dikdi - şeýtanam dargadyp bilmedi. * * * Gözler ýüregiñ aýnasydyr. * * * Garynjanyñ gözem ýok, şonda-da ol Hudaýdan kirpik dileýär. * * * Söz näçe köp bolsa, işem şonça az bor. * * * Araba ýörände ýol görner. * * * Goñşy bilen derman ýaman günde gerekdir. * * * Galalar içinden alynýandyr. * * * Haýaly jogap bermäge uýaldy. Haýasyz şonda: "Menden gorkýa!" diýip gaýşardy. Toplan: Ärtogrul Süleýmanow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |