19:17

Dilçi / intermediýa

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 660 | Добавил: Нawеran | Теги: Täçmämmet JÜRDEKOW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 ahallydan  
6

0
2 Jemile Geldiýewa  
Şu kyssaň üstünden ýarym asyr geçene meňzeýärmi? Häli häzirem "obşylar nähili?", "serýoznyja bol!", "dawaý onda!", "problema däl", "bye-bye" ýaly başga diller bilen garym-gatym sözler köpümiziň gündelik sözlügimiziň esasy bölegi. Käbirlerimiziň beýle sözleriň arassa türkmençe däldiginden habarymyzam ýokdur. Käbirlerimiz bolsa olary döwrebap görünmek üçin ýa-da başgalardan eşdip ulanýan bolmagymyz mümkin. Näme sebäpden ulanýan bolsagam, ene dilimize nähili zyýan edýändigimizi pikir edýärmikäk?
Dil elmydama özgerişde bolýar. Özgerişlik erbet zat däl. Ol dili diri saklaýar. Täze döredilýän sözler, diliň sözlüginde ýok bolany üçin başga dillerden alynýan 'alynma sözler', gramatiki we fonetiki üýtgeşmeler dil özgerişligine mysal bolup bilerler. Emma welin, haçanda bir söz, söz bölegi ýa-da düşünje üçin dilde ýeterlik söz bolsa-da oňa derek başga dilleriň sözleri ulanylsa ýa-da başga dilleriň sözleri bilen ene-dili garylyp ulanylsa bu eýýäm dile ullakan çökgünlik getirýär. Çünki dildäki üýtgeşme çalt ýaýraýar we çalt ornaşýar. Netijede haçanda sen dili harlasaň bu diňe seniň özüňe däl, seniň maşgalaňa we gatnaşýan ähli adamlaryňa hem täsir edýär.
Soňky ýüz ýylyň içinde, türkmenleriň dünýä halklarynyň derejesine çykmagy bilen rus, türk, iňlis ýaly halkara dilleri türkmen dilinden has üstün görüp, çagalaryny şol dillerde ulaldýan maşgalalaryň sany sanardan geçdi. Netijede türkmen nesli "ene dilim türkmen dili" diýip, türkmençäni ýarym-ýalta bilýän ýa-da başga dilleri türkmençeden has köp ulanýan ýaşlardan doldy. Emma köpümiz bu ýalňyşlyklary olaryň ene dilimize edýän zarbasyna we ene diliniň gymmatyna düşünmezden goýberýäris. Medeniýetini, milletini söýýän we olara sarpa goýýan adam dilini hem deň derejede söýýändir we sarpa goýýandyr. Ene dilimiziň sagdyn ösmegi, goralmagy we nesillerimize miras galdyrylmagy biziň her birimiziň öz elimizdedir. Ony has aýawly ulanmak we goramak üçin ýerine ýetirip biljeklerimiz:

↪ Mümkin boldugyça gürlänimizde (halys başga çykalgamyz ýok bolmasa) arassa türkmen dilinde gürlemek (gürlemäge) çalyşmak.
↪ Türkmen dilinde pikir, arzuw etmäge çalyşmak.
↪ Türkmen dilinde gündelik ýazmak.
↪ Türkmençe kitaplary yzygiderli okamak.
↪ Çagalarymyz bilen türkmençe gürleşmek. Olary türkmençe okamaga, ýazmaga, pikirlerini türkmençe beýan etmäge itermek (Hatda çagalarymyzy iki ýa köp dilli edip ýetişdirýän hem bolsak ene dillerini hem deň derejede öwrenmek we ulanmak olaryň başga dilleri öwrenmegine päsgelçilik bermeýär).
↪ Ýaşulular bilen ýygy-ýygydan söhbetdeş bolmak. Olaryň gürrüňlerini gyzyklanyp diňlemek.
↪ Türkmen dost-joralarymyz bilen "diňe türkmençe" şertli oýunlar geçirmek(krossword çözmekde ýaryşmak, "diňe türkmençe" üýşmeleňler, söhbetdeşlikler geçimek, suratlardyr makalalara türkmençe teswir ýazyşmak we ş.m).
↪ Türkmençe blogdyr, makala ýazmak.

Jemile Geldiýewa – Lingwist.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]