07:26

Dostoýewskiniñ türklere we yslama bolan duşmançylygy

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 199 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gökböri  
136
• Makala goşmaça:

«Gökdepe alyndy, tekeler derbi-dagyn edildi, entek ählisi boýun egmedigem bolsa, biziň ýeňşimiz şübhesizdir. Jemgyýet we metbugat şowhun edýärler. Mundan öňräk bolsa jemgyýetde hem-de metbugatda bu işe örän parhsyz seredipdiler. Aýartynam general Lomakiniň şowsuzlygyndan soň hem-de ikinji hüjüme taýýarlanylýan wagtlarda: “Aslynda ol ýer biziň nämämize gerek, ol Aziýada biziň näme işimiz bar, özümizde açlyk, difterit bar wagtynda mekdepler ýok we gaýrylar” diýlipdi. Hawa, şeýle pikirler ýaýradylýardy, biz bolsa olary diňleýärdik. Eýsem hemmeler şeýle pikirdemidiler – ýok, ýok – ýöne nähilem bolsa düşünmek gerek. Biziň Aziýa hüjüm ediji syýasatymyza soňky döwürde gaty köpler ýakymsyz garaýyşda boldular.»
(Dostoýewskiý, "Eserler ýygyndysy", 27-nji jilt, 32-nji sahypa).

«Skobelewiň ýeňşi bilen tutuş Aziýanyň iň çet künjeklerine çenli: “Ine, ýene bir, hamana, gazaply hem boýunegmezek dindar halk ak patyşa boýun boldy” diýen gopgun gaty çalt ýaýrady. Goý, ol millionlap halklar, tä Hindistana çenli, hatda Hindistanyň özünde hem ak patyşany ýeňip bolmaýandygy we onuň gylyjynyň synmazdygy baradaky ynam össün. Ýogsam bolmasa general Lomakiniň şowsuzlygyndan soňra, tutuş Aziýada biziň gylyjymyzyň sarsmazlygy barada şübhäniň döremegi gürrüňsiz bolup biljekdi we ruslaryň abraýy, megerem, şübhe astyna düşerdi. Hut şonuň üçin hem biz bu ýolda saklanyp bilmeýäris. Ol halklaryň öz hanlary, emirleri bolup biler… Goý, halyf bolsun, ýöne ak patyşa halyfyň hem patyşasydyr. Hut şeýle ynamy hem ornaşdyrmalydyrys. Ol ornaşdyrylýar hem-de ýyl saýyn ösýär, bu biziň üçin örän zerur, çünki geljegi taýýarlaýar.»
(27-nji jilt, 33-nji sah.)

«Indi tas iki asyra golaý ýewropalylaryň bizi aziýaly saýyp gelmeginiň özi utançdyr. Onsoň biz näme-nämeler etmeli welin, Ýewropa bizi özüniňki saýmaly, ýewropalylara degişli diýmeli, diňe ýewropalylara degişli, emma tatara degişli däl. Türkler, semitler bize, arilere garanda, olar ruhy taýdan golaýdyrlar.»
(27-nji jilt, 35-nji sah.)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]