20:09

Dünýä edebiýatyndan haýsy kitaplary okamaly?

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 540 | Добавил: hoşowaz | Теги: German Gesse | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 18
0
1 Bagabat  
43
"Okamak – göwün açmak üçin güýmenje bolman, tersine, bizi oýlanmaga itermelidir, durmuşyň nogsanlyklaryndan ünsümizi sowmaly däldir, kalbymyzy hoş owaz bilen meýmiretmän, belent hem asylly idealar ugrunda göreşmegimize ýardam bermelidir."

Wah, edebiýat görgüliň etmeli zady kän welin, daýhan mellegini arassalamak islemese, dogabitdi ýaltalygy, bikärligi sebäpli ony haşal ota basdyrsa, piliň günäsi näme?!

«История учит человека тому, что человек ничему не учится из истории», Гегель.

0
2 Bagabat  
43
Ýöne, bir zady erkek ýaly boýun almaly, indi, grek antik klassikasyny, hindi eposlaryny, gadymy hytaý we babyl tekstlerini, inklerdir, maýýa-astekleriň miflerini, şeýle-de orta asyr we Ýewropa Renessans döwrüniň eserlerini, hatda L.Tolstoýdyr, Dostoýewskiýnem, hatda Orhan Pamukdyr, Koelýonam, Markesem dynnym ýalyjagam okasyň gelmeýär. O zatlary, okasyň gelmeýän zatlary özüňe zor salyp ahyryna çenli okamagy jahyllyk (nadanlygy däl-de, ýetginjekligi göz öňünde tutýan) göterýän ekeni.
Netije: Pikirlenesi gelmeýän adamy okatmagam, pikirlendirmegem mümkin däl-e ýakyn müşgil iş.

0
3 Bagabat  
43
Şu wagt, Balzagyň "Şagren deri"-sini ýa-da Dostoýewskiý "Doganlar Karamazowlar"-yny ýa-da Tolstoýyň "Anna Karenina"-syny ýa-da Miltonyň "Ýitirilen jennnet"-ini ýa-da Floberiň "Hanym Bowari"-sini ýa-da Emil Zolýaň "Pul"-uny ýa-da Lope de Wegaň "Fuento Owehuna"-syny ýa-da Korneliň "Sid"-ini ýa-da Pamugyň "Päklik muzeý"-ini ýa-da Harper Liň "Bilbili öldürmek"-ini "oka" diýseler, edil ýaga depjek ýaly. Hem-ä howpurgadýar, hemem ýüregiňi gysdyrýar. Onsoň agyr, dini tekste eýlenen "Mahabrahata" ýa-da "Iliada" bilen "Odisseýa" hakda gürrüňem ýok.
Ýöne, onuň tersine Çehow, Bunin, Puşkin, Kömek Kulyýew, O'Genri, Zahar Prilepin henizem aňsatlyk bilen okalýar.
Bu ýerde ýene-de edebiýatyň (şol sanda sungatyňam) barypýatan subýektiw hadysadygyna göz ýetirýäň. "Kim gaýkyny söýer, kim küýkini". 100% sagdynlary bolsa söýýän ýok :-). Şoň üçinem azak-tenek, sähel-mähel ýeter-ýetmezräk bolanyň kem däl ýaly :-).

0
4 Елена_Прекрасная  
462
Ondan däl ol, azak tenek yeter yetmezrak aydayyn welinimdäni yaltanyan, yone ondan dal ol

0
5 permanh2206  
960
Deyl Karneginiñ kitaplary okamaga durmușy has içgin öwrenmäge gaty gowymyka öýtýän.

0
6 Bagabat  
43
Towşantüý hem-de mymyjak, ýumşajyk oýnawaç pisint bolmany öwrenmek üçin :-). Çünki "kirpitiken" bolsaň halamaýalar.
"Uçammyka, uçmammyka?" diýýäler-de, depýäler göwerýäler :-).
Uçsaňam, uçmasaňam, iň bolmanna, depilib-ä galýaň (ýa-da görýäň). Negatiw tejribe bolsa-da, olam tejribe :-).

-1
7 Revo  
484
Meniň pikirimçe häzirki döwürde özüňi kämilleşdirmek üçin takyk ylymlaryň kitaplaryndan başga kitaplary goltuk jübüňde göterip, özüňe ýol görkeziji tutunmaklyk nädogry. Biziň häzirki döwrümiz maddy-medeni taýdan, ylmy-tehniki taýdan adamzat taryhynyň şu günki günene çenli iň ýokary ösüşe eýe bolan döwri. Ýyllaryň tejribesi toplanan, ýaşan ýada ýaşaýan ideýalaryň aglaba böleginiň derňelen ýada derňelýän döwründe ýüze çykýan problemalar üçin antik döwürleriň, ýyldyrymy, ýer titremäni, suw almany (sunamini) hudaýyň gazaby diýip düşünen ýada günüň ummanyň aňyrsynda ýaşýanyna, ýyldyzlaryň ýere gaçýanyna ynanan alymlaryň, ýazyjylaryň kitaplaryna ýada şol kitaplardan täsirlenip, soňraky döredilen ençeme kitaplara salgylanmaklyk, bu ynsanýetiň şu günki gün goýberýän iň uly ýalňyşy. Biziň jemgyýetimiz tehniki taýdan, fiziki taýdan, şu wagta çenli ýer ýüzünde bar bolan jemgyýetiň iň kämil derejesine ýetsede, ideologiki taýdan, biz ýenede geçmişde ýaşaýarys.

2
8 gomulgen  
818
Gayta gowy dalmi sho

0
12 hoşowaz  
390
“Okyjy özüniň bütindünýä edebiýatyna bolan gatnaşygynda haýsydyr bir öňden gelýän berk ülňä ýa-da meýilnama eýermeli däldir. Ol gatnaşyk borç däl-de, söýgi esasynda bolmalydyr. Ol ýa-da beýleki eseri olaryň diňe naýbaşy kitaplar diýlip ykrar edileni üçin biz özüňe zor salyp okajak bolmak akylsyzlykdan nyşandyr. Goý, her kim öz okasy gelip, ýüregi atygsaýan eserini okasyn! Bir adam entek okuwçy döwründen başlap poeziýany söýýär, başga biri taryhy ýa-da öz iliniň rowaýatlaryny halaýar, üçünji biri bolsa halk aýdymlarynyň aşygy we ş.m. Bilime alyp barýan ýollaryň sany-sajagy ýok. Okuwçy döwrüňde okamak maslahat berilýän sadaja kitaplardyr kalendarlardan başlap, Şekspire, Gýotä ýa-da Dantä geçip gitmegem geň däl. Haýsydyr bir öwülýän kitaby okamaga synanşyp, onam almasaň, has dogrusy, özenine aralaşyp bilmeseň, wagty-sagady gelýänçä bir gyrada goýaýmagyňam hiç hili aýby ýok. Şoňa görä-de, çagalardyr ýetginjekleri olaryň aňrysy almaýan, entek düşünip bilmejek kitaplaryny mejbur edip okatjak bolmak oňyn netije bermez. Beýtmegiň olarda şol ajaýyp kitaplara, iň ýamanam, okamaga ömürlik ýigrenç döretmegi mümkin.”

“Bütindünýä edebiýatynyň şalygynyň gapysy hemmeler üçin açyk. Goý, ol ýerdäki kitaplaryň çakdanaşa köplügi hiç kimiň howuny basmasyn. Gep sanda däl-de, hilde. Bütin ömründe bary-ýogy birnäçe kitap okabam, hakyky okyjy derejesine ýetýänler bar. Käbirlerini bolsa kitap baryny okap, ähli zat barada kem-käsleýin düşünjesi baram bolsa, hakyky okyjy diýip atlandyrmak mümkin däl. Hakyky bilim adamyň häsiýetine hem başarnyklaryna baglylykda, okan zatlaryňy änigine-şänigine çenli özleşdirmek, aň süzgüjinden geçirmek bilen bagly. Söýgüsiz okuw, yzzatsyz hem ýürek mähri siňdirilmedik aň-bilim paýhasyň garşysyna edilen iň agyr günäleriň hataryna girýär.

0
18 hoşowaz  
390
"Çarl Darwin 1832-nji ýylda parohodly Atlantik ummanynda gije ýüzüp barýarka şeýle bir geň-taňlyga uçraýar. Garaňky gije äpet tolkunlar gämä urulýar. Umman eýmenç uwlap ses edýär. Guwwaslar hem, ýolagçylar hem aňk bolýarlar: suwuň tolkunlary ýüz müňlerçe uçgun bolup syçraýarmyş. Çarl Darwin ony tolkunyň syçrantgylarydyr öýdüp gündeligine bellik edýär. Emma ol garaňky gije külembike ýaly şugla saçyp towsuşýan zatlar alymyň çaklaýşy ýaly tolkun syçrantgylary däl eken.
Olar özünde fosfory bolup, gije ýanýan balyjaklar eken.
Eger jahanda Adamyň döreýşini ylmy taýdan esaslandyran bu alymyň ol beýik pikiri hem «şuglaly balyjak» ýaly aldawçy pikir bolup çyksa niçik bolar?" Osman Öde
Menem ýanymda 6-7-8-9-njy synplaryň baýlojisini göterýän, ýol görkeziji hökmünde.

0
9 Yusup  
50
@Bagdat Harper Liň "Bilbili öldürmek" siz terjime etdiniz gerek. Dogrusy bilman sorayan. Eger sheyle bolsa. Yagny sizinki yaly ukybym bolsa ozumden eser yazman dine dunya klassiklerinin eserlerini terjime ededim.

2
10 Bagabat  
43
Ony terjime etmesin-ä men etdim-le welin, weh, inim, nädädiň-ow myny?!
Oňaryp atadyň-a!
Öz ýanymdan: "Edil eýlebir beýle bolmasa-da, garaz kyssa-da bir zatjyklar ýazan bolmany oňaraýýan ýalymykag-aý?!" diýip gümansyradan bolup ýördüm welin, sen-ä güpür-tapyr, çürt-kesik: "wapşe ýazma-da gidip goýun bakaýsana, şeýtseň uly iş bitirýäň" diýdiň göwerädiň-ä...

Degişýän.
Arasynda degişmelem.

Ýöne dogrusy, goýunam bakyp görmedik zadymyz-a däl. Çagakak kän bakardyk.

0
11 hoşowaz  
390
Sizem sag boluň.

0
13 hoşowaz  
390
“Bütindünýä edebiýatynyň eserlerini her kim özüçe saýlaýar. Ol diňe bir okyjynyň bu asylly maksada näçe wagtynydyr serişdesini sarp edip biljegine däl-de, başga-da köpsanly şertlere bagly. Hormatlaýan filosofy Platon, söýgüli şahyram Gomer bolan okyjy hemişe şol ikisini edebiýatda nusgalyk saýar. Ol hemme kişä şol ikisiniň mysalynda baha berer. Edil şonuň ýaly, beýleki okyjylar başga birlerini ideal hasaplarlar.”

Dogrusyny aýtsam, meniň-ä ŞAHSY kitaphanamda şunda agzalanlaryň tas hemmesi diýen ýaly bolardy, üstüne goşjaklarym hem bolar elbetde.
Makala meň düşünşim-ä şeýleräk: Her adamyň aýratyn şahs bolşy ýaly, onuň islendik islegleri-de, şol sanda halaýan zatlary (kitaplary) dürli bolýar. Kimdir biriniň ýa köpçüligiň öwüp-arşa çykaran zadyny şolara görä boljak bolup arrygyňy gynap, özüňe zor salyp okajak bolmaly däl. Bu uje tupoýlykdan habar berýär. Eger meň gözlem beýnimi aldamaýan bolsa, Gesse baba şeýle diýipdir.
Ýeke özi öz pikiriniň tarapdary däl bolmaly. Köpçülik muň pikirine hökman goşulmaly. Bolmasa onuň öz pikirine (özüne) ynamy ýok. Pikiriňe ynamyň bolmazlyk, akylyňa ynamyň bolmazlyk. Ýagny akylyňa şübhelenmek we öz tupoýlygyňy bildirmezlik üçin köpçülige goşulmak.
Hiç kimiň şahsy zadyna goşulmaga hakymyz-hukugymyz ýok! Şol sanda awtoryň aýdyşy ýaly, ŞAHSY kitaphana hem hiç kimiň goşulmaga haky ýok! Emma gynansakda köpçülikde tapylaýýarda, gören ýerine burnuny sokup ýören buratinolar.
“Eger-de sen ol burnuňy gören ýeriňe sokup ýörmeseň, kiçijik burnuň duran ýerinde durar” Goja sazanda Karlo.

“Danteniň “Ylahy komediýasyny-da” ondan peslär ýaly däl. Orta asyr ruhunyň belentligini, ýagny, onuň çürbaşyny özünde jemleýän bu eseri italiýalylaryň özleridir filolog alymlardan başga çynlakaý okaýanlar köp däl.”

Aý biziňkiler-ä ot ýaly tüweleme. Bir men okaman galan bolmagymam mümkin.

“Gadymy Müsüriň taryhyna, sungatyna bagyşlanan bezegli albomlar, suratly kitapçalar köp-de, bu ýurduň edebiýatyny bize ýakynlaşdyrýan kitaplara duş gelip bolanok. Meniň aňyma Müsüriň keşbi ol albomlardyr kitapçalar arkaly däl-de, söýgüli taryhçym Gerodotyň ýazgylary esasynda janlandy. Şeýle ýagdaýda-da ony ýatdan çykaryşymy diýsene!”

Jömän baba, siziň döwrüňizde şeýle bolsa, mümkin şeýledir. Edil häzir-ä olar aňyrsyna çykardan artyk. (Çynyň bilen söýgüli taryhçyň bolanlygynda başda getirerdiň :/)

“Şol oňat eserleri synaga sezewar etmezden öňürti özümiziň olaryň ýokary derejeli synagyndan geçmegimiz gerek.”
Bu bolsa käte gabat gelýän jedelli meselelerime degişli eken.

0
14 Sergezzan  
707
Agzalan kitaplary okasanam, okamasaňam bolar. Haydap okanyň bilenem uytgedip biljek zadyn bolmaz. Durmuşda birzatlar gazansaňam, başga bir zadynam pida etmeli bolyan. Doguşdan biziň barymyzam gowy, erwetlik bolsa daşky tasirden bolyar. Herkim oz yolu bilen bolubermeli.

0
15 Sergezzan  
707
Ýylyň adamsy bolsaňam, asyryň adamsy bolsaňam hiçkim hiçkimden uytgeşikdal. Hemme zadyn sony hiclik, boşluk.

0
16 Sergezzan  
707
Şu dünyede dogry yaşasanam kösenersin, dogry yaşamasaňam. Ynanc diylen zada uyjak bolsanam, ylym diylen zady bir gyrada goymaly bolarsyn. Bu dunyede yaşamak şulardan ybarat. Başga dunyani weli bilmedim

0
17 Sergezzan  
707
Ebedi hakykat bolmaýşy yaly, 100% dogry zatdam yok. Hemmamizem gowy, ahlimizem biderek

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]