01:35

Edebi tapyndylar

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 689 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
Ýaşuly gaty dogry ýazypdyr. "Hiç zatdan hiç zat döremeýär". Edebiýatda haýsydyr bir täzeligiň emele gelmegi üçin oňa nähilem bolsa bir itergi gerek. Ýöne öň "tapylan" üýtgeşik edebi tilsimiň hem ajaýyp zehiniň eline düşende täze, öňküsine garanyňda tanalmaz derejede özgerýän röwüşe girýän ýagdaýlary hem bolýar. Biziň edebiýatymyzda, meniň pikirimçe, şygryýetde täze tapyndylar Gurbannazar Ezizowda has köp. Ýöne onuň özem Lermontowyň, Puşkiniň, Baýronyň, Maýakowskiýniň hem Ýeseniniň we Blogyň sintezini amala aşyrmaga çalyşýandygyny inkär etmeýän ekeni. Kyssada bolsa, şeýle tapyndylaryň hazynasy hökmünde Kömek Kulyýewiň döredijiligini görkezmek bolar. Ýöne bu diňe Puşkiniň aýdyşy ýaly: "nämedir bir zatlary eýdip-beýdip" öwrenen kişi bolmagyň hötdesinden gelen diletantyň pikiri.

0
2 Bagabat  
43
Kömek aganyň döredijiligi bolsa edebiýaty öwreniş ylmynda özboluşly bir fenomen hökmünde garamaga hem düýpli öwrenilmäge örän mynasyp.

1
3 Bagabat  
43
Diňe Mario Wargas Lýosa, Paulo Koelo ýa-da Oe Kendzoburo aşyk bolup, özümiziňkini kör edip ýörmänem, özümizde-de öwrenmäge, nusgalyk edinere zat bardygyny aýtjak boldum. Elbetde, Wargas Lýosanam, Kobo Abenem, Oşonam okamaly däl diýen pikire gulluk etmeli däl. Hemmesini okamaly. Eliňe ilen ýerinden, tapan ýeriňden okamaly. Ýöne ilki bilen öz gelip çykan topragyňa düşünmän özgeleriň dünýäsine aralaşmak mümkinmikä? Ine sorag şunda.

0
4 Bagabat  
43
Ol "bizde edebiýat ýok" diýmäge howlugýanlara bolsa, Kömek agany, Osman agany, Agageldi agany, Hydyr Amangeldiniň "Gören kim görünen kim" powestini, Juma Hudaýgulyň, Kakamyrat Ataýewiň, Esen Ataýewiň eserlerini okap çykmagy maslahat berip bolar.

-1
5 Bagabat  
43
"Zulmat tününde", "Jeň tozy" romanlary W.Ýanyň "Çingiz han" romanyndan peslär ýaly däl. Dogrusy Temuçin barada ýazylan eserlerden iň ýitisi hem hakykata ýakyny "Ýowuz asyr" bolaýmagam ähtimal. Belki bu Isaý Kalaşnikowyň özüniň Çingiziň döwri ýaly agyr döwri başdan geçirendigi üçinem bolmagy mümkin.

0
6 Bagabat  
43
Ýöne Esen Ataýewde taryhy eser ýazmagyň beýleki taryhçy-ýazyjylarymyzdan düýpli tapawutlanýan ukyby bardy. Bu belki Esen aga pahyryň özüniň alym bolandan bolmagam mümkin.

0
7 Aksimiron  
40
Kakamyrat Ataýewiñ gowy hekaýalary bar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]