09:20 Ejemiň hüwdüleri | |
EJEMIŇ HÜWDÜLERI
Çagalygymyň iň süýji ýatlamalary ejemiň maňa aýdan hüwdüleri. Ol hüwdüler diňe maňa degişlidi. Ejem sallançagyň bagyny eline alyp üwräp başlandan kapiýasyz hatda tertipsiz sözleri heňe salyp hüwdi düzerdi oturan ýerinde. Kalbyndaky buýsanjyny arzuwlaryny hüwdi edip aýdardy. Ol hüwdüler diňe meniň kalbymda. Hatda ejemiň özem ikinji sapar gaýtalap bilmeýä ol bentleri. Ikinji gezek eýýäm başga hüwdi düzüp goýberer. Men şu wagtam öýmüzde öz ýatan sallançagymy görsem şol hüwdüleri gulagymda gursagymda duýýan. Olar şeýlebir uzak ýyllap ýaňlanmadyk bolsa-da çaga ýüregimiň iň arzyly zady bolup galypdyr. Gelnejeler çagajyklaryny hüwdülese men ýene ejemiň hüwdülerini eşitýän olaryň sesinde. Ejemiň hüwdüleri maňa ýazylan ilkinji dessan ýaly. Hem meni öwgüleýä hem söýgüleýä. Ol hüwdüler dünýäde iň arzyly gerekli perzent mendirin diýdirip bilýär. Eje! Men seniň hüwdüleriňi hiç kime aýdyp bermedim. Ýogsa ýüzugra düzen bentleriň gursagymda gaýtalanýaram welin men olary ýat tutdum. Seniň hüwdüleriňi hatda öz ellerim sallançak üwräninde hem aýtmaryn. Olary öz jigerbendimdenem gysganaryn. Hüwdüleriňi paýlaşsam çagalygymyň süýjüligi ýitäýjek ýaly duýýan. Her gün agşam ýassygy guçan serimde ýaňlanýan şol hüwdüler ýatyrýar meni entägem. Ejem! Sen ömrümiň çyragy kalbymyň ýaşaýşa bolan söýgi nahaly meniň bagbanym dostum syrdaşym dünýädäki iň gymmatly baýlygym. Saňa mynasyp perzent bolmak meniň iň mukaddes borjum. Aýlar AKGAÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |