23:28 Ene ýüregi / oýlanma | |
ENE YÜREGI
Ene mukaddesdir. Edil şonuň ýaly-da ene hakyndaky gürrüň hem mukaddesdir. Men her gezek öz ýanymdan ejemiň adyny tutanymda kalbyma bütin dünýäme nur çaýýlyp, mähir şuglasy owsunyp gidýar. Ene perzendine ýüreginden ýűrek berip, ösdürip, kemala getirip, terbiýelap durmuşyñ ak ýoluna salyp, ak patasyny berýar. Ejem mydama bize her bir işde görelde hem-de maslahatçy. Biz hemişe hemme zatda ilki bolup ejemden maslahat soraýas. Ine bir gun hem sheyle boldy. Ejem yaraman hassahanada bejergi almaly boldy. Ejem bizi hiç wagt yeke goýup oýden uzakda bolmansońmy nämemi, ol bejergisini öýde alaýaýyn diýip, hassahana gitmejek boldy. Ejemiñ bizi alada edýänini men onuñ gözlerinden añýardym. Muña kakam bilen biz razy bolmadyk. Ejem ahyr biz bilen razylaşmaly boldy. Ertesi ejemi hassahana yerleşdirdik. Ýöne şol gün biz üçin gaty ýürek gysgynç boldy. Her gün agşam ejem işden geler diyip herimiz öz öýde edýän ýumuşlarymyzy edip bolup, oña sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Maşgalada hemmämiz gyz bolansoñ ejeme gaty öwrenşipdiris. gşam naharyñ başynda yekeje özümiz otyrys. Kakam hem öýde ýokdy. Hiç haýsymyzyñ nahar iýesimiz gelenokdy. Birden hem körpe jigim aglap başlady. Onuñ aglaýanyny görüp beýleki jigilerim hem gözleriniñ ýaşyny gizlap durmadylar. Men olaryñ bu bolşuna näme etjegimi bilmän ilkä aljyradym, aglaman bolsa zordan saklanýardym. "Näme etmeli?" diýip özümi tiz ele aldym, hem-de jigilerimi koşeşdirmäge başladym. Olary koşeşdirmek elbetde maña añsat düşmedi, ýöne näme bolsa-da bu işiñ hötdesinden gelmegi başardym. Agşam jigilem ýatandan soñ işlejek bahanasy bilen, tara dokaýan sehimde hema tara dokaýadym, hemem hezil edip aglapdym. Ertesi hassahana ejemi görmäge gitdim. Ejeme hiç zat bildirmejek bolup öz ýanymdan ýylgyran bolýardym. Ejem bilen sagbollaşyp gaýjak wagtym, ol maña "sen name agladyñmy?" diýdi. Men bolsa syr bildirmän, ýokla eje göwnuñedir agşam gaty gic ýatdym, bilýañ-ä eje bu günler sargyt dokaýas. Beýle-de bir zat bolarmy wagtynda dynjyñyzy alyñ diýse diýdi-de welin, ejem meniñ aglanymy ene yüreginiñ duýgurlygy bilen bilip durdy. Günler bir sydyrgyn gecip durdy. Ejem bejergisini alyp,sag-salamat öýe dolandy. Biz ýene hemişekiler ýaly ejemiñ daşyna üýşdik. Biz ejeme öýde yok wagty bolan wakalary gürrüñ berýärdik. Körpe jigim özüniñ aglan gûnüni aýdyp berdi beýlekilerem oña goşulyp şol güni ýatlap gülüşýärdik. Ejem maña sen aglamadyñmy diýip soragly nazaryny dikdi jigilerim hem ýo-o-ok diýdiler. Ejem bilen men bolsa bir-birimize seredip ýylgyryp oñaýdyk. Eger-de bu goja zeminiñ üstünde bir gudrat bar bolsa ol gudrat ene ýüregi, ene mähri, ene söýgüsidir. Enäniñ ýüegi perzendi nirede nahili ýagdaýda bolsa-da duýýandyr. Dogurdan hem ene hakda naçe sözleseñ sözläp oturmaly, goý asuda asmanyñ astynda, parahat zeminiñ üstünde, dünýämize umman ýaly mähir paýlaýan enelermiziñ jany sag, ömürleri uzak bolsun! Elmydama bize mekdep bolup ýürekleri şadyýan urup dursun! Eneş AHMEDOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |