10:10

Eýrany täzeden dikeldip gurup bilerdik, ýöne munuñ üçin häzirden herekete geçmeli

Категория: Publisistika | Просмотров: 236 | Добавил: Gökböri | Теги: Nur Pehlewi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Haweran  
411
Daşky gurşawyñ bisarpa tutulmagy boýunça gozgaýan meselelerine rast aýdýañ... diýjek welin, Eýrany göremok (asly eýranly-da bolsa, Ryza şanyñ agtygy melike Nur hanymam gep salgysyndan entek görmändir), ýöne guýy gazmak babatda gozgaýan wawwaly problemasy bizde gaýtalanýanyna özümem güwä geçip biljek: soñky ýyllaryñ gurakçylygy we Sumbaryñ suwunyñ çekilendigi zerarly her kim gapysyndan guýy gazdyryp suw çykaryp başlady. Birküç ýyl bäri Sumbaryñ suwy doly kesildi, jülgelerden, derýanyñ hanasyndan suw ýöremese ýerasty suw gorlary-da çekilýän bolmaly. Öñ 20-30 metr çuñlukdan suw çykarýan bolsalar, indi 40 metrdenem suw çykanok, adamlaryñ obada Sumbaryñ ugrundaky ekin meýdanlaryny suw bolmandygy üçin alaçsyzlykdan taşlaýany bar... Gynançly ýagdaý.
Daglardaky çeşmelerimizi hem güýç güýç ýeteniñki edip, dolap alýarlar, kim howdan eden bolýar, kim hususy ýer edip alýar, kim ekin eken bolýar, derelerden suw çykmaýanynyñ bir sebäbi-de, şolaryñ sakasynyñ eýelenmegi...
Döwletiñ hemişelik garamagynda bolup, umumy halkyñ eýeçiliginde bolmaly ýerler aýry-aýry adamlaryñ elinde bolmasa ýagşy. Ýogsa il-halka ne dagda malyny gezdirer ýaly öri meýdany galar, ne-de daşky gurşaw galar...

* * *

Öñlerem Sumbaryñ Eýrandan gelýän bölegi bentlener eken. Ýöne sowet döwri bir hepde suw goýbermän ulanýan bolsalar, bir hepde suwy aşak - bize tarap akdyrýan ekenler, ýagny ylalaşykly eken. Indi ýeke damja-da goýberenoklar. Aýdyşlaryna görä, Eýran tarapda añyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uly howdanlar barmyş. Heniz biz çagakak - 2000-nji ýylda Sumbar jülgesini boýlap diýen ýaly gazaply sil geldi, şonda Eýrandaky bent ýarylanmyş diýdiler.
Şindizem bolsa, iñ bolmanda garrylarymyz simiñ añyrsyndakylara (olaram öz türkmenlerimiz ahyryn) haýyş-töwella edip, sowet döwründäki ýaly bir hepde özleri ulansalar, bir hepde bärik goýbermeklerini sorasalar, wyždanlary oýanyp, ýok diýibem durmazdylar. Hernäme-de bolsa, öz türkmenlerimiz...
Umuman, aýdara-diýere zat kän... elimizden gelýän zat bolsa ýok.
Meselämiz mesele...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]