12:29

Gomoseksualizm barada Ihsan Eliaçykdan seslenme döretjek çykyşlar

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 645 | Добавил: Gökböri | Теги: Rejep Ihsan Eliaçyk | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 221 2 »
0
1 Hаwеrаn  
245
Ihsan Eliaçygyñ täsin makalalary bar. Olaryñ birini özümem terjime edipdim:
http://kitapcy.com/news/2018-07-18-1346

0
2 Hаwеrаn  
245
LGBT-ler babatda Rejep Ihsan b.n ylalaşyp bolmajak zatlaram bar, emma umuman alanda wajyp meseläni gozgaýar we dogram aýdýar...

0
3 Hаwеrаn  
245
Bu meselä dogry düşünmekde we sagdyn pikirlenmekee Kakamyrat Ataýewiñ "Ölüp-direlen" romanynyñ belli bir derejede kömek etjekdigine ynanýaryn, şonuñ ü.n okamadyklara şol romany okamagy maslahat berýärin. Bir oturanda ahyryna ýetdirmän goýmaýan kämil eser.

0
4 Hаwеrаn  
245
R.I.Eliaçyk barada aydanda bolsa, ol öz ýurdunda häkimiýetiñ we konserwatiw gatlagyñ iñ köp ýanamalaryna uçraýan ylahyýetçisi...
"Dogry sözi aýdany hemme ýerde tutup urýarlar..."

0
5 Gurgencli  
324
Ylahyýetçimyş wacko

0
6 Gurgencli  
324
@Haweran, "Dogry sözi……" diýýäň, haýsy sözi dogry. Meselem ýönekeý sorag: "hatda içginiñem jezasy ýok, çünki icgini içmek däl-de, serhoş bolmak haram." Şu sözi dorgumy? wacko

0
7 Hаwеrаn  
245
Makaladan meniñ añlan zadym: Rejep aga bu meselede geý (ýa-da teletinbaz) biri başga birine bu saýlap alan ýoluny zorluk b.n kabul etdirmedik ýagdaýynda, ýagny, öz meýli b.n oña hemdem bolup biljek biri b.n gatnaşyk saklamagyna we onuñ bu gatnaşygynyñ başgalara ýaramaz tasir etmeyän bolsa, onda olara garşy biz tarapdan kemsidiji söz aytmagyñ ya-da zyyan yetirjek hereketde bolmagyñ nädogrudygyny aytjak bolyar... Türkmen bolmanam "Deñ etmän duş etmez" diyyär-ä... Makalanyñ ahyrynda Gurhandan hem mysal getirilişi yaly: "Kimsäniñ ýüki kimsäge ýüklenmez".
Eger şeyle bolyan bolsa "deñ edip duş bolan" bu iki görgülini üçünji biri bolup ýekirmegiñ nämä geregi bar?

0
8 Hаwеrаn  
245
Makala bir zady yadyma düşürdi: biz çagakak obada I. diyip bir çopan görgüli bardy, sallah oglanlaryñ aglabasy şol çopany "edipdiler".
Goñşy obalaryñ birinde-de G. diýip bir akly-huşy kemterräk gaydyan çopantagrak biri bardy. G.ny mes ya sallah oglanlaryñ kopüsi iki obanyñ ortasyndaky bir kolhozyñ mal yatagynda üyşup gezekli gezegine "ederdiler"... (üyşûp eşek edilýändigi-de aydylardy)..
Indi oturyp pikir edip göryän, şol iki görgüli garyp bendeler, arkasynda durjak, hossar boljak, namysyny gorajak adamlar yok... Yaş oglanlar mesligine çydap bilenoklar eken, hernäçe meslik etselerem, o döwürler biriniñ gyz-gelnine el ya dil gatmak beylede dursun, gabagyñy galdyryp gyýa seredyäniñi bilseler kelläñden jyda düşaymegiñ daş däldi... Pylanynyn gyz-gelnine lak atanmyş diyip, oba yerlerde beynisine bäşataryñ därisi dolanlar yek-tük eşdilman duran zat daldi... Şol sebäpli, yaş oglanlaryñ hyrşy yañky yaly gorgulilerden çykyardy...
Ol gorguliler ile-güne zyyan yetiren, yetiryan ya yetirjek adamlar däldi, "meni urany Huday ursunlardandy"..
Indi ozüñ ayt, @Jürjanly, eger bärde näletlenmeli biri bar bolsa, şol I. we G. görgülilermi ýa mesligine çydamadyk yaş oglanlarmy? Ya-da Allanyñ adalatynyñ we yalkawynyñ şol iki bendeden sowa geçjegine, olara zulum eden yaş oglanlaryñ bolsa ozunden ya çagasyndan bu eden-etdiligiñ çykmajagyna kepil geçip biljek adam tapyp berip biljekmi?

0
9 Hаwеrаn  
245
Yene bir zat: ozem hut şol iki görgülä yanaşan mesler kopçülikde soz gezegi yetse, şol iki görgülini gürletmejekdendir... atlarynyñ yzyna "petuh" sözüni tirkäp tutýarlar...
Meniñ ü.n-ä G.-dyr I. däl, olara zulum edenler, zulum edenine müýn duyman gaytam onuñ adyny kemsitme b.n tutyanlar "petuh"!

0
10 Hаwеrаn  
245
we şolaryñ Sodom we Gomorra şäherinde Lut pygamberiñ öýüne yaş yigidiñ sypatynda gelen iki perişdäni zorluk bilen alyp gitmäge gelen meslerden birjigem tapawudy yok...

0
11 Gurgencli  
324
Meniň pikirimçe olara garşy çykmak hökmäny. Garşy çykmasaň olar ýaly azgynlaram köpelip gidiberse (daş etsin) bir gün öz nesillerimizdenem biriniň beçebaz (teletinbaz) bolmak howpy bar.

0
12 Gurgencli  
324
Adam diňe özüne jogap bermeýär, bala-çagasy üçinem jogap berýär ahyryn. Eger biri il içinde halanmaýan hereket etse "ataňa länet" diýilmeýärmi?.

0
13 Hаwеrаn  
245
"Dogry ýol" hemmeler ü.n elýeterli, emma haýsy ýoldan ýörejegine karar bermek şahsyýetiñ öz wyždanyna galýar...

0
14 Hаwеrаn  
245
Düynden bäri bu barada ozum gürlap ozum goydum, pikirini aydyan yok diyip gynanyp otyrdym...
Gowy zady, iki agzadan garşylyklaýyn pikirler geldi, barybir, yene bir zada gynanman bilmedim: siz makalada aydylanlary doly okamansyñyz, ya-da okasañyzam düşünmansiñiz. Näme ü.n biziñ sosial setlere giryän yaşlarymyz okan temasyna dal-de, teswire teswir yazyarka... ))
Biz ilkinji nobatda edebi-intellektual derejämizi yokarlandyrmalymyka diyyan, ilkinji nobatda ))

0
15 Hаwеrаn  
245
Ikiñize-de bir jogap: biz taraplarda şeýle adam bilen bir köçede bile yoremek beylede dursun, elleşmegem dürs hasaplanmaýar, has takygy, köçe dilinde aytsak: "zapadlo"! Bu dogrumy, nädogry, biljek däl! Emma meñ özümem şolar yaly adama elimi uzadyp biljek däl... Yone olary depibem biljek däl. Men barde kopçulikde elini uzatmagy nädürs hasaplayanlaryñ yañky yaly çola yerde tenini sürteyandigine, yagny, barypyatan ikuyuzlüligiñ bardygyna ünsüñizi çekmek isleyän..
Hemmämiziñ daş töweregimiz şeyle ikyüzlilerden doly. Yeri, kim bilen bile düyä "hayt" diyjek bolyañyz smile

1-15 16-22
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]