12:32 "Gorkut ata" kitabynda erkinlik, garaşsyzlyk ugrunda alnyp barlan göreşde gelin-gyzlaryñ orny | |
«GORKUT ATA» KITABYNDA ERKINLIK, GARAŞSYZLYK UGRUNDA ALNYP BARLAN GÖREŞDE GELIN-GYZLARYŇ ORNY
«Eger atadyr ene birden çagyrsa, owal enä jogap ber». Muhammet Pygamber (s.a.w) «Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň taryhynda aýal-gyzlaryň tutýan orny aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmen halky öz aýal-gyzlaryna müň-de bir guwanmaga haklydyr». Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy, ýalňyz galan eneler bilen duşuşanda, şeýle diýdi: «Garaşsyz Türkmenistanda milletimiziň enelerine bolan hormat hiç wagt egsilmez. Biz olaryň basyp giden yzlaryny öpmäge taýyn». Goç ýigitleri, serdarlary hem-de serkerdeleri dünýä berýän enedir. Beýik danalary hem-de dabarasy dünýä dolan şahyrlary jahana inderýän enedir. Mähri biziň ganymyza ornan jadyly hüwdüleriň awtory Enedir. Perzendiň üstünde gerip döşüni, Sypap onuň gulpagyny, gaşyny, Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny, Eneler hüwdüni döredipdirler. Geçmişde türkmen halkynyň garaşsyzlyk, asudalyk ugrunda alyp baran göreşlerine gelin-gyzlar, eneler hem gatnaşypdyrlar. Olar erkekler bilen birlikde Watanyň garaşsyzlygyny, erkinligini jan aýaman gorap gelipdirler. Olaryň görkezen gahrymançylykly taryhy ýazgylarda, halk eposlarynda, il-halkyň hakydasynda öz beýanyny tapypdyr. Türkmenistanda yglan edilen Açyk gapylar, On ýyl abadançylyk, Milli ruhy galkynyş syýasatyny amala aşyrmakda, gazanylan özbaşdaklygy, garaşsyzlygy, bitaraplygy gorap saklamakda şol taryhy hakykaty ylmy esasda içgin hem düýpli öwrenmegimiz gerek. Türkmen bu gün geçmişine nazar aýlaýar. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan ugur alyp, altyn asyra gadam goýýarys. Biziň guwanara, buýsanara gymmatlyklarymyz kän. Olaryň biri hem oguzlaryň gahrymançylykly kitaby «Gorkut atadyr». Bu kitapda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň ýaşaýşy, däp-dessurlary, erkinlik ugrunda alyp baran göreşleri çeper teswirlenýär. «Gorkut ata» kitabyny okan wagtyňda, üýtgeşik bir duýgyny başdan geçirýärsiň. Sende şol eposdaky mertleriň neslindendigiňe buýsanç döreýär. «Gorkut atanyň» her bir boýy, her bir setiri uly çuňluk, uly taryh. Iň mukaddes zatlaryň biri bolsa eneleriň obrazydyr. Eposda haýran galdyrýan zat − oguz gelin-gyzlarynyň owadanlygy, belent adamkärçilik sypatlary, edep-ekramy, akyl-paýhasy, erkekler bilen deň durup, ata çykyp, eline gylyçdyr naýza alyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz durup söweş edişleri taryplanýar. Aýal-gyzlar edil erkekler ýaly köp meselelere erkin gatnaşýarlar. Ol döwürde aýal-gyzlara gul-gyrnak hökmünde garaýan çüýrük kanun-däpler öz labyryny indermän eken. Mergenlik bilen ok atmak, at münüp, gylyç çalmak, sugun, keýik awlamak, duşman bilen söweşmegi başarmak, ýoldaşyňa wepaly bolmak ýaly asylly terbiýäniň özi erkekler bilen barabar aýallara-da berlipdir. Edil öýlenmek meselesinde-de ýokarky işlere kimiň nähili ukyp-güýjüniň bardygy iki tarapdan hem barlanýar. Eger bir ýigit öýlenjek bolsa, ol gyzyň ýanyna barýar, onuň şertleri bilen tanşyp synanyşmaga başlaýar. Ýigit at çapmakda ozsa, ok atmakda nyşanany hatasyz ursa ýa-da göreşip ýyksa, diňe şonda gyz ony özüne mynasyp ýoldaş diýip hasap edýär. Emma bir wada berenden soň welin, öldürseňem gyz öz ähtinden dänmeýär. Ýoldaşa wepaly bolmagyň ajaýyp göreldesini «Salyr Gazanyň öýüniň talanmagy» diýen hekaýada duşman eline ýesir düşen kyrk sany oguz gyzynyň bolşundan hem görýäris. Bu bölümde Gazanyň öýi talanyp, bütin emlägi bilen birlikde aýaly Burla hatyn, ogly Oraz, garry enesi hem kyrk sany oguz gyzy duşmanlar tarapyndan zor bilen äkidilýär. Duşmanlar Burla hatyna şerap süzdürip, Gazany namys astynda galdyrmak isleýärler. Olar aýallaryň arasyna gelip: − Gazan Begiň aýaly kim? - diýip soraýarlar, kyrk gyzyň kyrkysy hem kyrk ýerden «men» diýip jogap berýär... Şükli melegiň adamlary: «Birine ýapyşsak, kyrk ýerden owaz çykýar, biz tanap bilmedik» diýip habar berýärler. Onda Şükli melek: «Orazy asyň, etinden goparyp alyň, gara gowurma bişiriň, gyzlara eltip beriň, kim iýse, ol däldir, haýsy iýmese, şol Gazanyň aýalydyr, tutup getiriň, şerap süzdüreliň!» diýýär. Burla hatyn aljyrap, näme etjegini bilmän ogly Orazyň ýanyna gelýär. Oglum-oglum, aý oglum, Men seniň etiňden iýeýinmi? Ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi? Ataň-Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy, Näme edeýin, oglum? - diýýär. Burla hatyn, uzyn boýly, edermen, ajaýyp, zenan iki oduň arasynda galýar. Ýöne bu aýal maşgala namysyny perzendinden ýokary goýýar. Ar-namys meselesi orta düşen mahaly perzent enäni hem gaýgyryp duranok. − Agzyň gurasyn, ene, diliň çüýresin, ene... Ene haky-taňry haky bolmaýsady, Galkyban ýerimden turardym, ýakaň bilen bogazyňdan tutardym, Gaba ökjäm astyna salardym. Ak ýüzüňi gara ýere deperdim, Agzyň bilen burnuňdan gan şorladardym, Jan süýjüligin saňa görkezerdim! Bu ne sözdür? Saklan hatyn ene, Meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama, Goý meni çeňňele ursunlar, goý etimden kessinler, Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler, Olar bir iýse, sen iki iýgil. Seni duşmanlar bilmesinler, duýmasynlar. Duşmanyň düşegine barmasyň, olaryň sagragyny süzmäsiň. Atamyň namysyny ýere çalman, saklan» diýdi. Sözlerini diňläp, Orazyň hakyky perzentlik borjuny, duýgusyny görýäris. Oraz üçin ata-ene mukaddes weli, ýöne ýigit üçin ar-namys has hem zerur. Bu megerem, gahrymançylyk palçygyna ýugrulan, gaýduwsyzlyk pejinde bişirilen baş maksadyndan gelip çykýan bolsa gerek. Oglunyň diýen sözüni eşiden gahryman ene halas edýänçäler mertlerçe durmagy başarýar. Eposdaky Burla hatynyň wepalylygyny, edermenligini, owadanlygyny göreniňde, halkyňa buýsanjyň artýar. Wepalylygyň, gaýratlylygyň, mertligiň, akyllylygyň, çyn arassa söýgüniň simwoly bolan Burla hatyna guwanýarsyň. Türkmen halky dürli horluklary başdan geçiren halk. Her näçe horluk görse-de, türkmen elini döşüne goýup, başyny egmändir. Ol başyny dik tutup gezen merdana halkdyr. Türkmen gelin-gyzlary hem erkekler bilen deň hatarda durup, türkmeniň wepaly ýarlary, ýakyn maslahatçylary bolupdyrlar. Muny «Gorkut ata» kitabyny okanyňda, doly göz ýetirýärsiň. Bu «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» bölüminde ýüze çykýar. Baýandar han oguz geleninde uly toý tutdy, ogly bary ak otagda, gyzy bary gyzyl otagda, kimiň ogly-gyzy bolmasa, gara otagda oturtmagy buýruk berýär. Derse hanyň ogly-gyzy ýoklugy üçin gara otagda oturmaly bolýar. Ol öýkeläp, öýüne gaýdýar. Derse han öýüne gaharly gelen hem bolsa, aýalyna ýüzlenende oňa bolan hormat-sylag ör-boýuna galýar. Derse han aýalynyň maslahaty bilen, ogul diläp uly toý tutýar. Olaryň dilegi kabul bolup, ogullary dünýä inýär. Eposda aýallar her meselede akylly, parasatly edilip görkezilýär. Bu boýda ogly duşman alyna düşende, Derse hanyň aýalynyň kyrk sany gyz bilen atlanyp, oglany tapyp gelmegi hem edermenligiň nyşanydyr. Derse hanyň nökerleri atasyna ogluny ýamanlaýarlar. Derse han aýdylanlara çuň ynanyp, ogluny öldürdim edip, meýdanda taşlap gaýdýar. Bolan elhenç waka ahwalaty ene ýüregi syzýar. Kyrk sany gyz bilen ýassykdaşynyň öňünden çykyp: − Kesilsin oglan emen süýt damarym ýaman syzlar, Sary ýylan sokmazdan, akja tenim galkyp çişer, Ýalňyzja ogul görünmez, bagrym ýanar... − diýip zarynlaýar. Kyrk gyz bilen oglunyň gözlegine çykýar. Gana bulaşyp ýatan ogluny görüp, ýüregi para-para bolýar. Ogly: «Ene, aglama, maňa bu ýaradan ölüm ýokdur. Dagyň güli, enäň süýdi maňa melhemdir» diýýär. Gyzlara dag gülüni ýygdyrýar. Göwsüni syka-syka ahyry gan gatyşykly süýt alýar. Balasynyň derdine derman edýär. Bu hekaýa perzentsizligi näletlemekden başlanýar. Munuň sebäbi düşnüklidir, çünki şol wagtlarda oguz türkmenleriniň daş-töweregi duşman bolupdyr. Duşmanlar häli-şindi bularyň üstüne hüjüm edip durýarlar. Ine, şol sebäpden ýurdy gorap, ili abat saklaýan edermen ýigitler gerek bolupdyr, çagalaryň köp bolmagy arzuw edilipdir. Eserde aýal-gyzlara uly orun berilýär. Aýal edermen edip görkezilipdir. Derse hanyň aýaly adamsyna oňat maslahat berýär, adamsy onuň beren maslahatyna gulak asýar. Ol eger ogly duşman bolsa, goşun çekip, duşman üstüne atlanjakdygyny, tä ölinçä yzyna dönmejekdigini beýan edýär. Derse hanyň aýalynyň kyrk sany gyz bilen atlanyp, daglaryň, derýalaryň arasyndan ogluny tapyp gelmegi hem şol edermenligiň nyşanydyr. Oglunyň ýarasyny ene süýdi bilen bejermegi enäniň çaga bolan çäksiz söýgüsini görkezýär. Derse han ogulsyzlykdan zeýrenýär, emma ikinji aýal alyp ýaşamagyň pikirini edenok. Kitapda: «Goý maňa bagtsyz diýsinler, ýöne masgara beri diýmesinler» diýen sözleriň aňyrsynda türkmen zenanlarynyň arassa ahlagy, belent mertebesi ör-boýuna galyp dur. Wepalylygyň, edermenligiň nusgasy, pälwan zenanyň obrazy «Baý Bugra beg ogly Birek boýy» bölüminde mähir bilen berilýär. Ol barjak ýigidi Birek bilen, at çapyşýar, awa çykýar, ok atyşýar. Hemme goýan şertlerinde Birek Banu Çeçekden ökde çykýar. Onda Çeçek: «Meniň atymdan hiç kimiň aty öňe geçenokdy, okumy hiç kim ýaryp bilmezdi. Gel indi seniň bilen göreş tutalyň!» diýdi. Iki pälwan biri-birine garpyşdy. Bamsy Birek Banu Çeçegi göterip ýere urdy. Çeçek wepaly, pälwan, edermen, sabyrly türkmen gyzyň obrazydyr. Ol on alty ýyllap Birege garaşýar. «Gorkut ata» kitabyndaky Burla hatynyň, Banu Çeçegiň we beýleki ençeme gelin-gyzlaryň obrazy mertligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň, çür depesine çykan gözellerimiziň obrazyny ör-boýuna galdyrýar. Adamsy turmanka-turýan, ol ata münmänkä-münýän, ýagynyň üstüne baryp, baş getirýän ak saç taryhyň pälwan zenanlary! Gönder ulanmakda, gara polat uz gylyç çalmakda, ok-ýaý atmakda beýik ussatlyk görkezen mert we merdana zenanlar! Siziň asudalyk, garaşsyzlyk ugrunda, erkin durmuş ugrunda alyp baran göreşiňiz bize baky görelde bolup, asyrlardan-asyrlara alyp barýar. Türkmen köküni uzaklardan alyp gaýdýan halk. Biziň özümize mahsus bolan däp-dessurymyz bar, utanç-haýa, halallyk baradaky öz düşünjämiz bar. Zenan hemme ýerde-de zenan. Zenan ähli zamanda-da zenan. Häzirki Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýaşaýan zenanlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga hukuklary bar. Olar türkmeniň gadymdan süňňüne siňen demokratiýasynyň saýasynda ýaşaýarlar. Türkmen zenanlarynyň öz hormatly orunlary asyrlardan şu güne çenli öz manysyny ýitirenok. Sebäbi ol biziň düýnümiz, şu günümiz, ertirimiz. Saparmyrat Türkmenbaşy biziň döwletimizde aýal-gyzlaryň hukuklarynyň kemsidilmegine ýol berilmejekdigini kesgitli aýtdy: «Aýal-gyzlar türkmen ojagynyň eýesidir. Diýmek olar Watan eneleri we Watan eýeleridir». Bibi JUMANAZAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |