01:14 "Görogly" dessany sazçylyk sungatynyň ýokary derejesi | |
GÖROGLY DESSANY SAZÇYLYK SUNGATYNYŇ ÝOKARY DEREJESI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ürç edip okaýan gymmatly medeni-mirasyna degişli kitaplary täzeden çap etmek işine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyz söz sungatynyň täji bolan “Görogly” şadessanyna ýokary baha berip: “Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen “Görogly” eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyñ “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly çeşmesiniň has çuňňur öwrenilmeginde nusgalyk eserleriniň birine öwrüldi. Bu kitaplarda aýdym-saz we türkmen sazandalary hakynda döredilen sungat eserleri barada düýpli ylmy maglumatlar berlipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýazýan gymmatly kitaplary türkmen halky üçin ajaýyp serpaýdyr. Bu kitaplar dünýä dürdäneleriniň genji-hazynasynyň üstüni doldurýar. Türkmen halkynyň akyl-paýhas, gahrymançylyk, edep-ekram hem-de merdanalyk ruhunyň genji-hazynasy bolan “Görogly” şadessany türkmen aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Asyrlaryň dowamynda timarlanyp, syntgylanyp ýokary kämillige ýeten “Görogly” şadessany ilkinji gezek Daşoguzly Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnyp, alymlar tarapyndan neşire taýýarlanylypdyr. Diýarymyzyň döwrebap kitaphanalarynda “Görogly” dessanyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary bolup, olar okyjylaryň iň islegli kitaplarynyň biridir. Dessan dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilipdir. Şeýle kitaplaryň dünýäniň dürli ýurtly alymlary tarapyndan ýazylyp, rus, azerbeýjan, türk dillerinde bolmagy aýratyn hem ähmiýetlidir. Bu kitaplar ençeme ýyllardan bäri türkmen alymlary we daşary ýurtly alymlary tarapyndan gymmatly çeşme hökmünde peýdalanylyp gelinýär. Resul BAZAROW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |