19:57 Güller gözelligiň nusgasy | |
GÜLLER GÖZELLIGIŇ NUSGASY
Güller owadanlygy bilen bir hatarda saglygymyza peýdasy bilen hem gymmatyny ýitirmeýän ösümliklerdir. Zenanlar gülleri hasam gowy görýär. Olaryň öýlerinde otag güllerine ideg etmäge bolan höwesleri hem gözellige bolan ymtylyşlaryn habar berýär. Otag gülleri biziň durmuşymyzda amatly gurşawy döredip howanyň çyglylygyny artdyrýar we ony arassalaýar. Güller gözellikdir, saglykdyr. Ýaşaýan ýerimizde dürli gülleriň açylyp durmagy adamy rahatlandyrýar, ruhy lezzet berýär. Otag gülleriniň adamyň saglygy üçin kesel bejerijilik ähmiýetiniň birnäçe barlaglaryň esasynda subut edilip tassyklanyldy. Ýaşaýyş we iş otaglarynda kompýuter ulanylýan bolsa onuň ýanynda hökman kiçijik kaktus güli goýulýar. Güller gözellik, gözelligi göreniňde bolsa göwnüň göterilýär. Ynsan özüniň ýaşyna, wezipesine, haýsy jemgyýetde ýaşaýandygyna seretmezden gülleri görende ýylgyranyny duýman galýar. Adamzady şeýle ýylgyrtmagy başarýan gülleriň sanyny köpeltmek, olara yzygiderli ideg etmek hem özüçe bir lezzet. Güller biziň durmuşymyzda iň bir näzik, ezizlenýän närse hasaplandygy üçin sowgat hökmünde iň eziz görýän adamlarymyza gül sowgat berýäris. Güller bilen has içgin gyzyklanýan adamlar olaryň häsiýetlerini öwrenip başladylar. Meselem otag güllerinden haýsy gülleri ýatylýan otaglarda saklamaly,haýsylaryny iş otaglarynda saklamalydygy barada hünärmenler maslahat berýär. Goý hemmämiziň durmuşymyz güller ýaly owadan bolsun! Didar UMUROW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyn talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |