00:44 Gündelikde guran gülüň jorasy | |
GÜNDELIKDE GURAN GÜLÜŇ JORASY
Ilkinji duşuşykdan ýadygärlik bolsun diýip saklanypdyr ol gül aslynda. Gündelik gatlarynyň arasynda gurapdyr. Indi bolsa bagtsyzlygyň nyşany misli gyz gözlerine ýigrenji görünýänem ýene şol. Birwagtlar gurap ýitip giden ysyny ýaňy eline berlendäki ýaly duýup özüni apalan gyz başga biri ýaly. Aslynda bu gülüň näme ýazygy barka? Ol şol gün oglanyň gözüne özüniň owadan görki bilen beýleki güllerden öňürti ilmekden başga ýazyk etmedi ahyry. "Gözelligi gülleriň kemçiligimikä. Aşa owadan bolanlygy üçin bagyndan ir ýolunan gülleriň ilki söýülip soň guramak ýaly ýowuz ykbalyna sebäp olaryň gözelligimikä?" Gyz özüni şol güllere meňzetdi. Gözelligine guwanyp söýülen soňam apalanma derek soldurylan güle. Aslynda güli ýürekden söýýän ynsanyň olary ýolmajagyny soldurmajagyny ol şugün bildi. Gündeliginde galan güli alyp zibile oklasa-da ynjalmady. Ýüregimde ilkinji söýgüsinden galan yza misli gündeliginiň sahypasynda gülüň goýan tegmilleri akja sahypada bes-belli görnüp durdy. Gyz sahypany ýyrtmak isledi. Ýöne saklandy. Indi kimdir birine ynanmazdan öňürti gelip şol sahypany açmagy gündeligine bellik etdi. Soňam öz bolşuny telbelige ýoran gyz ähli zady unudyp gündeliginiň guran gülli sahypasyny ýyrtyp täze sahypa açdy. Ol durmuşa bolan höwesini ýaşamaga bolan hyjuwyny ýitirerden erklidi. "Wagtlaýyn duýguly ynsanlaryň bardygy tutuş hemmeleriň şeýledigini görkezmeýär ahyry..." Gyz özüne göwünlik berdi. Ýyrtylan gündeliginiň sahypasyndan soňky sahypanyň arassa boljagyna çyny bilen ynandy. Aslynda gyz gündeligindäki tegmilleri goparyp aýyrsa-da kalbynda galan ilkinji söýgüden galan duýgularyny unutdy. Indi islese-de ol hiç kime ynanyp bilmez. Indi gyzam dünýä öňki nazar bilen bakmaz. Durmuş özüniň sada ýürekli wekilleriniň ýene birini ýitirdi... Ezizhan HAKIMOW Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |