00:08 Günleriň tagamy | |
GÜNLERIŇ TAGAMY
Hawa hemme zatda bolan tagam günlerde-de bolup bilýän eken. Ynsan ömrüniň pasyllarynyň tagamy aýratyn. Hersi üýtgeşik tagamly. Aglap otyrkaňam ömrüň lezzetini duýup bilýän(aslynda ony diňe ýatlamalarda duýýaň) bigam çagalyk ýyllarymy goýnunda jemlän günleriň tagamyny men giç bolsa-da iň süýji günler hasaplaýan. Aslynda ynsan ömrüniň her gününi ýaşamak süýji. Mysal üçin nowjuwan ýaşlygyň heserli günleriniň tagamyny çagalyk ýyllarymdan pes diýip bilmen. Kalbymyzda ynam bilen dogumy gaýnadýan tutuş älemi özümiziňki hasaplap geçiren ýaşlyk günlerimizem ömrümiziň iň süýji günleri. Gojalyk (ýaşlykdan soňky ömrüň soňuna çenli pursat) tenimize yza inse-de gojalygyňam özboluşly lezzeti bar. Hamala uly bag ekip eken bagyň miwesi ýetişende hözir görmek keýpi bar gojalykda. Tutuş ýaşalan ömrüň hasap-hesibi bar. Jüýjäni güýz sanaşmak bar bu pasylda. Ynsana eden işleriniň hözirini görmek ýaly ýakymly zady men seýrek hasap edýän. Şeýlelikde gojalygam ömrümiziň iň süýji günleri. Aslynda dünýä gelip özüňi tanamak durmuşda orun tapmak söýmek maşgala gurmak nesiller üçin nämedir galdyrmak ugrunda ylgap geçilýän ömür şeýlebir süýji lezzetli. Bir pursat durmuş duralgasynda oturyp bu süýjüligi dadyp görüň adamlar. Ömrüň manysyny aňlajak bolup uzaklara alňasap ýörmän kalbyňyza diň salyň. Ýaşaýşa söýgi özüňize bolan söýgiňizden başlanýandyr. Ömrüňizi, özüňizi söýüň, mähribanlar! Mamajan Mämedowa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |