18:19

Günümiziň modasy näme?

Annabeg Aýmakowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Duşenbe, 05.06.2023 ý.


Ömür döwürlere bölünip dowam edýär. Her döwür özüniň öňe sürýän haýsam bolsa bir zady bilen ýatda galýar. Soň ýatlamalaryň içinde şol döwür şol zat modady ýada şol döwür şeýtmek modady diýlen jümleler köp ulanýan sözlemlerimiz.
Pikirlenip oturýan, biziň döwrümiziň modasy nämekä? Kitap okamakmy? Şygyrmy? Söýgümi? Tehnologiýa enjamlary we telefonmy?
Internet sahypalaryny yzarlamak arkaly soragymyza aňsat jogap tapmak bolar. Ýaşlaryň arasynda bellibir toparlar emele gelip her kim öz gyzyklanýan zatlaryny paýlaşýar. Meselem, kimler kitaply-kitap tekjeli öýleriň suratyny paýlaşýar, kimler çagajyklaryň gelinlik geýen ýada bir birine taý bolan jübütleriň suratyny, ýene kimler goşgulary kimler maşynlaryň suratyny, kimlerdir giden ýerleriniň, kafeleriň, toýlaryň suratyny paýlaşýar.
Özara dostlukly gatnaşyklarda-da biz daş-töweregimize syn etsek, her kimiň özüne pikirdeşler bilen gatnaşýandygyny görýäris. Gynandyrýan ýagdaý bolsa kitapsöýerleriň ýada şygyr okamagy halaýanlaryň sany beýlekileriň ýanynda ujypsyzja. Günümiziň modasy kitap okamak ýada şygyr ýazmak, şygyr okamak däldigi ikuçsyz.
Global meseleleriň biri hökmünde gozgalmaga mynasyp bolan bu gürrüňiň üstünde biraz durup geçeliň.
Ýaşlar ýokary bilimli bolmagy arzuw edýärler. Düşünjeli görünmek daş-töweregindäkilere özüni sylatmak hem ýaşlaryň gowy görýän zatlaryndan. Emma munuň üçin ellerinden kitaby goýman okamalydyklaryny bolsa boýun alaslary gelenok. Kitap okamagy ýaşlara endik etdirmek üçin nähili çäreleri geçirip bolar? Bu soraga mysal getirmek arkaly jogap beresim gelýär. Meselem, ýokary okuw jaýlarynda, dil merkezlerinde geçirilýän kitapsöýerleriň bwsleşigini köpräk geçirmek arkaly ýaşlary kitap okamaga höweslendirip bolar. Ýeňijilere özleri üçin gerek bolan zatlaryny sowgat bermek edaralaryň adyndan her gatnaşyja hormat hatlaryny diplomlary gowşurmak ýeňiji bolan ýaşlary köpçülikleýin sylaglandyrmak olary jemgyýetçilik ýerlerinde öwmek gowy netije görkezer. Elimizden goýman ulanýan telefonlarymyza kitaplaryň elektron nusgalaryny ýüklemek, her dürli temalardan peýdaly we gyzykly kitaplary okamak üçin ýörite programmalary düzmek oýunlary kitaplar bilen baglanyşdyryp düzmegem ýaşlaryň ünsüni çekip biler.
Umuman alynanda, döwrümize kitap okamagy moda etmek üçin her birimiz jogapkärçilikli çemeleşsek, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini oýaryp boljakdygyna ynanýaryn. Iň esasy zat bolsa görelde. Ilki bilen özümizde kitap okamak endigini has-da ösdürmeli. Geliň, bedenimiziň üçünji gözi - kalp gözümizi batyllykdan halas etmek üçin kitaplar bilen dostlaşalyň!
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 243 | Добавил: Moderator | Теги: Annabeg Aýmakowa | Рейтинг: 3.0/5
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Babyşgalaly  
1446
Оз чагалык, eтгинжеклик йылларымы ятлайын.. Хайсы колхоз я совхоз болсун, улурак эдара-кэрхана болсун.. хеммесинде китапхана ве йорите хак-хешдек алып ишлейан китапханачы штаты барды. Китап алып окаянларам аз далди. Хеммеси гозумизин онунде даргады. Улырак илатлы меркезлерде китап дуканлары барды. Адамсыз вагты ёкды.. Бары йитип гитди. Хэзир мода хакында гуррун этмегем бирхили яйдандырыжы.

0
2 Garayolly25  
1449
Her döwür bir döwür bolýan eken. Öňki döwürde çeper edebiýat halkyň ruhy daýanjydy. Işden ýadap gelip, ýuwnyp, maşgalaňa guwanyp, çaýdan-nahardan boldum edensoň, ýassyga ýaplanyp, bir romany, aýdaly, "Ykbal" epopeýasyny okamagy dowam etdirýärsiň. Munuň özi ähli eşretiň jemleýji bölümi ýaly bolup doýulýardy. Indi bolsa ynsanlar tarapyndan kitaplara goýulýan beýle ýokary derejeli gadyr-gymmaty gündüz eliň çyraly gözleseňem tapyp bilmersiň, belki!

0
3 Babyşgalaly  
1446
Орсларын бир игенчли сози бар.. "Читать- это дело умных людей" "Если ты умный, почему не богатый"? Шу довурин модасы шулар ялырак ойдйан..

0
4 Yusup  
50
Işde dynç wagtym kitap okaýan welin, işdeşler geň görýär. Aý köpsi ýaşlar-da. Pensiýa çykaýmaly ýaşuly işdeşler aýtýar. ýaşkak okaýardyk diýip.
Indi tehnologiýanyň ösmegi ýetirdi. Kän kitaba zerurlyk hem duýlanok güýmenje kän.

0
5 Shapak_A9602  
1502
Her nähili çemeleşsegem indiki ýaşlarda kitap okamak söýgüsini döredip bileris öýdemok... Ösen derejedäki internet oňa ýol bermez... Ýek- tük höwesli ýaşlar bolaýmasa, olaram görelde görmese- de kitap okamaga tebigy höwesli ýaşlardyr.

0
6 Injener  
1
26 ýaşymda bir adama sataşdym, örän dogumly we ylymly adamdy. Tekiz ýerde dawwa turuzyp (prowakasyýa), diýesi gelýän zadyny diýýärdi. Esasanda ruslar, ermenler we özbekler bilen köp jetleşýärdi. Taryhy gowy bilensoň, islendik milleti düýp terkaryndan başlap kemsidýärdi. Kim şol adam bilen jedelleşse, ikilenç hiç haçan sesini çykaranokdy. Şeýle adamlara meňzesiň gelýär, onsoň şeýle adamlar köp kitap okaýan bolsa senem okasyň gelýär.

0
7 Babyşgalaly  
1446
@Injener. Сизин диййэн адамыныз ялы бирине менем габат гелипдим. Ол киши йоне электроника, ток угрундан гаты гуйчлиди. Окаян китапларам, журналларам эсасан шол угра дегишлиди. Иш еримизде ток бн ишлейан механизмде кемчилик тапылса салымыны берман дузедерди я-да кемини айдарды. Копбилмишсирап устуне сораг берип, билимсирежек болян ёлбашчылара "Планы Планыевич, сизин бу сораян сорагынызын жогабы 7-нжи класын физика китабында бардыр, шоны гайталап окайын" диерди. Элбетде, бу мен-менлиги учин кэн халанып дурланокды. Ене бир интересный тарапы. Бир чылшырымлы задын башына барып бежермэге башланда голайына бармалы далди. "Середишип дурсаныз отрицатель заряд болуп чыкарярсыныз" дийип игенерди. Мен-э шонун окаян журналындан ой гуранында тогы нахили чекмелидигни овренип галдым. Сон жай гурнамда тогыны озум чекдим. Шу вагт ятласам гулкунжирагем. Ол вагтлар яны 25 яшап йорен гунлермизди.

0
8 ibrahimbadakhshan  
694
Türkmen aga "Namart dostundan görer" diÿÿär. Bizem (ÿazÿanlar) namard-a diÿip biljek däl, mümkin dogry analiz edÿän däldiris!? Günäñ baryny okyjylaryñ (okamaÿanlaryñ) üstüne ýükleýäris. Garaz "kitaplar alynmaÿar, ajaÿyp şygyrlarymyz okalmaÿar" diÿip igenip, zeÿrenip ÿörüs. Soñam sowet döwrüniñ ahmyryny çekip, şol ÿyllara öwrüläÿjek bolÿarys. Sowet döwrüniñ çärelerini geçirmek, kitap okamak ýaryşlaryny goÿup baÿraklar paÿlamak maslahatlary berÿäris. Men-ä haýran şu gürrüñlere! Nämüçin okyjy günäkär edilmeli, belki biz (ÿazyjy, şahyrlar) öz išimizi oñarÿan däldiris!? 21-nji asyrda ÿaşap, ylylmyñ, tehnologiÿanyñ geçen müñÿyllyklara garanyñda müñlerçe gezek ösen döwründe ÿaşap, belki döredijiligimiz yza galandyr!? Indiki ÿaşlary ony-muny wasp edip, öwüt-nesyhat ÿazyp, okyjy edip bilmejegimiz eliñ aýasy ÿaly aÿan. 20-nji asyryñ romanlaryna, goşgularyna öÿkünip ÿazÿan zatlarymz-a hijem okalmaz. Sözüm uzaga çekmesin, gepiñ tümmek ýeri: Döredÿán eserlerimize okyjy gözleÿän bolsak, döredijiligimiz şu döwüre, şu asyryñ ÿaşlarynyñ durmuşynda, añynda geçÿän ajaÿyp dünÿälerine laÿyk bolmaly. Śony bašarmak üçinem biz şu döwüri we bu asyryñ ÿaşlaryny gowy tanap bilmeli. Başgalary üýtgetmeli diýilýän döwür geçdi, özümizi üÿtgetmäñ ugruna düşmeli.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]