20:08 Kaka, maňa erteki okap bersene! | |
KAKA, MAŇA ERTEKI OKAP BERSENE!
Heniz sallançakda ýatan bäbejikkäm eliňe kitap alyp maňa erteki okap meni üwreýşiň hakynda ejem kän gürrüň bererdi. Ilkinji gülzaryň gyzyň bolanym üçinmi ýa söýgüli enäniň ady dakylanym üçinmi sebäbi näbelli men iň ezizlenen perzendiňdim. Ejem käte gabanardy ikimiziň söýgümizi. Käte işleriň kän bolup nahara çagyranda gelmäniňde-de, ejem ýanyňa meni ugradardy. "Sen çagyrsaň geler" diýerdi.Gulpaklyja gyzjagazkam bize kän erteki okap bererdiň. Türkmen halk ertekileri atly uly kitaby tutuş gutaryp ýene gaýtalap okapdyň. Bir ertekinem dynmankaň aladasyz uklap galardyk. Üstümizi örtüp sowukdan gorajak, ertirimiziň aladasyny edip bizden has giç uklaýan kakamyz bardygy üçin diýseň bagtly çagalardyk. Ähli zadyň soňunyň gowluk bilen gutarjagyna, ýagşylygyň ynsany bezeýän iň ajaýyp häsiýetdigine ynanardyk. Bagtymyz henizem bitinligine şükür edýärin. Ýöne käteler ertekileriň bilen uklamagy küýseýän, kaka. Iň soňky sapar 10-njy synp okuwçysykam eýýäm örüme ýeten hatda boýuma deňleşiberen ýogyn saçlarymy sypalap söýgüläpdiň. Ejeme meňzeş owadan gyz bolandygymy pyşyrdap bagryňa basypdyň. Gözlerimiň bakyşlarymyň häsiýetimiňem ejemi gaýtalaýandygyny aýdyp guwanypdyň. Şol gün hernäçe ulalan bolsagam erteki okap ýatyrypdyň bizi. Şol günem biz ýagşylygyň, ýagşylaryň hemişe ýeňiş gazanjagyna ynam bilen uklapdyk. Ýaşaýşa bolan ümmülmez söýgi oýarýan ertekilerden gulagymyz gana-gana uklapdyk... Indi üçünji onluga golaýlan ýaşym okap beren ertekileriň diňe ertekidigine ynanasy gelmän örtenýär. Gulaklarym däl, ýüregim ertekileriňi diňläsi gelýär. Gijeleriň ümsümligine gizlenip ýazyljak goşgulary gursagyma gömüp ertekileriň bilen rahat uklasym gelýär. Kagyz galamymy alyp ýene-de duýga bürenen ajaýyp setirleriň dowamy geler ýaly saçlarymy sypalap ýatyrsana, sowuk gijelerde üşemejegime, näçe ýaşasamam aladasy edilýän kakamyň çagasydygyma ynanyp arkaýyn aladasyz uklarym ýaly maňa erteki okap bersene, kaka! Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||