18:39 Güýz peýzažy | |
GÜÝZ PEÝZAŽY
Sary öýmesi bilen ähli gelinleriň agrasy sary gulpak sary meňiz güýz ähli ýeri özüniň sarylygy bilen üýtgeşik görke büredi. Güýz gelse köňül bir düşnüksiz gussa batýar. Öwrümiň öňüsyrasy indiki menzilde özüne näme garaşýanyny alada edýändiris belkem. Göwnümize geňeşip edilmedik işleriň hasaby çykýar-da gama bürenýäs. Ähtimal ýene bir ýylyň ömrümizden sowulyp barýanyna ahmyryň alamaty bu düşnüksizlik. Hernämede bolsa güýz kalbymyza ynjalyksyzlyk berýäni welin dogry. Köçelerdäki agaçlardan düşen sary ýapraklaryň üýşmeleňi ýöredigiňçe ajaýyp sazy bilen köňlüňi joşdurýar. Şahyr däl bolsaňam eliňe galam tutup görmedigiň diline setirleri düzýän bu mukamy diňe güýz çalyp bilýär. Güýz ýapraklary çalyp bilýär. Gussaňam zym-zyýat bolýa onsoň. Görküne baglanan gözlerim bu gözellikden ganmaýar. Belki güýzüň kalbymyza berýän ynjalyksyzlygy onuň paýhaslylygyndan bize ýetýän paýdyr. Her haýsy bolsa-da men güýzüň aşygy. Gözelligi agraslygy paýhasy bilen ömrüme nusga edinýänim sary güýz, men seni söýýän! Ogulsenem BORJAKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |