00:25

"Gyzylja şerbeti" ne beýle çetiñize degdi?

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 290 | Добавил: Gökböri | Теги: Altan Tan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 ssaparay  
1436
"Kızılcık şerbetiniň" ýüzüni ýuwup, "Yalı çapkınınyň" ýüzüne palçyk oklapdyr. Aslynda şu serillaryň ikisem bir-birinden gowy däl. Kızılcık şerbetinde başy açyk zenan başy yapyk zenana gursagyňda durmajak sözleri aýdýar. Nämemiş başy ýapyklar erkinlik duşmanymyş. Goýaly-la! Başy ýapyk zenana başga bir başy açyk zenan tarapyndan şeýle sözleriň diýilmeginiň özi erkinligiň ýüzüne urmak dälmi? Zenanlary öldürip ýören erkekler ýetmeýän ýaly, indi iki zenany bir-birine duşman etjek bolýalarmyka? Aýnadan aşak oklanan zenan barada-ha aýdyp oturasy söz ýok. Halkara zenanlar gününde birnäçe zenanyň öldürilýän ýurdunda beýle serillaryň ýüzüniň ýuwulmagy geňem däl welin... bolýa-da.
"Yalı çapkını" serialynyň 1-nji bölümini görenimde "Tfuu" diýäýesim geldi. Öýüniñ hyzmatkärinden bir ogly bolan, her gün agşam balkondan girip, irdenem şo yerden çykyp gidýän söýgülisi bolan, ondan başga-da gyz görse türkleriň K9 köpegi ýaly ysyrganyp ýören ogluna, bir ýerinde kemçiligi bolaýmasyn, barlap göreli diýip hammamda gelin saýlaýan, äri ölen gelin öz äriniň dogany bilen gezýän, baý oglana durmuşa çykyp bilmedigi üçin kakasynyň her gün gyzyny urýan, ''Biziň malymyz elde galmaz" diýip bir gyza daýzasynyň "Sen mal" diýip bilýän, "edepli" maşgalanyň hekaýasy bu serial.
Ýagny, bu ýerde iki serialam ýüzüni ýuwarlyk iş däl. Zenanlary hatda seriallarda-da gününe goýup bilmeýän bolsalar olar gaýrat edip ilki bir psihologa gitsinler. Soň serial surata düşürsinler. "Bu zatlar durmuşda-da bar, biz oňa dykkat çekmek isleýäris" ýa-da "Bu bir serial ahyry" diýýänlere "Kurtlar vadisi" serialyndaky Kibritcä meňzejek bolup öz dostuny ýakyp öldüren ýaş oglany ýatlatmak isleýärin.

0
3 hanturebs  
755
Murat abimiz bol-a :)

0
4 ssaparay  
1436
Menem Türkmen Murat Soner bolaryn nesip bolsa :D

0
2 ssaparay  
1436
"Yalı capkını" ýaly manysyz serialda-da Çetin Tekindor ýaly ussadyň oýnaýandygyna gynandym. Menejerleriň gurbany bolan aktýor. "Babam" filmindäki roly nire, bu serial nire, haýp!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]