19:11 "Hakyky detektiw" "ogurlykmy"? | |
"HAKYKY DETEKTIW" TELESERIALYNYÑ "OGURLYKDYGY" ORTA ATYLDY
Giñ tomaşaçylar gatlagyna eýe bolan meşhur "Hakyky detektiw" ("Настоящий детектив" / "True Detective") atly amerikan teleserialynyñ senaristi serialyñ edebi esasynyñ "ogurlykdygy" baradaky aýyplamalary düýpgöter inkär etdi. Ýakynda "Hakyky detektiw" teleserialyndaky replikalaryñ täsirlenme ýa-da ogurlykdygy orta atylypdy. Bu barada beýannama bilen çykyş eden Nik Pizzolatto detektiw žanryndaky teleserial hakyndaky ýüze çykan käbir aýyplamalaryñ dogry däldigini aýtdy. Serialyñ edebi esasynyñ elhençlikler žanrynda ýazylan romanlary bilen tanalýan amerikan ýazyjysy Tomas Ligottiniñ eserlerinden "ogurlanandygy" baradaky aýyplamalara teleserialy ekranlaşdyrmaga gatnaşan "HBO" şereketindenem jogap geldi. "HBO" ýazmaça beýannama arkaly serialyñ senariýasynyñ orginaldygyny we replikalarda haýsydyr bir täsirlenmäniñ we "ogurlygyñ" ýokdugyny nygtady. Teleserialyñ 2015-nji ýylda ekrana goýberilen ikinji sezonynda garaşylşy ýaly düýpli üýtgeşmeler boldy we Kolin Farrel hem rol aldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |