10:02

Hakyñ hikmeti

HAKYÑ HIKMETI / rowaýat

Çöl içinde aýratyn bir oýda eşegi, iti we horazy bolan bir bende öz maşgalasy bilen özbaşdak ýaşaýar eken. Horaz olary dañ namazyna oýarsa, it olary her hili çöl haýwanlaryndan gorapdyr, eşek bolsa, merthanalaryna odun we suw daşapdyr.
Bir gün tilki gelip, olaryñ horazyny alyp gidipdir. Öýdäkiler muña gynanypdyrlar. Ýöne öý eýesi Hudaýlykly adam bolansoñ, "Bähbit bolsun" diýipdir. Soñ bir gün möjek gelip, eşekleriñ garnyny ýaryp öldüripdir. Öýdäkiler muña ýene gynanypdyrlar. Emma öý eýesi ýene "Bähbit bolsun" diýipdir. Şondan az salym soñra olaryñ iti hem bir kesel tapynyp ölüpdir. Öýdäkiler muña öñkülerden hem beter gynanypdyrlar. Öý eýesi bolsa, "Bähbit bolsun. Hudaý etse, ýönelige edýän däldir. Añyrsynda hökman bir hikmet ýatandyr" diýipdir.
Günleriñ bir güni irden turup görseler, ilerki oýda ýaşaýan goñşy-golamlaryñ itleriniñ, eşekleriniñ we horazlarynyñ sesini eşidip, galtamanlaryñ olary talandygyny we ýesir alandygyny, özleriniñ bolsa aman galandyklaryny bilip galypdyrlar. Beýik we päk Allanyñ edenine kaýyl bolmaklary olary bu heläkçilikden halas edipdir. Kim Allanyñ rehmetiniñ gizlindigini bilse, onuñ eden her bir işinden razy bolar.

Arap dilinden terjime eden: Aýna YLÝASOWA.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 414 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aýna Ylýasowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]