13:38

Hindistana syýahat

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 311 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Baýrammuhammet Nazarow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň pikirimçe, hindiler "ajy iýmitleri" däl-de, "ýiti tagamly iýmitleri" köp iýýärler diýmek has dogry. Ajy diýmek ýitiden başgarak. Hyýaryň düýbi, pujan pomidor ýaly zatlar, sirke kakýan zatlar ajy bolýar. Hindileriň, hytaýlaryň we gaýry aziýalylaryň iýýän zatlary ýiti, ötgür, agzyňy ýakyjy zatlar.

"Sebäbi, çagalygyndan iýýärler" diýmek düşündiriş däl, "çagalygyndan näme üçin iýýärler" diýen sorag ýüze çykýar.

Meniň pikirimçe, munuň sebäpleri şunda:

1. Hindistan bir ýandan derýalyk-batgalyk, çyglyk, beýleki tarapdan bolsa tropiki, yssy klimatly ýurt. Bu bolsa bakteriýanyň, kesel dörediji wiruslaryň öýjügi diýmek. Ajy, burçly zatlar bedendäki şol wiruslaryň gyrylmagyna ýardam edýär.

2. Ajy zatlar iýen adam köp derleýär. Yssy ýurtlarda bu bedeniň serginlenmegine ýardam edýär.

3. Çygly we yssy ýurtlarda azyk önümleri örän tiz zaýalanýar. Olara garylýan ajy baharatlar tiz zaýalanmanyň belli bir derejede öňüni almaga kömek edýär.

4. Hindistan ýaly garyp ýurtlarda zaýalanyp başlan iýmitleri hem iýmeli bolýan ilat iýmiti bol burçlap, iýer ýaly ýagdaýa getirýärler.

5. Beýle garyp ýurtlaryň iýmiti örän az dürli. Eti asla iýmeýänler bar. Ýönekeýje, şol bir iýmite köpdürlilik bermek üçin dürli ajy baharatlar bilen üýtgeşikligi üpjün edýärler.

6. Yssy ýurtlarda (bizde-de tomus wagtynda) iýmit wagtynda siňmän, aşgazanda köp saklanýar. Ajy goşundylar içegedäki iýmitiň çalt işlenmegine kömek edýär.

7. Hindistanda baharat (köplenç ajy nygmatlar) köp. Hindistan - baharatlar ýurdy. Arzan zat köpem harç edilýär.

Başga-da sebäpler, belki, bardyr, emma şularam ýeterlik bolsa gerek.

"Iňlisler hindilere garşy gozgalaň edipdir" diýmegiňiz bolsa "Goýunlar möjekleri iýip-parçalap ýörkäler, möjekleriň käbiri janhowluna olary süsüp, goranmaga çalşypdyr" diýen ýaly boldy.

0
3 kungfuu  
1292
Talybyň düşünjesine görä, ýerliklimikä diýýän şu material. Siz, belki gidip görensiňiz ýa-da öňden köp zatlary bilýänsiňiz Hindistan barada, emma bu çaklaňja materiallar zerarly talybyň derejesine gelip ýalňyşyny tapmagyň hajaty ýokmuka diýýän. Belki, makala ýazmakda birinji synanyşyklarynyň biridir.
Belki...

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Elbetde, ýerlikli material. Men diňe bir delili (hindilerde ajy nygmatlaryň artykmaçlygynyň sebäbini) kemter hasaplap çuňluşdyrdym, "iňlisleriň gozgalaňy" hakda bolsa awtoryň dogry düşünjesiniň bardygyny, ýöne säwlikde nädogry söz ulunanyny bilýärin. Gödegrägem bolsa bu degişme äheňli bellikler sebäpli talybyň höwesini gowşatman, ýene-de ýazmagyny isleýäris.

Ýöne talybam bolsa tankydy bellikleri ederis. Bu deň tutmagyň alamatydyr. Onsoňam bir adam bellik ýazýan bolsa, diýmek, seniň ýazanyňy okandyr, gyzyklanandyr, kemçilikleriňe janyny agyrdandyr, bu bolsa perwaýsyzlykdan kän gowudyr. Bu tarapyny hem düşünmek gerek.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Hindistanyň ýol-ulag problemalary hakda hem ýazypsyňyz welin, şoňa ýanap, makalanyň ýokarsynda hindileriň gurçugyň üstüne üýşen garynjalar ýaly otla gyzyl-gyrlym ýapyşyp barýan suratyny goýmaly ekeniňiz.

Elbetde, bu meniň ol halky kemsitjek boldugym däl. Her ýurduň özüne görä problemalary bardyr.

Hindistan dogrudanam gadymy medeniýetli beýik halk.

0
4 kungfuu  
1292
Gowy mowzuk.
Awtora üstünlik.

0
6 Injener  
1
"Şantaram" atly gowy eser bar, Hindistanyň Bombeý (Mumbaý) şäheri barada gürrüň berýär. Baş gahryman Awstraliýadan türmeden gaçýar we Bombeýda ýaşamaly bolýar. Eser hakyky bolan zatlaryň esasynda ýazylan we Hindileriň içki dünýäsini gowy düşündirýär. Baş gahryman hem örän mert oglan bolup çykýar, Bombeýda musulman mafiýasy bilen sataşýar, olar bilen dost bolýar. Eseriň soňunda baş gahryman namaz okabermeli derejä barýar. Okap göriň, örän gowy eser, durmuşy şeýle adam hökmünde ýaşamaly diýdirýär.....

0
7 Injener  
1
Meň bilýän faktlarym boýunça:

1) Bombeýda köçede maşynda adam kaksaň, ýerli garyp halk maşynyň ekipažyny ölünçä urýarlar.

2) Hindistanyň demir ýol gulluklary bir günde 8 milýon adam gatnadýarlar.

3) Narkotik serişdeleriň ähli görnüşini, Bombeýda tapyp bolýar, ýer ýüzüniň norkamanlary şol ýerik hem ýygnanýarlar.

4) Hindistanyň polisiýasy "Marathi" atly dilde gürleýär, ol dil Hindistanda seýrek hasap edilýär. Eger Marathida gürläp bilmeseň, polisiýa işe alanoklar.

5) Hindileriň garyp ilaty hiç haçan doly ýalaňaçlananoklar, suwa düşenlerinde hem içki geýimde düşýärler, öz aýallaryny hem hiç haçan ýalanaç halda görenoklar. Sebäbi ýaşaýan ýerleri alam açyklyk, bar zat görnüp dur.

0
8 Persey  
397
Islamofobiýanyň iň ösen 3 döwletiniň biri..... Bharat Janatiýa partiýasynyň propagandasy täsirinde häzir musulmanlary örän kemsidýärler. Soňky wagtlarda alnan Mogollar we owganlar hakyndaky taryhy filmleri hem muňa şaýat ( iň bärkisi). Parlamentinde musulman wekillerini açyk ýagdaýda "bäşinji kolonna" derejesine düşürmek ýoň boldy....

0
9 Persey  
397
Ýöne näme diýlende-de beýik medeniýetli, baý taryhly döwlet. "Mahabharata" we "Ramaýana" eposlary ariý taýpalarynyň b.e.öňki 1500-nji ýyllarda biziň territoriýalarymyzdan Hindistana göç eden döwründe ýerli drawid taýpalary bilen eden göreşiniň epiki beýany diýip hasap edilýär - diýip çaklamalar bar. Edebi taýdan baýlaşdyrylan görnüşe getirilen, soň-soň täze personažlar goşulyp, täze wakalar bilen garylyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

0
10 Yusup  
50
Миллионер из трущоб şuda gowy kino

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]