12:38

"Jeňnama” poemasy: Tekeleriň uruş kyssa kitaby

"JEÑNAMA" POEMASY: TEKELERIÑ URUŞ KYSSA KITABY

Abdysetdar Kazynyň "Jeňnama” poemasy baradaky makalamyza dowam edýäris. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, ol hem, W.W.Bartold, S.F.Oldenburg, I.Ý.Kraçkowskiý ýaly dünýä belli meşhur alymlar A.N.Samoýlowiçiň türkmen edebiýatyny öwrenmekde hem-de ol baradaky ýalňyş pikirleri ortadan aýyrmakda bitiren hyzmatlaryna juda ýokary baha beripdirler. Olar "Записки об ученых трудах А.Н.Сaмойловича” atly bilelikde ýazan işinde "A.N.Samoýlowiçiň türkmen edebiýaty boýunça ýazan işleri aýratyn hem ýewropaly edebiýat tankytçylaryny täze maglumatlar bilen üpjün etdi” diýip adalatly belläpdirler,
A.N.Samoýlowiçiň "Jeňnamanyň” üstünde ýaňy işläp başlan döwründe Aşgabatda 1904-nji ýylda S.Agabekowyň "Учебник туркменского языка” (IV+100+25 с.) atly kitaby çap bolup çykypdyr. Oňa syn ýazan we ony Peterburgyň "Этнографическое обозрение” jurnalynyň 1904-nji ýyldaky № 4-nji sanynda neşir eden eýranşynas alym A.A.Semýonow (1873–1957) "häzirki döwürde özbaşdak türkmen dili ýok” (с.170)) diýen netijä çenli baryp ýetipdir. Türkmen dilindäki çeşmelerden baş çykaryp bilmedik bu alymyň pikirini hem A.N.Samoýlowiç kesgitli ýazgaryp, rus gündogarşynaslyk ylmynyň "Записки Восточного отденления Русского археологического общества︡” atly iň abraýly hem dowamly neşiriniň 1907-nji ýylda çykan sanynda (Т.XIV. Вып. 14.С. 0184-0188) "bu synyň awtorynyň pikirine bolan we delillerimiz bilen berkidilen garşylyklarymyzy beýan etmekligi amatly pursata çenli soňa goýýarys” (Şol ýerde. С.0187. 4-nji çykgyt) diýip nygtapdyr.
Ýewropanyň we Russiýanyň ylmy edebiýatlarynyň sahypalarynda türkmen edebiýäty baradaky ýalňyş pikirleri dolanyşykda aýyrmak boýunça alyp baran ýokardaky göreşleri bilen bir döwürde A.N.Samoýlowiç "Jeňnamanyň” üstünde işläp başlapdyr. Onuň golýazmasy bilen gysgaça ýüzugra tanşandan soň, ol 1904-nji ýylyň 29-njy aprelinde Russiýanyň Arheologiki jemgyýetiniuň Gündogar bölüminde bu eser barada habar bilen çykyş edip, "uzak bolmadyk gelejekde Orta Aziýanyň täze döwür edebiýatynyň bu gyzykly ýadygärligini özümiziň terjimämiz we girişimiz bilen neşir etmekligi umyt edýäris” diýip belläpdir. Bu onuň öz kärdeş alymlarynyň eden ilkinji çykyşy bolupdyr. Ol soň makala görnüşinde çap edilipdir (ЗВОРАО. 1906.Т.XVI. Вып. IV.С.0201–0211). "Eýýam bu makalada bir adamda seýrek baglaşýan işiň hili ünsüňi özüne çekýär: bir tarapdan, onuň öňüni başlaýjynyň hyjuwy we ony wagz edijiniň zehini, ikinjiden, alymyň netijeleriniň berk takyklygy ahli babatlarda hususy synlamalary, soralyp toplanan maglumatlardan, janypkeşlik bilen pugta bölüp görkezýär, anyk subut edilen zatlary hyýaly pikirlerden we ahtimallyklardan, aýrylaşdyrýar” diýip, beýik W.W.Bartold onuň ilkinji ylmy işine örän ýokary baha beripdir.
A.N.Samoýlowiç Abdysetdaryň öz eserini watandaşlarynyň erjellilik bilen eden haýyşlary boýunça ýazandygyny ملتمسلار  کیم چون نچه تیدیلار (tiýdiler çun niçe kim mul-temaslar) belläpdir. 1858-njiýylda Garrygalada (häzirki Magtymguly etrabynda) we 1861-nji ýylda Maryda türkmenler bilen Eýranyň arasynda bolup geçen uruş wakalary beýan edilýän bu ajaýyp taryhy poemanyň ylmy-tankydy neşiriniň goýberilmegi, rus gündogarşynaslyk ylmynyň taryhy üçin möhüm wakalaryň biri bolupdyr. Ol häzirki döwürde hem türkmen edebiýatynyň eserleriniň ylmy-tankydy we akademiki neşirlerini goýbermekde nusgalyk iş bolmagynda galýar.
"Tekeleriň atly-abraýly adamlaryndan kim-de bolsa biri, Ahalyň az sanly sowatly adamlalaryndan bolan Abdu-s-Setdara ýüz tutup, döwür-deşleriniň harby edermenliklerini geljekki nesilleriň ýatlarynda galdyrmak üçin bir eser ýazmagy haýyş edipdir. Abdysetdar, öz gezeginde, haýyş edilen kitaby, Orta Aziýada däp bolup gelen kada eýerip, şahyr bolmasa-da, şygyr bilen ýazmagy makul görüpdir” diýip, A.N.Samoýlowiç belläpdir. Alymyň Abdysetdaryň bilim derejesine beren ýokary bahasy hem ýatlanyp geçilmegine mynasypdyr. Bu barada ol şeýle diýip ýazypdyr: „Maňa belli bolan türkmen ýazyjylaryndan, özüniň bilim derejesi boýunça onuň gapdalynda diňe Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadyny goýup bilerdim. Abdysetdar hatda ondan hem biraz ýokarrakdadyr. Aýratyn hem poemanyň girişinde Gurhandan we hadyslardan alnan bölekler onuň musulman dini edebiýaty bilen juda çuňňur tanyş bolandygyna güwä geçýärler”.
A.N.Samoýlowiç poemanyň golýazmasy bilen özüniň neşir eden tekstini ol çap edilen döwründe-de we ondan soň hem, telim gezek deňeşdiripdir, olaryň biri-birine doly laýyk gelmegi üçin özüne bagly işleriň ahlisini berjaý edipdir. „Men poemany terjime edenimde mümkin boldugyça onuň golýazmasynyň tekstine golaý bolmagy üçin çalyşdym” diýip ol nygtapdyr. Mälim bolşy ýaly, Abdysetdar öz poemasyna nähili at goýandygy barada maglumat galdyrmandyr. Ol diňe, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, dostlarynyň haýyş boýunça „Jeňnama” atly söweş kitabyny ýazandygyny poemasynda belläp geçipdir, Şonuň üçin A.N.Samoýlowiç bu eseri neşir etmek bilen, oňa Hojaly mollanyň goýan "Tekeleriň uruş kyssa kitaby” adyny kabul edip alypdyr. Poemany neşir etmekde özüne kömek eden meşhur rus alymlarynyň hatarynda Hojaly mollanyň adyny hem mahirlilik we minnetdarlyk bilen ýatlap geçipdir. Poemanyň üstünde barlag işi tamamlanandan soň, 1913-nji ýylda N.N.Ýomudskiniň razyçylygy bilen bu gymmatly eseriň seýrek golýazmasy Peterburgyň Aziýa muzeýine (2007-nji ýyldan soň Russiýanyň YA-nyň Gündogaryň golýazmalar institutynnyň gaznasyna) tabşyrylypdyr. Ol häzir hem şol ýerde saklanylýar.
Abdysetdar Kazynyň poemasynyň 1914-nji ýylda A.N.Samoýlowiç tarapyndan goýberlen bu ajaýyp neşiri 1970-nji ýyllaryň ortalaryna çenli, ýarym asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda, Türkmenistanyň kitaphanalarynyň gaznalarynda bolmandyr. A.N.Samoýlowiç barada düýpli makalanyň awtory professor F.D.Aşnin bu ýagdaýy ýazgaryp 1963-nji ýylda şeýle diýip ýazypdyr: "Gynansakda, bu gymmatly "Kitaba” dilşynaslaryň we türkmenşynaslaryň ýokary derejede mätäçlik çekýändigine seretmezden, ol Aşgabadyň kitahanalarynda saklanmaýar” (Народы Азии и Африки.1963.№ 2.С.246). Arap elipbiýinde türkmen dilinde 1917-nji ýyldan öňki döwürde neşir edilen kitaplaryň göňzleginde bolup,1976-njy ýylda Peterburgda döredijilip saparynda bolanymyzda biz şäheriň uniwersitetiniň Gündogarşynaslyk fakulteiniň kitaphanasynda işlemek bilen "Jeňnamanyň” ýokardaky neşiriniň üstünden bardyk. Onuň neşir edilen döwründen ep-esli wagt geçen hem bolsa, bu kitaphananyň ätiýaçlyk gaznasynda onuň nusgalary heniz hem ygtybarly saklanyp gelýän eken. Men peterburgly kärdeşlerimden kitabyň sekiz nusgasyny bermeklerini haýyş etdim. "Bu eseri rus alymy neşir eden hem bolsa, ol türkmen kitabydyr. Şonuň üçin hem biz Siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirmän bilmeýäris” diýip, arzuwly kitaby peterburgly kärdeşlerim mähirlilik bilen maňa göwşurdylar. Aşgabada dolanyp gelenimden soň, bu kitabyň nusgalaryny Türkmenistanyň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasyna tabşyrdym. Olardan peýdalanyp, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, türkmen alymlary Abdysetdaryň "Jeňnama” poemasyny 1994-ýylda Aşgabatda neşir edip, türkmen okyjylarynyň giň köpçüligine elýeter etdiler.

Almaz YAZBERDIÝEW,
taryh ylymlarynyň doktory,
Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň kitaphanaşynaslyk we bibliografiýaşynaslyk kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär. A.Ýazberdiýew 1994-nji ýylda „Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp bolýar we 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin” atly medal bilen sylaglanýar.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 740 | Добавил: Haweran | Теги: Almaz Ýazberdiýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]