00:26 Kaka hüwdüsi | |
KAKA HÜWDÜSI / degişme
Goşgular
![]() Indi dünýe üýtgäpdir, Aý-günler geçdi, ballym. Çaga saklamak paýy Kakaña düşdi, ballym. Aglasañam emme ýok, Eýýämden düşbi, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Köçämizde gelinler, Oturar hatar, ballym. Ejeñ gybat planyn Dolmaga gider, ballym. Dünýäñ ähli habary Öýmüze ýeter, ballym. Oña çenli kakañy, Gynama beter, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Şükür, indi çar ýana, Uçup dur, uçar, ballym. Ejeñ söwda baş goşdy, Kän menzil geçer, ballym. Yslamabat, Ankara, Tähranda düşlär, ballym. Oña çenli oñşarys, Ruhdan düşmän, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Geñ görmäwer, söwda bi, Hem ýortup-ýörüp, ballym. Ylgamasañ gelenok, Arzyly haryt, ballym. Gözli çeşme beklense, Galarys garyp, ballym. Wah, özüñem añýansyñ, Ýatyrsyñ görüp, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! "Malyşyñdan" bermäýin, Bolansyñ bizar, ballym. "Suwuñy köp goşýañ" diýip, Bermäwer azar, ballym. Käte şony tapmagam, Görýäñ-ä azap, ballym. Biraz oñşukly bolsañ, Ömrüñ-ä uzar, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Arlygyñy ölläýme, Görkezip görgi, ballym. Mundanam bir gün bormy, Ne bäri, añry, ballym. Ejeñ "göwsünem" maña, Beräýmeli ekeni - Bilmändir Tañry, ballym. Şonam bir ýatladawer, Geläýseñ dogry, ballym. Tüweleme, huwwa-huw, Allaý balam, allasy! Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |