23:13 Kalbymyň melhemi | |
KALBYMYŇ MELHEMI
Durmuş käte birsyhly dowam edende ýa-da kimdir biri göwnüňe degende kalbyň üýtgeşik duýgy döreýär. Özüňi ýekesireýän halyňa düşünjek hiç kim ýok ýaly duýýaň. Ine şeýle pursatda dadyňa ýetişýän ajaýyp aýdym-saz. Käbir aýdymlar hakyt diňe seň üçin ýazylan ýaly sözleri bilen ýürejigiňe jüňk bolaýýar. Onsoň dynuwsyz uzak gije şol bir aýdymy diňläp ynjalarsyň. Käbir aýdymlary diňläp aglap bilýän halatlarymyzam bolýa käte. Sebäbi herimiziň gursagymyzda näbelli ünjidir derdimiz gizlenendir hökmany. Aýdymlaram ynsanyň kalbyndan syzylyp çykan eser bolany üçin göni adamlaryň ýüregine barýar. Elbetde bulam hemişe bolup duraýýan zat däl. Munuň üçin şahyryň sözleri aýdymçynyň heňi sesi zehine ýugrulan bolmaly. Käbir aýdymlar şeýlebir jüpüne düşýär welin hemmeleri özüne maýyl edip bilýär. Senem meniň kalbymda göterýän ünjülerimiň melhemi ajap aýdymym. Seniň sesiňi eşitdigim ähli gussam aladalarym sumat bolýar. Uzak gije sesiňi eşidip ýatýan gijelerime intizar bolýan käte ýyly gujagyňy küýseýän. Indi ol günler alysda galanam bolsa men henizem şol gijeleriň goýnuna dolýan käteler. Ýene-de kalbyma durmuşyň goýan ünjülerini unudyp gujagyňa dolsam meni hüwdülärmiň käbäm?! Hatija Mämmedowa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |