08:28

Käriz suwy - bereket çeşmesi

KÄRIZ SUWY — BEREKET ÇEŞMESI

Gadymy türkmen topragy irki ekerançylyk medeniýetiniň we gadymy suw desgalarynyň dörän ojagydyr. Hut iň irki suwarymly ekerançylyk tejribeleriniň gitdigiçe baýlaşmagy bilen baglylykda, gojaman Köpetdagyň eteginde Jeýtun obalary döräpdir. Şoňa görä-de, taryhyň täze daş eýýamyndan Türkmenistanyň çäklerinde durmuş pajarlap ösüp, medeni dünýäde täze-täze özgerişler amala aşyrylýar. Bagtyýarlygyň açarynyň ýerde, suwda, tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyşdadygyna paýhas siňdiren parasatly atalarymyz suwa aýawly çemeleşipdirler hem-de onuň täze çeşmelerini gözlemegiň baý usul-tärlerini nesillere miras galdyrypdyrlar. Şolaryň biri bolan käriz ulgamyny döretmek we onuň jana tenekar suwuny ulanmak tejribeleri Türkmenistanyň çäklerinde, esasan, merkezi Köpetdagyň etegindäki etraplarda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň tassyklaýşy ýaly, hatda käriz suwy Ahal obalarynda ekerançylyk ýerlerini suwarmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edipdir.
Gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Paryzdepe ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr. Bu ýerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň birnäçe nesilleri ýaşapdyr we döredipdir. Paryzdepäniň çäklerinde tapylan küýze bölekleri, keramiki turbalar, guýular gazylanda ulanylan gurallar bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly usulynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.
«Türkmen alymlary tarapyndan etnografiýa ylmy barlaglary alnyp barylýan, Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Ürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşýän Şähryslam ýadygärliginiň suw üpjünçiliginde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun obasyndaky kärizler ulgamynyň esasy orun eýeländigi ylmy taýdan esaslandyryldy. Mälim bolşy ýaly, Durun obasy bilen Bäherden şäherçesiniň aralygynda gündogardan-günbatara akyp geçýän Arwaz derýasynyň ugruny yzarlap gidýän Aýnabat, Uzyn, Hüntüş, Ýyly suw, Egri, Geçiniň kärizi, Goturyň kärizi, Göwdüş, Durun, Şorja, Gargyly, Pantyş, Garajanyň kärizi, Çopanyň kärizi, Çaharynun, Garahan kärizi ýaly kärizler bar.
Şeýle kärizleriň köpüsi Bäherden etrabyndaky Mürçe obasynyň töwereginde duş gelýär. Olar Köne Mürçe, Täze Mürçe (Janabat), Ahran, Melewi, Dosbagy diýlip atlandyrylýar. Sünçe obasynda hem birnäçe gadymy kärizleriň yzlary bar. Olaryň köpüsiniň suwy häzirki döwürde hem ulanylýar. Şoňa görä-de, atalarymyzdan miras bolup gelen bu täsin suw desgasyny etnografiýa taýdan öwrenmek hem-de onuň aýratynlyklaryny, halkyň durmuşyndaky we ruhy dünýäsindäki ornuny ýaş nesillerimize ýetirmek, şeýlelik bilen milli gymmatlyklarymyza hormat-sarpany we atalarymyzyň ruhuna ygrarlylygy terbiýelemek şu günki ylmy ulgamyň öňünde durýan wajyp wezipeleriniň biridir.
Türkmenistanyň käriz desgalaryny öwrenmekde häzirki wagta çenli ençeme ylmy-gözleg işleri geçirildi. Hususan-da, XX asyryň birinji çärýeginde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun obasynyň töweregindäki ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligi desgalary öwrenildi. Maddy medeniýetiň iň gadymy ýerli ýadygärlikleri bolan kärizlere etnografiýa we sözşynaslyk taýdan häsiýetlendirmekde S.Atanyýazowyň, M.Penjiýewiň işleri ylmy taýdan ähmiýetlidir.
Kärizleriň halkymyzyň durmuşynda iňňän uly ähmiýete eýedigini nakyllardyr atalar sözlerinden hem görmek bolýar. Il içinde aýdylýan ýörgünli sözleriň käbiri şeýle mazmunda berilýär: «Käriz suwy keramat», «Käriz suwy – abu-haýýat», «Käriziň durnagöz suwundan käkiligem ganar, kerwenem», «Käriz suwly – käliň guwly», «Gözbaşy tereň, jalawasy ýaýlagly».
Aslynda «käriz» ýa-da «kärgiz» gadymy türkmen sözi bolup, «suw akabasy üçin ýerasty ötük-geçelge desgasy» diýmegi aňladýar. Belli dilçi alym S.Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlüginde» käriz sözüniň manysyna şeýle düşündiriş berilýär: «Gadymy eždatlarymyzyň paýhasy bilen döredilen bu täsin desganyň ady ýerasty tümeýleri gazyp, olaryň topragyny guýynyň-dikananyň deňine süýräp getirmegi we ony ýokary çykaryp, uzaga dökmegi, şeýlelikde, onlarça metr çuňlugyndaky suwy ýeriň ýüzüne çykarmagy aňladýar». Şu düşündirişden görnüşi ýaly, käriz gurmak üçin dag etekleriniň ýapgyt düzlüklerinde biri beýlekisinden 20−30 metr aralykda guýularyň tutuş ulgamy gazylýar, olardan çykýan suw ýerasty tüm (tümeý)-geçelge arkaly birinden beýlekisine akdyrylýar we suw iň soňky guýudan (jalawadan) ýeriň ýüzüne akyp çykýar.
Kärizleriň taryhy-etnografiýa aýratynlyklary bilen bagly ylmy gözleglerimizde, olaryň gadymy şäherlerimizi agyz suwy bilen üpjün etmekde esasy orun eýeländigi hakynda ýatlap geçilýändigine köp duş gelinýär. Gurluşy taýdan örän çylşyrymly we köp zähmeti: yzygiderli arassalap, dikeldiş işlerini geçirip durmagy, zerur halatynda täze guýulary gazmagy talap edýän käriz suw desgasynyň döreýşiniň bäş müň ýyllyk oguz nesilleriniň geçmişi bilen baglydygyny bellemegimiz zerur. Belli alym W.Bartoldyň pikirine görä, Türkmenistanda käriz suw ulgamy Ahemeniler döwletiniň pajarlap ösen döwründe, has takygy, biziň eýýamymyzdan öňki VI−V asyrlarda döräpdir. Etnograf J.Öwezowyň toplan etnografiýa maglumatlarynda bolsa, Köpetdagyň eteklerindäki kärizler Aleksandr Makedonskiniň türkmen topragyna gelen döwürlerinde gurlupdyr hem-de pederlerimiziň merdanalygy bilen bina edilen bu çylşyrymly suw desgasy meşhur serkerde Isgender Zülkerneýni haýran galdyrypdyr.
Biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllygyň ortalarynda suwaryşyň käriz ulgamynyň ulanylandygy barada anyk taryhy maglumatlar bar. Polibiý Antioha III-niň Günorta Parfiýanyň çöllük etrabynyň içinden geçen ýörişi barada ýazmak bilen bu ýerde suwaryşyň ýeriň aşagyndan çekilen birnäçe ýer guýulary bolan kanallar arkaly alnyp barylýandygyny beýan edýär. Elbetde, Polubiý bu ýerde suwaryşyň käriz ulgamy barada gürrüň edýändigi şübhe döretmeýär.
Arheologlar III−VII asyrlarda hökmürowanlyk eden Sasanylar döwletiniň merkezi şäheri bolan Merw şäherine käriz suw desgasy arkaly suwuň eltilendigini Gäwürgala arheologiýa ýadygärliginiň galyndylaryny öwrenmek arkaly ylmy taýdan tassykladylar.
Türkmen topragynda X asyrda Diýarymyzda käriz suw ulgamynyň giňden ulanylyşy barada belli alym Abu Abdylla Horezminiň (793-nji ýylda aradan çykan) Halyl ibn Ahmediň eserlerine salgylanyp ýazan «Suw diwany» eserinde täsin maglumatlara duş gelýäris. Diwanda suw üpjünçiliginiň milli tejribeleriniň aýratynlyklary barada sözlük berilýär. Onda ýerasty söw-ötük bilen akdyrylýan käriz suwy ulgamynyň «kazima» diýlip atlandyrylýandygy ýazylypdyr.
IX asyrda käriz desgasy – kanat, köplük manysynda kuniý diýlipdir. Şoňa görä-de, Abdylla ibn Tahyr tarapyndan taýýarlanylan karizleriň suwunyň paýlanyşynyň tertip-düzgünini kadalaşdyrýan gollanma «Kitabi al-Kuniý» diýlip atlandyrylýar.
Gadymy Paraw (Serdar) şäheriniň taryhyna degişli orta asyr çeşmelerinde baryp, X asyrda bu ýerde käriz suwunyň giňden ulanylandygy ýatlanylýar.
Tahyrylar nesilşalygyna şalyk eden Abdylla ibn Tahyryň (830−844 ýý.) döwründe käriz suwuny tygşytly ulanmagyň düzgünlerini ýola goýmak maksady bilen, meşhur alym-ulamalaryň, kazyýet ulgamynyň tejribeli hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Kitaby al-Kuniý» atly gollanma ýazylýar. Taryhçy Gardiziniň ýazmagyna görä, şu kitap alymyň ýaşan döwründe, ýagny XI asyrda hem käriz suwunyň paýlamagyň tertibiniň, şeýle hem suw üstünde dörän jedelleri adalatly çözmegiň esasy gollanmasy bolup hyzmat edipdir.
Akademik W.Bartoldyň «Saýlanan eserler» kitabynyň III jildinde Beýik Seljuklar şadöwletiniň ähli ýerlerinde suw üpjünçilik ulgamynyň örän kämil derejede ýola goýlandygyny, şol bir wagtda, käriz suwundan işjeň peýdalanylandygy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Onuň ýazmagyna görä, döwletde suw üpjünçiligine gözegçilik edýän diwan – gözegçilik edarasy hereket edip, «suw diwany» sarp edilýän suwuň mukdaryny, ony sarp edijilerden ýygnanylýan salgyt töleýjileriň sanawyny, salgydyň we suwuň möçberini bellemek ýaly wezipe-borçlary ýerine ýetiripdir. Soltan Sanjaryň döwründe diňe Murgap derýasyna we oazisiň suwaryş desgalaryna hyzmat edýän adamlaryň sanynyň 12 müň adama ýetendigi we olara Merw ýaýlasynyň ilatynyň hasabyna hak tölenendigini XV asyryň taryhçysy Hyfyz-y Abru ýazypdyr.
Görnüşi ýaly, şan-şöhratly taryhymyzyň irki döwürlerinden bäri ekerançylyk ýerleri suwarmagyň dürli görnüşleri, şol sanda käriz suwy arkaly suwaryş tejribesi giňden ýaýrapdyr. Hut şeýle bol suwly akabalaryň ýa-da olardan bölünip aýrylýan ýaplaryň kenarlarynda hem oba hojalyk önümlerini öndürýän ýüzlerçe ululy-kiçili obalar, şäherler döräp, olar esasan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeniýetiň ösen ojagyna öwrülipdir. Şoňa görä-de, şol gadymy oba-kentler ol ýeriň suw akabalarynyň atlary bilen birlikde, söwda-satyk, kerwen ýollary, syýasy wakalara utgaşyklykda taryhy kitaplaryň jümmüşine aralaşypdyr.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.
Категория: Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk | Просмотров: 464 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agamyrat Baltaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]